MAKALA

Taryhymyzyň şöhratly sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň: «Medeni miras we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşlara söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir» diýen manyly sözlerinden ugur alyp, bu uly öňegidişlikde halkymyzyň baý, buýsançly milli mirasyna sarpa goýup, beýik pederlerimiziň ruhy, mähri, yhlasy siňen mähriban Watanymyzy beýgeldip, geljek nesillere ýetirmek işlerine gatnaşmak we goşant goşmak döwletli işdir.

Halkymyz uzak taryhyň dowamynda uly-uly döwletlerini gurup, dolandyryp, niçeme maddy we ruhy gymmatlyklary döredipdir. Ýurdumyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we hereketlendiriji güýji bolupdyr.

Parfiýa şalygy şalaryň şasy adyny alan meşhur Ärsak şa tarapyndan döredilýär. Parfiýanyň paýtagty Nusaý bolýar. Hytaý we Ýakyn Gündogar bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýlupdyr we ösdürilipdir. Parfiýa Beýik Ýüpek ýolunyň howpsuz hereket etmeginde wajyp orny eýeläpdir. Parfiýa şalygy özüniň 500 ýyllyk taryhynda dünýäniň, iň uly şa döwletleri bolan Rim imperiýasy we Kuşan şalygy bilen bäsleşip bilipdir.

Parfiýa şadöwletiniň şäherleri, belent köşkleri, agyr goşunlary, Nusaý atlary, dünýäde ýok ritonlary, şekil siňdirilen gap-gaçlary, ekerançylygy göreni haýran edipdir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ata-babalarymyz Parfiýa, Seljuklar we başga-da birnäçe gadymy dünýä medeniýetiniň mirasdüşerleridir.

Irki döwürde S.B.Kolesnik atly alymyň ýolbaşçylygynda çap edilen «Sowetskiý Soýuz. Turkmenistan» atly kitabyň (Moskwa, 1969 ý.) 60m — 61-nji sahypasynda şeýle taryhy ýazgylar bar: «Parfiýa biziň eýýamymyzdan öňki III müň ýyllykdan başlap, takmynan, 500 ýyllap uly şadöwletligini saklap, Hindistandan we Pars aýlagyndan tä Ortaýer deňzine çenli uzalyp, dünýäde örän uly kuwwatly şadöwlete öwrülip, köp halklaryň ykbalyna täsir etmekde möhüm orun eýeläpdir» diýlip bellenilýär. Kitaba salgylanylanda, Parfiýanyň halkymyzyň kemala gelmegine, türki topara degişli bolan günorta oguzlaryň diliniň ösmegine oňyn täsirini ýetirendigini görmek bolýar.

Alym Öwez Gündogdyýewiň «Türkmen baýdaklary» (Aşgabat, 2003 ý.) atly kitabynyň 7 — 8-nji sahypalarynda: «Iki müň ýyl geçenden soň, biz bu nyşanlara Günorta Türkmenistanyň şol öňki ýerinde duşýarys — Olar Parfiýa hökümdarlarynda halanýan nyşanlar bolupdyr. Şaýlyklarynyň ýüzünde ýarymaý we sekiz şöhleli ýyldyz görnüşdäki şekil bar. Bürgüt guşlarynyň şekili bolsa, harby gylyçlaryň saplarynda, galkanlarda, şaýlyklarda hem bar. Şu maglumatlara esaslanyp, ýokarda bellenilip geçilen alamatlaryň türkmeniň gadymy nyşanlarydygyny aýdyp bolar» diýlip bellenilýär.

Takmynan, 2 müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen Plutarh özüniň «Meşhur grekler we rimliler» atly kitabynyň (Moskwa, 1988ý.) 134 — 147-nji sahypalarynda gadymy Rim serkerdebaşysy Mark Krass we şol döwürde, biziň eýýamymyzdan öňki 53-nji ýylda Parfiýa şadöwletiniň hökümdary Ärsak şanyň goşunynyň şanly ýeňşi barada takyk maglumatlary beripdir. Parfiýalylar Süreniň ýolbaşçylygynda Harran (Karra) söweşinde ýeňiş gazanýarlar. Parfiýa ýene-de birnäçe asyrlap ygtyýarynda galan Beýik Ýüpek ýolunyň Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli aralykdaky esasy bölegini elde saklamagy başarypdyr.

Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda: «Döwrüniň iň güýçli döwleti saýylan Rim imperiýasy bilen beýik Parfiýa döwletiniň arasynda bolan «Harran söweşi» ady bilen taryha giren çaknyşykda ata-babalarymyzyň harby sungatynyň kämilligi subut edilýär» diýip belläp geçýär. Harrandaky söweş halkymyzyň 5 müň ýyllyk taryhynyň şöhratly, möhüm wakalarynyň biri bolup taryha girýär.

Türkmenler (günorta oguzlar) şol gapma-garşylykly döwürde nädip Parfiýa şadöwletini döredip, dolandyryp bildilerkä?! Munuň sebäbini Isgender patyşanyň şalygyndan soň, tutuş sebitde türkmenlerden başga kuwwatly güýçleriň bolmanlygy bilen, Isgender patyşanyň döwründe türkmen ilatynyň, oba-kentleriniň abat, abadan galandygy bilen düşündirmek bolar.

Entek yslam dini ýaýramanka, türkmen atlary özboluşly bolupdyr. Muňa Ärsak, Süren, Aman ýaly adam atlaryny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Häzirki Bagyr obasynyň ýanyndaky Nusaý bäş asyrlap kerwen ýollarynyň asudalygyna we gülläp ösüşine gözegçilik eden gadymy Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty bolupdyr. Muny alymlar «nu» — «täze» (parsça) hem-de «saý» — «jülge» (türkmençe) sözlerinden emele gelen diýip hasap edýärler. Nusaý «köne Nusaý» hem-de «täze Nusaý» diýlip, iki sany uly galadan ybarat bolupdyr. Olaryň aralygyndaky meýdan, töwerek şäher bolupdyr. Nusaýyň hatar bazarlarynda başga ýerlerde tapdyrmaýan seýrek harytlaryň söwdasy gülläp ösüpdir. Nusaý şäheri XII asyra çenli uly şäherleriň hatarynda öz ösüşini dowam etdiripdir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan giňden öwrenilýär, wagyz edilýär we olaryň ýene-de birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin birnäçe maksatlaýyn işler amal edilýär.

Abdylla Berdinazarow.

  • 48
  • 10.12.2019