MAKALA

Elektrik energiýasy bilen uçar

Dubaýda geçirilen halkara awiasiýa sergisinde elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäniň ilkinji uçary tanyşdyryldy. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi göwrümli uçar geljekde peýda boljak ýolagçy uçarlaryny öndürmekde hem peýdalanylar. “White Lightning” (Ak ýyldyrym) atly uçar Angliýanyň “Condor Aviation” şereketi tarapyndan öndürilipdir. Iki hereketlendirijili uçaryň agramy 375 kilograma barabar. Sagatdaky tizligi 482 km bolan uçara litiýion batareýalary oturdylypdyr. Bu uçar ozal bar bolan adaty ýangyçly uçara meňzedilip dizaýn edilipdir. Bu elektrouçar Ýewropanyň iri awiagurluşyk kompaniýasy “Airbus” tarapyndan guraljak “Air Race E” ýaryşyna gatnaşar. Elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlaryň arasynda geçiriljek ýaryş indiki ýylyň ahyrynda geçiriler. Bu bäsleşik howa gämilerinde “ýaşyl” tehnologiýanyň ýaýbaňlandyrylmagyna we ösdürilmegine goşant goşar. “Air Race E” atly bäsleşigiň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jeff Zaltman bu ýaryşyň täzeçilligi synap görmäge mümkinçilik berjekdigini we elektrik energiýaly syýahata tarap öňegidişligi çaltlandyrjakdygyny mälim etdi.

Mundan ozal, Kanadada suwa gonýan ýolagçy uçarlarynyň hereketlendirijileri elektrik energiýaly motorlar bilen çalşylypdy. Emma dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän uçar noldan öndürilmändi.

 

  • 31
  • 26.11.2019