MAKALA

Simap küýzejikleri

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, medeniýetde, sungatda, şol sanda milli mirasymyzy öwrenmekde, olary aýawly gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alymlaryň hem-de hünärmenleriň alyp barýan işleriniň netijesinde, şanly taryhymyzyň henize çenli mälim bolmadyk syrly sahypalaryny açyp görkezýän arheologiýa tapyndylary hem-de etnografiýa gymmatlyklary yzygiderli ýüze çykarylýar. 2019-njy ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde täze tapylan arheologiýa tapyndylary barada habar berilmegi, bu gymmatlyklaryň taryhy-etnografiýa aýratynlyklaryna hem-de şan-şöhratly taryhymyzy döwrebap ruhda dikeltmekdäki ähmiýetine bolan gyzyklanmany barha artdyrdy. Biz hem şu makalamyzda halypa arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler toparynyň gadymy Abiwerd şäherinde geçiren gazuw-agtaryş işlerinde üsti açylan täsin tapyndylaryndan simap küýzejikleri barada beýan etmegi makul bildik.

Türkmen topragy diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde küýzegärçiligiň iň gadymy ojaklarynyň biridir. Şoňa görä-de eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde küýze önümleriniň dürli maksatlarda ulanylan täsin görnüşleri ýüze çykarylýar. Gadymy oba-kentlerde küýzegärleriň mähelleleri esasan şäher eteklerinde ýerleşipdir. Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde küýzegärlik ussahanalarynyň we olaryň küýze bişirýän küreleriniň Abiwerdiň şäher galasynyň eteginde, ylmy dilde atlandyrylyşy ýaly, Abiwerdiň şähristanynda hem üsti açyldy.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda şähristanyň 130 m2 meýdançasynda geçirilen gözleg işleriniň netijesinde içiniň ölçegi 5,30x3,80 m, çuňlugy 3,0 m töweregi, bişen kerpiçden gurlan, üsti açylan ýerasty desga alymlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu desga inedördül bişen kerpiçlerden gurlupdyr. Onuň içinde demirgazyk-günbatar diwary bilen baglanyşdyrylyp örülen bişen kerpiçlerden ýasalan basgançaklardan ybarat aşaklygyna düşelge edilipdir. Ýerasty jaýyň üç gat bişen kerpiçden ybarat düşeginiň gündogar burçuna golaý ýerinde ölçegi 45x50 sm dörtburç çukur ýasalypdyr. Ýerasty desganyň diwarlarynyň ýüzüniň galyň genç gatlagy bilen mäkäm suwalmagy, düýbüne 3 gat bişen kerpiçden düşek edilmegi onuň önümçilik maksatly desga bolandygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, desgalaryň 3 gat kerpijiň arasyna galyň genç gatlagyny goýup düşeklemek binagärlik usuly esasan, sardobalaryň gurluşygynda ulanylyp, ol ätiýaçlyk üçin ýygnanan suwuň ýere siňmezliginiň öňüni alýar.

Ýerasty desganyň golaýynda, onuň bilen baglanyşykly 2 özboluşly ojak hem ýerleşipdir. Olaryň biri tamdyr kysymly bolup, ol 2 gatdan ybarat. Ýokarky gatyň görnüşi häzirki zaman tamdyrlaryna meňzeş, aşaky gaty silindr şekilli tegelek küýzeden ybarat. Ikinji ojak-peç süýnmek-tegelek şekilli, içi ýarty kerpiçlerden örülen diwarjyk arkaly iki bölege bölünipdir. Onuň diwarlary we ýanaşyk ýerleriniň topragy oduň täsirine gyzarypdyr, diwarynyň daşyndan aýlanan toýun gatlagynyň kä ýerleri ýanyp, keramika öwrülipdir. Bu alamatlar ojak-peçde güýçli oduň yzygiderli ýakylandygyny äşgär edýär. Ýerasty desganyň gurluşyna birnäçe düzümiň jemlenmegi bolsa, onuň ussahana bolandygyndan habar berýär. Şol bir wagtyň özünde bu toplumda ýüze çykýan tehniki täzelikleri özleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak işleriniň alnyp barylandygyna güwä geçýär.

Desganyň içi we töweregi arassalananda dürli görnüşli küýze gaplarynyň, şol sanda arheologlar tarapyndan «simap küýzejigi» diýip atlandyrylýan kiçijek gaplaryň onlarçasy tapyldy. Abiwerd şäherinde şeýle küýze gaplaryň we olaryň zaýalanan nusgalarynyň köp sanlysynyň tapylmagy, şäheretekdäki senetkärleriň ýaşan ýerlerinde duş gelmegi, olaryň hut şu ýerde ýasalandygyna şaýatlyk edýär. Alymlaryň pikiriçe, bu önümçilik toplumynyň üstüniň açylmagy biziň ata-babalarymyzyň orta asyrlarda lukmançylykda we zergärçilikde giňden ulanylan simaby öndürmek ýaly çylşyrymly önümçiliklerden hem baş çykarandyklaryny görkezýär.

Simap küýzejikleri Merwde, Dehistanda, Şähryslamda, Köneürgençde we beýleki ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýokarda agzalan şäherlerde edil Nusaýdaky, Amuldaky, Abiwerd şäherindäki ýaly VIII-IX asyrlarda küýze önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda simap küýzejiklerini-de öndürmäge girişilýär. Munuň özi, ХI asyrdan başlap bazar gatnaşyklarynda sargyt-talabyň artmagy bilen baglylykda hünärmentçiligiň ösmegi we öndürilýän önümleriň hiliniň we köpdürliliginiň ýokarlanmagy bilen bagly bolsa gerek. Sebäbi, ХII asyrda orta asyr şäherlerinde küýze önümlerini galyplap ýasaýan ýöriteleşdirilen ullakan kärhanalar peýda bolup, onda dürli-dürli gap-gaçlar öndürilipdir. ХII asyryň birinji ýarymynda we ortalarynda ýönekeý suw küýzelerinden ýa-da aşhana gaplaryndan başlap, dürli ölçegdäki güldanlar, çyra gaplary, tagaralar, syrçalanan jamlar, mejimeler, ak reňkli kaşin palçygyndan ýasalan önümleri, şonuň bilen birlikde palçygynyň düzümine dürli ösümlikleriň küli we beýleki minerallar goşulyp ýasalýan simap küýzejikleri öndürilipdir.

Simap küýzejikleriniň göwrümleri uly däl. Olaryň agzy darajyk, adatça 4-10 sm-e barabar, göwresi şar görnüşli, düýbi çürelip gidýän, boýy 8-30 sm töweregi bolýar. Milli küýzegärçilik sungatymyzyň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenen alym zenan S.B.Luninanyň ýazmagyna görä, simap küýzejikleri tegelejikler, ýürek, sekizlik, gönüburçluk ýaly çyzylyp bejerilen ýönekeýje nagyşlar bilen bezelipdir. Abiwerd şäherinden täze ýüze çykarylan simap gaplarynyň ýüzünde ýapraklary tegelejikler bilen alamatlandyrylan çopantelpek gülüniň şekilini synlap bilýäris. Görnüşi ýaly, abiwerdli küýzegärler öz gezeginde gap-gaçlaryň ýüzündäki bezeg nagyşlarynyň hiliniň gowulaşmagyna we many taýdan baýlaşmagyna aýratyn ähmiýet beripdirler.

Simap küýzeleriniň bişirilişiniň hem aýratyn tehnologiýasy bolupdyr. Halypa arheologymyz T.Hojanyýazowyň «Beýik seljuk-türkmen döwletiniň medeniýeti we ykdysadyýeti» atly monografiýasynda ýazyşy ýaly, simap küýzejikleriniň diwarlary örän galyň bolup, aýratyn ýokary gyzgynlygy üpjün edýän ýörite usulda bişirilipdir. Olar bişirilende küräniň içindäki gyzgynlyk kem-kemden artdyrylyp palçyk ergin hala ýetip başlanda ýuwaş-ýuwaşdan sowadylypdyr.

Arheologiýa ylmynda «simap küýzejikleri» nämä niýetlenendigi we nirede ulanylandygy barada ýeke-täk pikir ýokdur. Mysal üçin, M.Ý.Masson şeýle gaplaryň örän gymmatly, kümüş ýalpyldyly ak metalyň ergini bolan simap saklamak üçin ulanylypdyr diýse, alymlaryň bir topary Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenlerde ýakymly, hoşboý ysly atyrlary, lukmançylykda ulanylýan melhemleri daş ýerlere äkitmek üçin söwdagärler ulanypdyr diýýärler. Emma belli azerbaýjan alymy A.S.Ýunusow simap küýzejikleriniň diwarlaryna siňip galan suwuklykda geçiren himiki barlaglarynyň netijelerini beýan edýän «Azerbaýjanda orta asyrlarda ulanylan ýaraglar» atly ylmy makalasynda simap küýzejikleriniň içine nebit guýlup, ýarylyjy, ýakyjy ýarag hökmünde ulanylandygyny tassyklaýar.

Abiwerd şäherinde tapylan simap küýzeleriniň önümçilige niýetlenilen ýerasty desganyň daş-töwereginden tapylmagy, onuň zergärçilikde altyny we kümşi amalgamasiýa geçirmekde, ýagny magdandan simap arkaly sap metal almak tehnologiýasynda ulanylandygyny tassyklaýar.

Dünýäniň lukmançylyk taryhynda, biziň eýýamymyzyň I asyrynda grek lukmany Dioskoridiň kinowar mineralyny agzy gapakly demir gapda gyzdyryp, gapagyň içki sowuk ýüzünde arassalanan bug görnüşli simaby alandygy we onuň iň az mukdaryny ynsan saglygyny bejermekde ulanylan dermanlyk melhemleri taýýarlamakda ulanandygy mälimdir.

Kinowary tehnologiýa taýdan işlemek usuly arkaly simap öndürmek tehnologiýasyny ata-babalarymyzyň hem ulanandygyny tassyklaýan arheologiýa maglumatlar bar. Mysal üçin, akademik W.Massonyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Ygarly ýadygärliginde geçiren gözleg işleriniň netijesinde XIII asyra degişli ussahananyň üsti açyldy. Bu gadymy obanyň senetkärlerinden bize miras galan iş gurallary, ýag çyralary, kinowardan alnan haly ýüplüklerini boýamakda ulanylan benewşe reňkli boýag we simap suwuklygyny guýmak üçin niýetlenilen küýzejikler biziň pederlerimiziň ussat tehnologlar bolandygyny tassyklaýar.

Bu maglumatlar güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde zergärçilikde, halk lukmançylygynda we beýleki tehniki arassalaýyş hem-de senagat önümçiliginde simabyň giňden ulanylandygyny, şeýle hem onuň örän gymmatly himiki elementdigi sebäpli ýörite ýasalan berk diwarly döwülmezek küýzejiklerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler arkaly dürli ýurtlara ugradylandygyny çaklamaga esas berýär.

Görnüşi ýaly, türkmen alymlary tarapyndan Abiwerd şäherinde ýüze çykarylan simap küýzejikleri şanly taryhymyzyň hem-de milli senetçiligimiziň, lukmançylyk hem-de senagat tehnologiýasynyň taryhyny öwrenmekde henize çenli mälim bolmadyk ençeme täze maglumatlary ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berýär. Ýaş nesillerimiz üçin, göräýmäge ýönekeý palçykdan ýasalan şeýle täsin küýzejikleriň durmuş we tehnologiýa maksatlarynda ulanylyşyny bilmek örän wajypdyr. Olar merdana atalarymyzdan arkama-arka geçip gelýän mirasymyza buýsanjymyzy artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gadymy tehnologiýalary içgin öwrenip, döwrebap talaplara laýyklykda dikeltmekde hem iňňän wajyp ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiziň medeniýetimizi, milli mirasymyzy öwrenmekde we gorap saklamakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin, alkyşymyz çäksizdir.

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär.

  • 43
  • 14.12.2019