MAKALA

Sarahsdan Änewe çenli

Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy öwrenmek we wagyz etmek barada amala aşyrýan beýik işleri bilen birlikde, bu ugra degişli ajaýyp eserleri ýazmak arkaly bize aýdyň ýol görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda halkara söwda ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçen ugurlary hem-de onuň ugrundaky şäherler, kerwensaraýlar hakyndaky maglumatlar aýratynlykda beýan edilýär.

eýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, öz döwründe gülläp ösen orta asyr şäherleriniň biri-de Sarahsdyr. Onuň saklanyp galan taryhy ýadygärlikleri hakda kitapda gyzykly maglumatlar berilýär. Sarahs şäheri orta asyrlarda Ýakyn Gündogar ýurtlaryny Hytaý bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşipdir. Şol wagtlar Sarahsyň baýlygy galla we mal söwdasyna esaslanypdyr. Sarahsda düýeleriň köpeldilendigi, düýäniň galla bilen bir hatarda, söwda maly bolandygy barada arap ýazary Al-Makdisi öz eserinde belläpdir. Sarahsyň bazary hakynda hormatly Prezidentimiz öz kitabynda: «Şäherde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen söwda kerwenleri goş ýazdyryp, bazarynda adyny tutan harydyň tapylypdyr» diýlip belleýär. Sarahsdan soň söwda ýolunyň bir şahasy Uşturmagak, Tilsitane, Daňdanakan, Genugirt diýen şäherçeleriň üsti bilen gadymy Merwe barýan eken. Ýoluň ýene bir şahasy Sarahsdan soň Mäne, Abiwerd we Änew şäherleriniň üstünden geçip, Nusaýa barypdyr.

Sarahsdan demirgazyk-günbatar tarapa gidilende, ilkinji düşelge Mäne şäheri bolupdyr. X asyrda kiçijik şäher diýlip hasap edilen Mäne XI asyrda dogry meýilnamalaşdyrylan, içki galasy bolan we daşyna gorag diwary aýlanan gülläp ösen şähere öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Mäne babanyň ýaşan döwründe Mäne şäheri ýeterlik derejede bol oba hojalyk önümleriniň mesgeni bolup, onuň bazarlary, kerwensaraýlary hemişe adamly eken. Şäheriň köp ilatly bölegi gönüburçly mähellelere bölünýän eken. Esasy bazar galanyň golaýynda ýerleşipdir. Muhammet ibn al-Minewweriň (Mäne babanyň çowlugy) eserinde şäheriň Idris atly kerwensaraýy bolup, onda 40 sany tereziniň bolandygy bellenilýär. Mäne şäherinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde köp mukdarda bişen kerpijiň, çüýşe önümleriniň, keramika, demir we mis önümleriniň öndürilendigi anyklanypdyr.

Mäne şäherinden ugran kerwenler Abiwerde barýan ekenler. IX-X asyrlarda Abiwerd Nusaý, Dehistan we Mary şäherleri bilen bir hatarda iň möhüm däneçilik ýerleriň, keramika önümçiliginiň uly merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheriň gülläp ösen wagty Seljuk Türkmen döwletiniň hem-de Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň düzümine giren döwrüne gabat gelýär. Şäheriň ösmegine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda hem-de maldarçylyk etraplarynyň golaýynda ýerleşmegi uly täsir edipdir. XI-XII asyrlarda Abiwerd ösen söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheriň senetçilik önümçiligi hakynda hormatly Prezidentimiz: «Şäher ýüpek önümçiligi hem-de eksporty, ýüpek matadan tikilýän eşigiň aýratyn bir görnüşi — zanbaft, şeýle hem künji, künji ýagy bilen meşhur bolupdyr» diýip belleýär. Gülläp ösen ýyllarynda Abiwerdiň iki sany uly bazary bolupdyr. Bazarlaryň biri şäheriň günorta-gündogarynda, beýlekisi demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşipdir. Bazarlarda galla önümleriniň, künjiniň, ýüpek we nah matalaryň, dürli egin-eşikleriň, şaý-sepleriň, ýaraglaryň, keramika we çüýşe önümleriniň hem-de mal söwdasynyň ýola goýlandygyny orta asyr awtorlary öz eserlerinde belläpdirler. Abiwerd köp gowgalary başdan geçiren gadymy şäherleriň biri. Şeýle bolsa-da has giçki döwürlere çenli bu ýerde senetçilik önümçiligi dowam edipdir. Şäherde XIX asyryň başynda hem senetçileriň tutuş mähelleleri bar eken.

Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Änewiň golaýyndaky gadymy depeleriň gündogar tarapynda Parfiýa döwleti zamanynda Gatar atly şäherçe bolupdyr. Ol barada gadymy döwrüň awtory Isidor Harakslynyň eserinde agzalýar. Günorta Türkmenistanyň ýerleriniň temirileriň Horasan döwletiniň düzüminde bolan wagtlarynda bu ýerde täze şäher bina edilipdir. Şäheriň gurulmagy temirileriň Horasan döwletiniň hökümdary Abulkasym Babur bilen baglanyşdyrylýar. Täze şäher Bagabat ady bilen bellidir. XVIII asyryň ortalaryndan başlap, bu şäher Änew diýlip atlandyrylyp ugrapdyr.

Beýik Parfiýa döwleti synandan soň, onuň paýtagty Nusaý şäheri köp wagtlap taşlanan ýagdaýda bolupdyr. Miladynyň V asyrynda sasany patyşasy Peroz (Firuz) bu şäheriň ähmiýetine göz ýetirip, ony gaýtadan dikeldipdir. Şonuň üçin, irki orta asyrlarda Nusaý Şähri-Firuz diýlip hem atlandyrylypdyr. Geografiki taýdan amatly ýerde we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi şäheriň çalt ösmegine ýardam edipdir. VII asyryň ortalaryna çenli Nusaý ýarym özbaşdak hanlygyň merkezine öwrülipdir. Şäheriň özüniň zikgehanasy bolupdyr. IX-X asyrlarda Nusaý miweli baglary we ir-iýmişleri bilen şöhratlanýan ýerleriň biri eken. Nusaýyň deňi-taýy bolmadyk badamjanlary hakynda X asyryň arap alymy Al-Makdisiniň işinde habar berilýär. Onuň işinde Nusaý bilen Abiwerdde ýüpek öndürilendigi, şeýle hem Nusaýyň aw elguşlary we tilki derileri bilen meşhur bolandygy bellenilýär. Şol wagtlarda Nusaýda ýüzüne her hili güller basylan ajaýyp ýüpek, kendir we nah matalar, geýimler we başgaplar taýýarlanylýar eken. Nusaýda arheologiýa barlaglary geçirilende goňşy ýurtlarda öndürilen önümler, şol sanda X-XII asyrlara degişli ýokary hilli hytaý farfory tapyldy. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Nusaýyň halkara ähmiýetli söwda merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.

Milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, onuň öwrenilmegi we wagyz edilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen halkyny ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, tutumly işleri has-da rowaç bolsun!

Rejepguly Annakurbanow,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy.

  • 51
  • 02.12.2019