MAKALA

Abiwerdiň täze gymmatlyklary

Mähriban Diýarymyzyň, mukaddes topragymyzyň gadyr–gymmatyna gymmat goşýan taryhy–medeni ýadygärliklerimizi aýawly gorap saklamak, olary geljekki nesillere abat ýagdaýda miras galdyrmak işini biziň Gahryman Arkadagymyz elmydama üns merkezinde saklap gelýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýadygärlikleri goramak we öwrenmek ulgamynda–da işler gowşamaýan depginler bilen yzygiderli dowam edýär. «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirmegiň 2018 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag arheologiýa ekspedisiýalary öz gözleglerini üstünlikli dowam etdirýärler.

Orta asyr Abiwerd galasynda alnyp barylýan ylmy barlag işleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy şäher baradaky bar bolan ylmy maglumatlaryň täze sahypalaryny ýazmaga mümkinçilikleri döretdi. Şu ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde bu ýerde alnyp barlan işleriň dowamynda birnäçe gymmatly maglumatlar toplanyldy. Abiwerd taryhy medeni döwlet goraghanasynda hereket edýän ylmy rejeleýiş ussahanasynda jemlenen tapyndylary rejelemek we muzeý ekspozisiýasyna taýýarlamak işlerine üstünlikli amal edildi. Şu ýylky alnyp barlan ylmy barlag işleriniň ýene bir üstünlikli tarapy Abiwerdiň töwereginde ýerleşýän köne kärizleriň täze syrlarynyň açylmagyna mümkinçilik döretdi.

Günorta Türkmenistanyň dag etek sebitlerinde örän irki döwürlerden bäri oturymly ýaşan biziň ata-babalarymyz tebigy suwlardan-derýalardan, çeşme-çaýlardan, akar bulaklardan, köllerden, sil suwlaryndan maksadalaýyk hem tygşytly peýdalanmagy başarypdyrlar. Suw ýetmezçiligi ýüze çykan halatlarynda tebigy şertlere görä guýy gazmak, sil suwlaryny oýtaklara gönükdirip düme ekin ekmek, kak gazmak, käriz ulgamyny döretmek ýaly sada hem çylşyrymly, oýlanyşykly hem töwekgelçilikli işlere ussatlyk bilen amal edipdirler.

Dag etegindäki çeşmeleri, ýerasty suwlary ekerançylyk üçin ýaramly sähra ýerlere ýitgisiz ýetirmegiň we peýdalanmagyň gadymy täri bolan käriz hem kärizgenleriň iş usullary hakynda ozal hem köp makalalar, ylmy-derňew işleri, çeper eserler ýazyldy, emma şeýle-de bolsa, taryhy nukdaýnazardan bu gyzykly hem peýdaly iş usulynyň mälim bolmadyk käbir syrlary hakynda söz açmaga täze açyşlar, täze toplanan maglumatlar esas döredýär.

Bizde bar bolan maglumatlara görä, geçen asyryň 20 — 30- njy ýyllarynda Türkmenistanda (Bäherden, Gökdepe, Aşgabat, Kaka etraplarynda) 300-den gowrak käriz hereket edipdir. Şolaryň15-e golaýy Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna degişli hasaplanylýar. 2019-njy ýylda Kaka şäheriniň günorta-günbatar çäginde ýerleşýän, XIX asyra degişli Ýüzbaşy kärizi diýlip atlandyrylýan köne käriziň geçen ugrunda täsin açyş edildi.

Mälim bolşy ýaly, käriz ulgamynda dag eteginden aşak gaýdan hatar guýulara dikana diýilýär. Şol guýular ýerasty ýap bilen birikdirilýär. Iki guýynyň arasyny birikdirýän ýerasty akabany-söwi abat ýagdaýda saklamak üçin kärizbanlar keramiki turba — «güle» diýlip atlandyrylýan täsin gurluşy döredipdirler. Güle ýerasty akabanyň ýykylman, gömülmän saklanylmagyny üpjün edýär. Güläni taýýarlamak we ýerasty akabanyň ýykylmak, gömülmek howpy bar bolan ýerinde gurnamak çylşyrymly hem möhüm iş bolupdyr. Emma şeýle-de bolsa kärizban ussalar bu çylşyrymly işiň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar.

Käriz ulgamynyň gurluşy, gurallary, serişdeleri, tilsimleri hakyndaky ýazgylarda güläniň adatça ýarymaý ýa-da nal şekilli, käbir halatlarda tegelek görnüşde bolýandygy hakynda bellenilýär. Güläniň arça agajyndan üsti tekiz, iki aýakly görnüşiniň bardygy, oňa «palana» diýilýändigi mälimdir. Emma Kaka etrabyndaky Ýüzbaşy kärizinden ýüze çykarylan bu nusgalar ýasalyş görnüşi hem-de kämil durky bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýasalan we ulanylan güleleriň «ýumurtga» şekilli bolmagy onuň daşky we içki basyşa çydamly bolmagyny üpjün edipdir. Şeýle hem bu nusgalaryň göwrüm taýdan uly bolmagy kärizgeniň söwüň içinde arassalaýyş işlerini kynçylyksyz alyp barmagyna mümkinçilik döredipdir. Güleleriň täze tapylan nusgalarynyň biriniň ortaça agramy 15 kg barabardyr. Bu bolsa ony kärizgeniň ýeriň astynda, akabanyň içinde ykjam ýerleşdirmegine mümkinçilik döredipdir.

«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri bu ýerde ylmy barlag- öwreniş işlerini geçirdiler. Abat saklanan güleleriň birnäçe nusgalary goraghananyň muzeý gaznasyna getirildi, rejelenildi we goralyp saklanýar. Güläniň ölçegleri: beýikligi 95 sm. ini 50 sm. galyňlygy 3,5 sm. keseligine ini 25 sm.

Käriz ulgamynyň ugrunda güle ýasalýan we bişirilýän küräniň galyndylarynyň tapylmagy bu ýerde düýpli öwreniş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri etrabyň çägindäki saklanyp galan käriz ulgamlarynyň galyndylaryny hasaba almak, olar bilen baglanyşykly maglumatlary toplamak işlerini dowam etdirýärler.

Bu täze tapylan güleleriň üýtgeşik nusgalarynyň birnäçesi Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine dabaraly ýagdaýda tabşyryldy. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasy bu milli muzeý bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Şu günki güne çenli welaýatymyzyň meşhur gadymy ýadygärlikleri bolan Altyndepeden, Ulugdepeden, Namazgadepeden, Abiwerd galasyndan we beýlekilerden tapylan we rejelenen muzeý eksponatlarynyň ýüzlerçesi şu muzeýe tabşyryldy. Ekerançylyk bilen baglanyşykly bu täze tapyndylar muzeýde öz mynasyp ornuny eýelär.

Ahmet Halmyradow,

«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy.

  • 40
  • 03.12.2019