MAKALA

Taýwan öz bazasynda täze tehnikasyny görkezdi

Taýwandaky TADTE–2019 harby sergisinde ýurduň goranmak senagaty özüniň, ýarym awtomat 81 mm minomýotly ulgam bilen enjamlaşdyrylan täze bronetransporter CM-32 Could Leopard BTR-i bilen tanyşdyrdy.

CM-32 – bu 8×8 bronlanan tigirli awtomobili bolup, Taýwanyň milli goranmak ministrliginiň,  materiallary işläp çykaryş merkezi tarapyndan doly işlenip taýýarlanyldy.

Bronlanan CM-32 ähli proýeksiýalarda 7,62 mm we öňde 12,7 mm bolan ok güllelerden ballistika goragy üpjün edýär. V görnüşi bolan monokok bronkorpusly gurluş mina partlamasyndan goraýar.

Bronlanan awtomobilde 81 mm bolan ýarym awtomat minomýotly ulgamy ýerleşdirilip, maşynyň üstündäki açyk böleginde ot açmaga mümkinçilik berýär. Haçan-da gatnaw wagtynda ol 2 sany bölek bilen ýapylýar. Minomýotly bölek elektro-serwis-ulgamy bilen we atyşygy awtomat ýagdaýda dolandyrmak üçin  ýokary tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, ulgam mehanizm bilen enjamlaşdyrylyp, duşman güýjüni peseldip, atyşygyň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Minomýotly bronlanan awtomobiliň goragyny üpjün etmek üçin öndüriji 7,62 kalibrli pulemýody enjamlaşdyrdy, ol sürujiniň yzynda korpusyň ýokarsynda oturdylandyr.

Bronetransporter CM-32 kuwwatlylygy 450 at güýjüne deň bolan Caterpillar C12-iň dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp, onuň iň ýokary tizligi sagatda 120 km-e ýetýär. Ätiýaç hereketi 800 km tizlige deňdir.

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 101
  • 20.11.2019