MAKALA

Ahalteke bedewini wasp edýän täze tapyndy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. 2019-njy ýylyň 22-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli ýolbaşçylar hormatly Prezidentimizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018—2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar bilen tanyşdyrdylar. Şol gymmatlyklaryň arasynda «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Uly Gyzgala ýadygärliginde ýüze çykarylan atyň üstündäki gaýduwsyz zenanyň keşbi şekillendirilen şakäse ylmy tarapdan aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki ahalteke bedewiniň taryhy bilen bagly islendik tapyndy türkmen tebigatynyň gudraty we ussat seýislerimiziň asyrlardan aşyp gelen atşynaslyk sungatynyň şöhratyna şan goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinjisinde belleýşi ýaly: «Türkmenleriň müňýyllyklaryň jümmüşinde bedewe–dünýädäki iň bir akylly hem gözellik taýdan kämil jandara bolan söýgüsi egsilmedi. Hut şol sebäpli-de, arheologlar tarapyndan Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden tapylýan gymmatlyklarda atyň şekili köp duş gelýär».

Uly Gyzgalada geçirilen arheologiýa gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan köp sanly dürli keramika önümleriň bölekleri seljerilen mahalynda, gadymy döwürlerde döwlüp galan küýze gaplarynyň arasynda, eýlenen şykga laýyndan ýasalyp, endigan bişirilen, iç ýüzünde atyň üstünde oturan zenanyň keşbi şekillendirilen şakäse tapylypdyr. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň pikirine görä, 2013-nji ýylda Uly Gyzgaladan tapylan Anahitanyň şekili, indi bolsa bedewiň üstündäki şa zenanynyň keşbini şekillendirýän bu tapyndy Gyzgala ýadygärliginiň adynyň döremegi baradaky mesele boýunça täze oýlanmalara esas döredýär.

Bu keramika gabyň iç ýüzüniň gyralary ösümlik nagşy bilen «islimi» usulynda bezelipdir. Bezegiň bu görnüşi yslam çeperçilik medeniýetinde giňden ýaýrapdyr. Emma onuň gülläp ösen döwri Beýik Seljuklar zamanasy bilen baglydyr. Gabyň iç ýüzüniň merkezinde ýerleşdirilen atyň üstünde oturan zenanyň keşbi Merkezi Aziýanyň orta asyr şekillendiriş sungatynda örän seýrek duş gelýär. Watan goragyna atlanan zenan şekillendirilen gadymy nusgalaryň diňe käbiri ylymda bellidir. Meselem, atyň üstünde oturan Hytaý şa gyzyny şekillendirýän VIII-IX asyrlara degişli bolan heýkeljik Parižiň Luwr muzeýini bezeýär. Uly Gyzgaladan ýüze çykan bu ajaýyp tapynda kybapdaş bolan ýene-de bir keramika gap geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Merwden ýüze çykaryldy. Ýöne ozal tapylan gabyň ýüzündäki atyň üstünde oturan zenanyň şekili has sada görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Umumulykda, orta asyrlaryň şekillendiriş sungatyna degişli bu çeperçilik-bezeg çözgüdi, hut Merwiň küýzegärlik medeniýetine mahsus bolandygyny bellemäge esas bar. Hünärmenler täze ýüze çykarylan şakäsäniň ýüzüni bezeýän bu surat Gyzgala ýadygärliginiň adynyň gelip çykyşy baradaky rowaýatyň hakyky wakalar bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny çaklamaga esas döredýär.

Ählimize belli bolşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan şakäsäniň içinde erkana seýil edýän iki atyň şekiliniň parçalaryny synlamak bolýar. Olaryň biriniň göwresiniň bilinden yzky bölegi we yzky aýaklary, daňylan guýrugy beýlekisinde bolsa ikinji atyň kellesi, gerşi we öň aýaklary aýdyň görünýär. Gabyň düýbüniň iç ýüzünde dürli reňkdäki atlaryň suratynyň çekilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny hem bellemek gerekdir.

Şu jähtden alanyňda, Gyzgala ýadygärliginde ýüze çykarylan gapdaky atyň suraty çalymtyk ak reňkde bolmagy etnografiýa ylmy taýdan gyzyklydyr.Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan –— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly II-nji kitabynda türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ak atlara aýratyn söýgi we hormat bildirilendigi barada şeýle ýazýar: «Häzirki türkmenlerde bolşy ýaly, parfiýalylar tarapyndan hem bedew uly alada we söýgi bilen gurşalypdyr. Olar, esasan hem, ak reňkli ata aýratyn guwanç bilen seredipdirler. Ak atly gerçegiň şekili Parfiýanyň nyşany hasaplanypdyr».

Häzirki wagta çenli güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa ýadygärliklerinden ahalteke bedewimiziň taryhyny, arkama-arka geçirilip gelinýän seýisçilik mirasymyzy we türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny öwrenmekde ygtybarly tutaryk bolýan tapyndylaryň ençemesi ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Goňurdepeden, Nusaýdan, Köne Sarahs şäherinden, Gökdepe, Akjadepe ýadygärliklerinden tapylan gymmatlyklar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Etnografiýa seljermeleriniň tassyklamagyna görä, atyň suraty çekilen keramika önümleri ýa-da diwar bezegleri hökmünde ulanylan plitajyklar örän seýrek duş gelýär. Ýüzüne atyň kellesi çekilen syrçaly plitajyk Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň çäginden ýüze çykaryldy. Jaýyň diwar bezegi hökmünde ulanmak üçin palçykdan ýasalyp, ýüzi syrçalanan bu täsin gymmatlyk XIV asyra degişlidir. Türkmenistanyň çäklerinde häzirki wagta çenli ýüze çykarylan şeýle gymmatly tapyndylaryň ikisi has meşhurdyr.

Merwdäki Soltangala ýadygärliginden ýüzüne iki atyň kellesiniň biri-birine bakyp duran çeper keşbi suratlandyrylan küýze önümi tapyldy. Bu gapdaky atlaryň suratlarynyň ýüzüne altynyň suwy çaýylyp bezelipdir. Ylmy derňewler bu tapyndynyň XI-XII asyrlara degişlidigini tassyklady.

XX asyryň ortalarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Akjadepe ýadygärliginden Parfiýa döwrüne degişli atyň şekili haşamlanan möhür tapyldy. Ezber küýzegär onda gadymy nusaý atynyň daşky sypatyny — guw boýunly, inçeden uzyn aýakly bedewi şekillendiripdir. Geçirilen deslapky ylmy barlaglara görä, Gyzgaladan ýüze çykarylan atyň şekili çekilen küýze önümi Şähryslamdan tapylan atyň suraty çekilen şakäse bilen döwürdeşdir.

Görnüşi ýaly, türkmen arheologlary tarapyndan «Türkmenistan —–rowaçlygyň Watany» ýylynda Uly Gyzgala ýadygärliginden ýüze çykarylan üstünde şa zenanynyň oturan ak atyň keşbi, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi, türkmen topragynda ösdürilip gelnen milli atşynaslyk sungatymyzyň taryhyny öwrenmekde örän ähmiýetlidir.

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär.

  • 59
  • 30.11.2019