MAKALA

Merwiň orta asyrlardaky danyşment-alymlary we şahyrlary

Halkymyzyň, ata-babalarymyzyň köp asyrlap arzuwlan zamanasy bolan Garaşsyzlyk eýýamynyň başlanmaklygy bilen milli taryhymyzy we medeniýetimizi doly öwrenmäge uly mümkinçilik açyldy. Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynyň başlanmaklygy bilen bolsa, baý taryhymyzy, milli mirasymyzy ylmy esasda doly we dogry öwrenmeklik, dikeltmeklik hem-de ony dünýä ýaýmaklyk işi has hem uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen halkynyň dünýä halklaryny haýrana goýýan baý taryhy bar.

Orta asyrlarda hem biziň topragymyza syýahat eden ýazarlar, jahankeşdeler Nusaý, Dehistan, Köneürgenç, Amul, Abywerd, Sarahs ýaly, şäherler bilen bir hatarda Merwiň hem gülläp ösendigini, onuň baý medeniýetiniň bolandygyny, ylym we medeniýet ojagy hökmünde dünýäde uly orun eýeländigini ýazyp galdyrypdyrlar.

IX asyryň başlaryndan başlap, halyfatlyk üçin Merw şäheriniň ähmiýeti has hem artyp başlaýar. Belli halyf Harun ar-Reşidiň ogly al- Mamun Merwde ýaşan döwri resmi taýdan oruntutar halyf diýlip yglan edilýär. Merw 813-nji ýyldan başlap, alty ýyltutuş halyflygyň merkezi şäheri bolýar.

Merwiň orta asyrlar döwrüni öwrenen alymlar P.G.Bulgakow, B.A.Wahabowa al-Mamun döwründe eýýäm Bagdatdan belli alymlaryň Merw şäherine gelip başlandyklaryny, şol döwürde Merwde belli kitaphanalaryň ençemesiniň bolandygyny, Merwde düýpli bilim alan arap alymlarynyň Bagdatda, Damaskda, Yspyhanda, Gaznada, Müsürde we gündogaryň beýleki meşhur şäherlerinde ylmyň dürli ugurlaryndan sapaklar berendiklerini we ylmy-barlaglary alyp barandyklaryny ýazýarlar. Merwde ýaşan halyf al-Mamun Bagdatdan Merwe ylmyň dürli ugurlary boýuna juda köp kitaplary getirdendigini, Merwde hem ylmy açyşlar üçin alymlara ençeme kitaplary ýazdyrandygyny taryhçy alymlar aýratyn belläp geýçärler. Şol döwrüň uly döwletleriniň biri bolan Wizantiýanyň hem köp ýerleri halyflyga tabyn bolupdyr we özüniň salgyt pajyny töläpdir. Şonda halyf al-Mamun Wizantiýadan pajyň bellibir bölegini pul, bellibir bölegini bolsa, diňe dürli görnüşli kitaplar görnüşinde alypdyr. Halyf al-Mamun şeýdip juda köp sanly kitaplar toplapdyr. Şol kitaplaryň bir bölegini Bagdatda goýup, ol ýerde şol miraslaryň-kitaplaryň hasabyna «Bilimler öýüni» döredipdir. Kitaplaryň galan bölegini bolsa Merw şäherine getirdipdir. Şeýlelikde, Merw şäherinde orta asyrlar döwrüniň dünýä belli baý kitaphanalarynyň düýbi tutulypdyr.

Bu barada halyflygyň taryhyny öwrenen günbatarly alymlar K.Bosfort we Len Pul gymmatly maglumatlary berýärler.

Halyflyk döwründe Merwde meşhur lukman we alym hökmünde tanalan Barzuýe lukmançylyk ylmyna degişli ençeme işleri ýazypdyr. Ol Bagdatdan Merwe getirilen günbatar awtorlarynyň ýazan ylmy kitaplaryny okap öwrenipdir we şondan soň ol lukmançylykda ençeme tejribeleri geçiripdir. Ol geçiren ylmy-barlag tejribelerini ylmy işler hökmünde ýazga geçiripdir.

Barzuýe özüniň galamynyň astyndan dörän ylmy kitaplary öz şägirtlerine köp mukdarda göçürdipdir hem-de olary şol döwrüň meşhur şäherleri bolan Bagdada, Buhara, Samarkanda, Nusaýa, Sarahsa, Köneürgenje we beýleki şäherlere ýaýradypdyr. Alymlar belli lukman Ibn Sinanyň hem Barzuýeniň ylmy işlerini ürç edip öwrenendigini ýazýarlar. Halyflar meşhur alym Barzuýeniň ýazan işlerini juda gowy görüpdirler. Orta asyrlaryň meşhur taryhçylary Istahri we Kazwini bu meşhur şahsyýet barada öz işlerinde ýatlaýarlar.

Taryhçy Istahriniň ýazmagyna görä, Barzuýeniň adamçylyk sypaty örän beýik bolupdyr, ol lukman, alym hökmünde hiç kimiň göwnüni ýykmandyr, öz zamanasynda adamlaryň juda köpüsiniň kesellerini bejermek bilen, tebibiň jana-jan wezipesi halka adamkärçilikli hyzmat etmek bolmalydyr diýip, hasap edipdir. Alym Barzuýe öz bilimlerini we dünýägaraýşyny giňeltmek üçin Hindistana hem gidipdir we şol döwrüň meşhur «Kalila we Dimna» atly basnýalar ýygyndysyny sanskrit dilinden pehlewi diline terjime edipdir. Ondan başga-da ol hindistanly we günbatarly meşhur lukman alymlaryň ylmy işleriniň ençemesini hem terjime edipdir.

VII asyryň ahyrlarynda we VIII asyryň başlarynda Merwde ýaşap geçen Barbut saz äleminde meşhurlyga ýetipdir. Ol Hysrow II Perweziň baş sazandasy bolupdyr. Barbuta il arasynda Pahlabat (batyr) hem diýýärler. Ol saz toplumyna degişli birnäçe ylmy eserleri hem döredipdir. Günbatarly alymlaryň pikiriçe, Barbutyň döreden sazlary adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna we lezzet almagyna bagyşlanypdyr. Barbutyň saz älemindäki şöhratynyň artmagy bilen halyflar ony Bagdada hem çagyryp başlapdyrlar. Ol Bagdatda bolan wagtlary şowhunly däl-de, ýöriş (marş) tipli sazlary döredipdir. Ol Samarkantda, Buharada, Nusaýda, Nişapurda we beýleki şäherlerde halk mähelleli ýerlerde köp çykyş edýär ekeni. Halk arasyndaky rowaýatlara görä, ol her ýylda 360 mukam döredipdir. Barbutyň döreden sazlary-mukamlary halk eposynyň gahrymanlaryna, halk aýdymlaryna, taryhy rowaýatlara, halk baýramçylyklaryna, durmuş şatlyklaryna, tebigatyň gözelliklerine we beýlekilere bagyşlanypdyr. Ol ömrüniň köp bölegini Merwde geçiripdir.

(Dowamy bar)

Meretguly Öwlýägulyýew, Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.

  • 42
  • 09.12.2019