MAKALA

Şährihaýbaryň täsin nagyşly küýzesi

(Dowamy)

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynyň halkymyza gowuşmagy bilen, halkymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerimize, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy has-da artdy. Gadymy oba-kentleriň, arheologiýa ýadygärlikleriň ýa-da täsin tebigatly künjekleriň atlarynyň manylary we olaryň taryhy aýratynlyklary her bir bilesigelijini içgin gyzyklandyrýar. Etnograflar, dilçiler, arheologlar, taryhçylar, geografiýaçylar öz işlerinde olaryň manysyny açyp, halk köpçüligine ýetirýärler. Ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyş taryhynyň, dürli döwürlerde üýtgeýşiniň sebäpleri köplenç taryhy wakalar, geçmişde yz galdyran pederlerimiziň atlary bilen bagly bolýar. Şeýle täsin we syrly ady göterýän gadymy oguz obalarynyň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Isbirdendir. Bu obanyň adynyň döreýşi bilen gyzyklanýanlaryň arasynda «Isbirdenmi ýa-da Isgender?!» — diýen sowal bilen ýüz tutýanlara häli-şindi gabat gelinýär. Bu sözüň aňladýan manysynyň syrlarynyň henize çenli doly açylmanlygynyň sebäbini gadymy obanyň taryhynyň ylmy taýdan az öwrenilendigi bilen düşündirip bolar. Belli dilşynas S.Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Isbirden adynyň manysy belli däl» diýip ýazypdyr. Ýöne alymyň agzalan kitabynda Isbirdeniň şiwe gepleşiginde «Üsbürden» diýilýändigini, obanyň adynyň edil Bäherden etrabynyň ady ýaly gadymy türkmen sözüdigini beýan edipdir. Ýeri gelende aýtsak, orta asyr golýazmalarynda Bäherdeniň ady «Abherden» («Abhordan») diýlip agzalýar. Onuň manysy «bol suwly, suwarymly ekerançylygyň ösen künjegi» diýmegi aňladýar. Asyrlaryň jümmüşinde çekimsiz «b» harpynyň öňünde «a» — («ä») harpy geçirilip, agzalan etrabyň häzirki ady döräpdir.

Gahryman Arkadagymyz 2016-njy ýylda taryhymyzyň örän ähmiýetli ýadygärlikleriniň biri bolan Paryzdepä baranda, bu gadymy depäniň we onuň töweregini gurşap oturan obalaryň taryhynyň halkymyzyň şöhratly geçmişinde aýratyn orun tutýandygy barada gyzykly ylmy maglumatlary aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen alymlary tarapyndan Paryzdepäniň we Merkezi Köpetdag degresiniň obalarynyň arheologiýasyny, etnografiýasyny, golýazma-edebi mirasyny, ekerançylyk medeniýetini, seýisçilik sungatyny, kärizlerini we gadymy suwaryş ulgamyny, ösümlikler dünýäsini, senetçilik we ruhy medeniýetini öwrenmek bilen bagly köp ugurly ylmy-gözleg işlerini geçirmek ýola goýuldy. Bu meýilnamalaýyn ylmy barlaglaryň çäklerinde Isbirden obasynda hem etnografiýa we arheologiýa gözlegleri amala aşyryldy.

Ýüze çykarylan etnografiýa maglumatlarynyň arasynda, ýaşuly nesliň dilinden ýazylyp alnan «Isbirdende togalanan telpegiňi Ýandaklyagyzdan gözläber» — diýen gadymy aýtgy ünsi çekýär. Munuň iki dürli düşündirilişi bar. Birinjisinde, bu aýtgy irki döwürlerde Isbirden bilen Ýandaklyagyzyň arasyndaky gum etek ýaýlada guralan at çapyşygy bilen bagly döräpdir. Isbirdende çapuwa goşulan atlar Ýandaklyagyz obasyna ýetip, yzyna-pellehana öwrülipdir. Isbirdenden Ýandaklyagyza gaýdýan ýol biraz eňňit bolansoň, öňler «çapuwda telpegiňi gaçyraýsaň, peşmek ýaly ýeliň ugruna togalanyp gum etege sary gaýdýar, onsoň başgabyňy Ýandaklyagyzdaky at öwrüm meýdançadan gözläber» diýer ekenler.

Ikinjisi, irki döwürlerde Isbirden bilen Ýandaklyagyz obalary ösen şäherler bolup, olaryň arasynda saklanan ýakyn gatnaşyk bilen baglanyşdyrylýar. Asyrlaryň jümmüşinde isbirdenlileriň belli bir bölegi bol suwly we bereket-rysgally topragy bolan Ýandaklyagyza göçüpdir. Ýeri gelende aýtsak, XV asyryň ahyrynda –XVI asyryň başynda ýaşap geçen belli şahyr Patyşa Hoja gadymy Isbirden obasynda şahyrlar maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kümmeti häzirki wagtda Köne Ahal obasyndaky Patyşa Hoja zyýaratgähinde ýerleşýär. Alymlar Patyşa Hojanyň çeper döredijiligi, edebi mekdebi, şahsy durmuşy baradaky köp maglumatlary onuň ogly Hasan Nisarynyň (1516-1596 ýý.) «Muzakkiril-ahlab» eserinde öz şejeresi baradaky ýazan maglumatlaryna esaslanyp öwrendiler. Patyşa Hojanyň bize gelip ýeten mirasyny «Gülzar», «Adalat açary» («Miftakyl adl»), «Ýaşaýşyň maksady» («Maksadyl atwar») ýaly eserleri düzýär.

Isbirden obasynyň çetindäki Isbirdenata zyýaratgähiniň galyndylary alymlar tarapyndan öwrenildi. Bu ýadygärlik arheologiýa ylmynda Hyrlydepe diýlip tanalýar. Onuň ady ýadygärligiň üstüne çykmak üçin depäniň daşyndan hyr ýaly aýlanyp çykmaly bolýandygy bilen bagly döräpdir.

Hyrlydepe Aşgabatdan takmynan 50 kilometr demirgazyk-günbatarda, Isbirden obasynyň günorta çetinde ýerleşýär. Arheologiýa ýadygärligi 1970-nji ýyllarda G.Koşelenko, 1985-nji ýyllarda W.Pilipko ýaly belli alymlar öwrendiler. Häzirki wagtda ýadygärligiň yzlary daş-töwereginiň düz meýdanyndan 4-5 metr belentlikde, uzaklardan görünýär. Depäniň günorta-günbatardan — demirgazyk-gündogara tarap giňäp gidýän süýrümtik şekili bolup, onuň tutýan meýdany 87x64 metre barabardyr. Hyrlydepede 1970-nji ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde onuň düýbüniň tutulan wagtyny, antiki döwrüň gülläp ösen, has takygy biziň eýýamymyzdan öňki III-II-nji asyrlar bilen senelendi. Ýöne 1984-nji ýylda ýadygärligiň töwereginde geçirilen ýer sürüm işlerinde oba ýaşaýjylary tarapyndan demir asyryna degişli humuň ikisi tapyldy. Şol sebäpli, 1985-nji ýyllarda ýadygärlikde düýpli ylmy-barlag işleri geçirmek bellenildi. Netijede, Hyrlydepäniň düýbüniň, hakykatdan-da, antiki döwürden has irki, ýagny irki demir asyrynda — biziň eýýamymyzdan öňki II-nji müňýyllykda tutulandygy ygtybarly ylmy tapyndylaryň esasynda anyklanyldy. Gazuw agtaryş işleriniň netijesinde takmynan 900-e golaý küýze önüminiň bölekleri ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň üstünde XIII-XIV asyrlara degişli kümmediň ýadygärlik galyndylary hem-de şol döwre degişli küýze bölekleri saklanyp galypdyr. Bu bolsa Hyrlydepe galasynda şol asyrlara çenli ýaşaýşyň dowam edendigine şaýatlyk edýär.

Arheologlar tarapyndan çig maly, ýasalyş tehnologiýasy, reňki we ýüzündäki nagyşlary örän meňzeş humlaryň, küýzeleriň, güldanlaryň, şakäseleriň we beýleki aşhana gap-gaçlarynyň köpüsi Hyrlydepeden 10 kilometr demirgazyk-günbatardaky Garry Käriz ýadygärliginden hem ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, Kaka etrabyndaky Daşly, Köpetdagyň günbatar eteginde ýerleşýän Goçdepe, Gyrdepe, Bamy we Börme ýadygärliklerinden, şeýle hem Etrek etrabynyň çägindäki Dehistan ýadygärliklerinden Hyrlydepäniň küýze önümlerine meňzeş gap-gaçlaryň bölekleri tapyldy. Bu bolsa, agzalan ýadygärlikleriň ýaşaýjylarynyň arasynda ýakyn söwda, senetçilik we medeni gatnaşyklarynyň saklanandygyna güwä geçýär.

Şu ylmy deliller bize irki demir asyryna degişli Täze Nusaý, Yzgant, Gökdepe, Kaka etrabyndaky Ýelkendepe, Balkan welaýatyndaky Madowdepe, Yzzatguly, Baýramaly etrabyndaky Erkgala, Ýazdepe, Arabalydepe we beýleki oguz şäherlerinde ýaşaýşyň gülläp ösen döwründe Hyrlydepede hem durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň belent sepgitlerine ýetilendigini habar berýär.

Dünýä belli serkerde Aleksandr Makedonskiý Nusaýa gelende Hyrlydepede durmuş gülläp ösüpdir. Eger-de Täze Nusaý bilen Isbirdeniň arasynyň bary-ýogy 50 kilometrdigini nazara alsak, agyr leşgerli grek-rim goşunynyň bir böleginiň Isbirdende düşländigine göz ýetirip bileris. Munuň özi, Isgenderiň yzlarynyň Hyrlydepede — Isbirdenata ýadygärliginde saklanyp galandygyny, hut şoňa görä-de, käbir watandaşlarymyzyň Isbirden obasynyň adynyň Isgenderiň ady bilen taryhy baglanyşygynyň bardygyna ynamynyň belli bir derejede hakykata laýyk gelýändigini tassyklaýar. Elbetde, Hyrlydepäniň taryhy barada has baý we ygtybarly maglumatlary geljekde ýadygärlikde geçiriljek düýpli arheologiýa we etnografiýa gözlegleri ýüze çykarar.

Görnüşi ýaly, gadymy Isbirden obasynyň adynyň manysy hem-de onuň çägindäki Hyrlydepe arheologiýa ýadygärliginiň taryhy bizi gadymyýetiň jümmüşine aralaşdyrýar. Ol şan-şöhratly taryhymyzy dikeltmekde henize çenli ylmy dolanyşyga goşulmadyk ähmiýetli ylmy maglumatlary berýär hem-de irki atalarymyz bilen döwürdeşlerimizi baglanyşdyrýan ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Köne obanyň ady edil halk aýdymlary, haly gölleridir kaşaň binalardaky täsin mazmunly nagyşlar ýaly syrlylygy hem-de ajaýyplygy bilen bizi özüne imrindirýär, bilesigelijiligimizi barha artdyrýar hem-de şöhratly geçmişimize buýsandyrýar.

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär.

  • 43
  • 28.11.2019