MAKALA

Yzyna dolandy

Ýa­po­ni­ýa­nyň “Haya­bu­sa2” kos­mos gä­mi­si Rýu­gu as­te­roi­din­den Ýe­re ta­rap ugur al­dy. Ýa­pon Kos­mos Bar­lag­la­ry Agent­li­gi­niň (JAXA) bu en­ja­my ýe­ne-de bir ýyl tö­we­re­gi wagt­dan, in­di­ki ýy­lyň no­ýab­ryn­da ýa-da de­kab­ryn­da Ýe­re ge­lip ýe­ter. Kos­mos gä­mi­si­niň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li as­man giňişligin­de gal­dy­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär­di. Em­ma ol özü­ne ber­len ýu­muş­la­ry wag­tyn­dan öň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ba­şar­dy. Kos­mos agent­li­gi­niň do­lan­dy­ry­jy­la­ry Ma­ko­to Ýo­şi­ka­wa we Ýui­çi Tsu­da “Haya­bu­sa2”-niň kyn ýu­muş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni bel­le­di­ler. 2014-nji ýyl­yň de­kab­ryn­da uçu­ry­lan kos­mos gä­mi­si ge­çen ýyl bu as­man ji­si­mi­ne ba­ryp ýe­tip­di. Ol gä­mi iki ge­zek Rýu­gu at­ly as­man ji­si­mi­ne go­nup, ol ýer­den nus­ga­lyk top­rak al­dy. Al­nan nus­ga­lyk­lar Gün ul­ga­my­nyň nä­hi­li eme­le ge­len­di­gi ba­ra­da mag­lu­mat top­la­mak­da peý­da­la­ny­lar. Dia­met­ri 1 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Rýu­gu as­te­roi­di Ýer­den 300 mil­li­on km çe­me­si uzak­lyk­da. Bu ara­lyk Ýer bi­len Gü­nüň ara­syn­da­ky uzak­ly­gyň iki es­se­si­ne ba­ra­bar.

  • 31
  • 23.11.2019