MAKALA

Geçmişden — geljege

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, TürkmenistanyňTaryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri Maksatnamada görkezilen taryhy-medeni ýadygärliklerde şu ýylyň dowamynda bilelikde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini alyp bardylar. Olaryň iş geçiren ýerleriniň hatarynda Lebap welaýatyndaky Amul we Daýahatyn ýadygärlikleri hem bar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimize habar berildi we Halkara Bitaraplyk gününiň bosagasynda bu gymmatlyklaryň ýurdumyzyň iri muzeýlerine tabşyryljakdygy aýdyldy.

Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklaryň bir bölegi düýn dabaraly ýagdaýda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Bu dabara muzeýde guralan «Şöhratly taryhymyzyň öçmejek ýaňy» atly ylmy-okuw maslahaty bilen utgaşdy.

Ady agzalan milli müdirlikden, Taryh we arheologiýa institutyndan, «Kerki», «Merw» taryhy we medeni ýadygärlikleri goraýan döwlet goraghanalaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen dabarada türkmen arheologlarynyň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň 120-ä golaýy welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gowşuryldy. Gymmatlyklaryň hatarynda möhür, metal guşak, şaýy pullary, gap-gaçlaryň bölekleri we beýlekiler bar.

Alymlar gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ösen medeniýetiň gymmatly yzlaryna gabat geldiler. Mysal üçin, Amul galasynyň aşaky gatlaryndaky käbir yzlar orta asyrlarda bu ýerde kämil sowadyş we ýyladyş ulgamyndan peýdalanylandygyny görkezýär. Dikeldiş işleri alnyp barylýan Daýahatyn kerwensaraýyndan tapylan taryhy gymmatlyklar bolsa, has täsindir.

Şöhratly taryhymyzyň Lebap topragyndaky yzlary barada muzeýde geçirilen ylmy-okuw maslahatynda giňişleýin gürrüňedildi. Alymlar bu gymmatlyklary iň ýakyn geljekde ilik-düwme öwrenmegi meýilleşdirilýärler. Eýýäm käbir tapyndylar babatynda ilkinji çaklamalar öňe sürülýär. Taryhy gymmatlyklary öwrenmek işlerine Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu baýry ýokary okuw mekdebinde mugallymçylygyň beýleki ugurlary bilen bilelikde taryhçy hünärmenler hem taýýarlanylýar.

Ylmy maslahatyň iň täsirli çykyşlary we bu gymmatlyklar bilen bagly ylmy derňewleriň netijeleri boýunça ýörite kitapça taýýarlanylar. Bu maglumatlar ýaş taryhçylar üçin gymmatly gollanma öwrüler.

Agageldi Italmazow.

  • 34
  • 06.12.2019