MAKALA

Fransuz we türkmen sazandalary aşgabatlylara söýgüsini saz bilen beýan etdiler

Maksim Zekini bilen Dawid Bismut geçen ýyl konsert tamamlanandan soň aşgabatlylara ýene bir ýyldan gelmäge wada beripdiler, olar sözünde-de tapyldylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda fransuz we türkmen aýdymçy - sazandalarynyň gatnaşmagynda “Baky söýgi” atly konsert boldy.

Bu Maksimiň Türkmenistana üçünji, Dawidiň bolsa ikinji saparydy. Biz okyjylarymyza bu sazandalaryň döredijilligi barada ozalam gürrüň beripdik, şonda-da ikisiniňem Pariž milli konserwatoriýasynyň uçurymlarydygyny, hünärmenleriň pkirine görä, iň zehinli fransuz pianinoçylarynyň onlugyna girýändiklerini ýatladýarys.

Sazandalar baý saz repertuary, özleriçe aranžirlän sazlary, nusgawy we häzirkizaman eserleri bilen diňleýjileriň ýüregine ýol salýarlar. Ussat sazanda Maksim bir elde – çep elinde-de saz çalyp bilýändigini görkezdi.

Geçen ýylky konsertde türkmen aýdymçylary ýörüte taýýarlyksyz göni çykyş eden bolsalar, bu gezek Bahar Durdyýewa bilen Nury Nuryýew aýdym-saz agşamyny myhmanlar bilen bilelikde taýýarladylar. Aýdymçylaryň ikisem Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýtmak bölümini tamamladylar. Häzirki wagtda Bahar Mukamlar Köşgünde işleýär. Onuň repertuartynda daşary ýurt, rus we türkmen kompozitorlarynyň eserleri bar. Nury Nuryýew – wokaldan sapak berýär, ol Sankt-Peterburgda geçirilen Ýelena Obrazsowa adyndaky ýaş opera aýdymçylarynyň halkara bäsleşiginiň laureatydyr.

“Baky söýgi” konserti Žorž Bizeniň “Karmen” operasyndan bölekler bilen açyldy. Prosper Merimäniň nowellasynyň gahrymany sada serkerde Hoseniň sygan gözeline joşgunly söýgüsi hemem Karmeniň erkinlige hyjuwy pajygaly gutarýar. Bizeniň möwç urýan duýgylary we gabanjaňlyk ejirini beýan edýän sazy diňleýjileriň ýüregini elendirdi we olary ýene-de özüne bendi etdi.

Konsertiň ikinji bölümini fransuz kinofilmlerine saundtrekler düzdi. Mişel Legranyň we Wladimir Kosmanyň “Şerburg saýawanlary”, “Roşforly gyzlar”, “Bum”, “Ussatlaryň ussady” we beýleki kinoeserlerinden sazlar ýerine ýetirildi.

Konsertiň jemleýji üçünji bölüminde Patrisiýa Kaasyň, Jo Dasseniň, Edit Piafyň repertuaryndan meşhur eserler ýerine ýetirildi. Garaşylşy ýaly, ol Şarl Aznawuryň “Sygan gyz” aýdymy bilen açyldy. Şu aýda ady düýnä dolan bu aýdymçy, kompozitor we şahyr 95 ýaşynda dünýäden gaýtdy. Onuň hatyrasyna Maksim Zekini we Dawid Bismut konserte “Baky söýgi” diýip at goýupdyrlar.

Türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň “Uýat eýleýir” we Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Gel, obamyň lälesi” aýdymlary konserte özboluşly röwüş berdi.

Soňra konsertiň alyp baryjysy diňleýjilere duýdansyz sowgat taýýarlandyklaryny aýtdy. Bu ýere gelenleriň köpüsi, elbetde, sazly-drama teatrynyň sahnasynda “Baky söýgi” aýdymynyň aýdyljakdygyny çak edýärdiler. Garaşylyşy ýaly, Bahar Durdyýewa bilen Nury Nuryýew Maksim Zakininiň sazandarlygynda bu meşhur aýdymy ýürek töründen çykýan mähir bilen ýerine ýetridiler. Tomaşaçylar aýdymçylary we sazandalary şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.

Konserti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Fransiýanyň Ilçihanasy we Fransiýanyň medeni merkezi gurnadylar.

Konsert tamamlanandan soň diňleýjiler fransiýaly sazandalaryň daşyny gallap, muşdaklary olardan awtograf alýardylar, sazandalar bilen surata düşýärdiler, sowal baryny berip, özlerinde galan täsirleri beýan edýärdiler...

  • 87
  • 30.10.2018