MAKALA

Atylla — gahrymançylygyň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly hem ynsanperwer syýasaty netijesinde, türkmen halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, umumadamzat medeniýetine goşan çäksiz goşandyny, milli däp-dessurlarymyzy, merdana ata-babalarymyzyň watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, agzybirlik babatdaky ýol-ýörelgelerini öwrenmäge we ony geljekki nesillere ýetirmäge giň ýol açyldy.

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy ensiklopedik kitaplarynda bellenilişi ýaly, türkmen halky gadymy taryhy, medeni ojaklary, döreden döwletleri, geçmişdäki beýik şahsyýetleri bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. [1,2]. Geçmişde sak, skif, massaget, par, ary, hun, oguz ýaly dürli atlar bilen dünýä at-owazasy dolan türkmen halkynyň şöhratly hem gahrymançylykly taryhy, diňe bir Gündogaryň däl, eýsem Günbataryň hem ylmy jemgyýetçiliginde gyzyklanma döredip gelipdir.

Oguz türkmenleriniň gadymy ata-babalary bolan hunlar baradaky maglumatlar hem dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr. Hunlar, olaryň gaýduwsyz serkerdesi Atylla baradaky taryhy maglumatlar, halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hunlar baradaky maglumatlar b.e. öňki III asyra degişli gadymy hytaý çeşmelerinde duş gelýär. Sogdy dilinde «hwn», mongol dilinde «hünnü, hün güren», hytaý dilinde «sýunnu», latyn dilinde «hunni» diýip atlandyrylan hunlar Merkezi Aziýada örän uly çäkleri öz içine alýan, çarwadarlaryň şadöwletini döreden ilkinji halk hasaplanýar. Hun diliniň türki dillerden gelip çykandygy baradaky ylmy-nazary garaýyşlar alymlar tarapyndan öňe sürülýär [3, 52 53 sah.]. Hunlaryň türki halklardan gelip çykandygy hakyndaky garaýyşlary taryhçy alym Eduard Parker, fransuz gündogarşynas alymy Žan Pýer Abel Remýiza, nemes gündogarşynaslary Ýulius Klaport, Annemari fon Gabaýn, fi dilçi alymy Gustaw Ramsted, amerikan gündogary öwreniji taryhçy Omelýan Iosifowiç Pritsak we beýleki alymlar hem tassyklaýarlar [4.2734 sah.].

Hun döwletini esaslandyran hökümdarlaryň biri Mode han hasaplanýar. Onuň ady hytaý çeşmelerinde Mode, Maodun, Modun, türki dilli çeşmelerde Mete han görnüşlerinde gabat gelýär. Taryhy maglumatlara görä, Mete han b.e. öňki 234-nji ýylda doglup, b.e. öňki 174-nji ýylda dünýeden ötüpdir, 209–174-nji ýyllarda hun döwletine hökümdarlyk edipdir. Mete hanyň kakasy Toumen (Tümen) hem hunlaryň hökümdary bolupdyr, kakasy dünýeden ötenden soňra, Mete han onuň tagtyna geçipdir. Ol söweşiji esgerlerine ok-ýaý atmagy we nyşana urmagy öwredipdir. Mete han şol döwürde Merkezi Aziýada Zerefşan derýasynyň sähralyklarynda ýaşan we hunlar bilen goňşuçylykda oturan sogdy halky bilen parahatçylykly ylalaşyk baglaşypdyr. Emma beýleki bir goňşy oturan dunhu diýlip atlandyrylan gündogarly çarwa halk Mete handan ilki iň oňat atlaryny bermegini talap edýär, Mete han gandöküşikli urşuň öňüni almak üçin olaryň bu talabyny kanagatlandyrýar, soňra olar iň gözel gyzyň berilmegini talap edýär, näçe agyr degse-de, duşmanyň bu islegi hem ýerine ýetirilýär, haçan-da päli ýaman duşman muňa-da kanagat etmän, ýer soranlarynda, Mete han: «Ýer döwletiň binýadydyr, ony bermek bolmaz» diýip, kuwwatly goşun toplap, olara garşy aýaga galýar we duşman goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Ruslaryň gündogarşynas alymy Iakinf Biçurin (1777—1853), nemes amerikan taryhçy alymy Fridrih Hirt (1845—1927) ýaly alymlar Mode hany, ýagny Mete hany Oguz han bilen bir şahs hasaplaýarlar.

Hunlaryň taryhyny öwreniji alym L.Gumilýewiň, şeýle hem K.A.Inostransýewanyň bellemegine görä, hunlar Merkezi Aziýadan Hytaýa çenli aralyklarda ýaýran türki halklaryň neslinden bolup, mongol, koreý, tibet halklarynyň ata-babalary bilen hem gatnaşyk saklapdyrlar. Hunlar ussat çapyksuwarlar bolupdyrlar, hun goşunlarynyň düzüminde 300 müň atly peýkamçylar bolup, olar uzak aralykdan ýaýdan ok bilen nyşana urmagyň ussatlyk bilen hötdesinden gelipdirler. Hytaý döwletiniň hökümdarlary hun hökümdarlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. B.e. 50-nji ýyllarynda hun döwleti gündogar hunlar we günbatar hunlar diýen iki bölege bölünýär.

Günbatar hunlaryň 370-nji ýyllarda ýewropa aralaşmagy bilen, olaryň esaslandyran kuwwatly Hun döwletiniň düzümine beýleki halklar hem giripdir. Ýewropa barýan ýolda hunlaryň öňünden, esasan fin taýpalary çykypdyr. Hunlar Ýewropa aralaşdyklaryça, olaryň düzümine ýewropa halklary has köp goşulypdyr [4.346 sah.]. Atillanyň hökümdarlyk eden döwründe (434—453) gadymy Itil (Wolga) derýasyndan we Kawkazdan, Merkezi Aziýadan başlap, Ýewropadaky iň uly derýa bolan, Şweýsariýa, Awstriýa, Germaniýa,

Fransiýa, Niderlandlar ýaly birnäçe ýurtlary kesip geçýän Reýne çenli aralyklary öz içine alan Hun döwleti ägirt uly kuwwata eýe bolupdyr. Hunlar Taňryçylyk dinine uýupdyrlar. Türkmen halkynyň arasynda giňden ýaýran «Agzybire – Taňry biýr, agzalany gaňrybir», «Ata haky – Taňrynyň haky», «Bermezek Taňrydan – irmezek awçy» diýen nakyllar hem şol döwürlerden gözbaş alýan bolmagy ahmal. Hunlar Güne, Aýa, oda, suwa mukaddeslik hökmünde garapdyrlar.

Hunlar, Hun döwleti we hunlaryň hökümdary Atylla baradaky maglumatlar ýewropaly, esasan hem rimli taryhçylaryň taryhy ýazgylarynda aýratyn orun alypdyr. Gadymy rim taryhçysy Ammian Mersellin (330—395) hunlaryň harby ussatlygyny, daş keşbini suratlandyryp, «... olaryň ählisi berk bedeni, kuwwatly gollary we ýagyrnysynyň ululygy bilen özgelerden tapawutlanyp, haýbatly keşbi bilen howatyrlandyrýar» diýip, belleýär. Şeýle hem ol: «Hunlar edil atyň üstünde ösüp-ulalan ýaly, çydamlylygy hem gaýduwsyzlygy bilen, uzak ýörişlere gidilende, atyň üstünde uklap, dem-dynjyny-da alýar hem-de uzakly gününi bedew atyň üstünde geçirip bilýärler» diýip, ýazýar. Wizantiýaly taryhçy, ýazyjy, filosof, diplomat Prisk Paniýskiý (410—472) ilçi hökmünde hunlaryň hökümdary Atyllanyň huzuryna baranda, gözi bilen gören zatlary barada şeýle beýan edýär: «Haýsydyr bir derýadan geçip, biz uly oba bardyk, ol ýerde uzak aralykdan howalanyp görünýän, howpsuzlyk üçin däl-de, gözellik üçin agaç germew bilen gurşalan, diwarlary ýylmanan agaç tagtalar bilen örtülen giň jaýa bardyk, bu jaý Atyllanyň bolýan jaýy eken.». Ammian Mersellin hunlaryň möhüm ähmiýetli meseleleri özara maslahatlaşyp çözýändiklerine ünsi çekip: «Eger-de, derwaýys işleri maslahatlaşmaly bolsa, onda olaryň ählisi üýşüp, ony ara alyp maslahatlaşýarlar» diýip, nygtaýar [5.435—534 sah.].

Hunlar Atyllanyň harby ussatlygyna, batyrlygyna, edermenligine, gaýduwsyzlygyna, watansöýüjiligine ýürekden ynanypdyrlar, hut şonuň üçin hem Itilden (Wolgadan) Reýne çenli aralykda ýaşan hunlardan başga-da, gotlar, gepidler, bolgarlar, rimliler we beýleki ähli halkyýetler onuň baýdagynyň astynda birleşipdirler.

Gadymy hunlar hem-de Atylla, esasan, ýewropadaky harby-gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, mertligi, söweş hereketlerine, ýagny taktikasyna ussatlygy bilen uly meşhurlyga we şöhrata eýe bolupdyr. Atylla 434–453nji ýyllar aralygynda Reýnden başlap, demirgazyk Gara deňzine çenli aralykdaky taýpalary, halklary hunlaryň şadöwletine (imperiýasyna) birleşdiripdir. Atyllanyň doglan ýyly we ýeri barada maglumatlar biziň günlerimize gelip ýetmändir. Atyllanyň döwürdeşi Prisk Paniýskiniň 448-nji ýyldaky ýazgylaryna görä, Atyllanyň keşbi şol döwürde, saçlary ýaňy çalaryp ugran serkerde hökmünde suratlandyrylýar. Atyllanyň 448-nji ýylda akasirleriň hökümdarlygyna bellän uly ogluna Atyllanyň harby serkerdesi Onegesiýa atalyk terbiýesini beripdir. Bu maglumatlar Atylla V asyryň birinji onýyllygynda doglandyr diýmäge esas berýär. Taryhy maglumatlara görä, Atylla Rim imperiýasynyň paýtagt şäheri bolan Mediolanumy (Milany) eýelände, ýeňiş dabarasy bilen ol ýerdäki imperator köşküne barýar.

Atyllanyň Rimi doly eýelemän, bu ýerden gaýdandygy barada taryhy çeşmelerde dürli maglumatlar berilýär. Rim papasynyň kätibi, ýagny mürzesi Prosperiň ýazyp galdyran maglumatlaryna görä, rim papasy öz döwrüniň at-abraýly rimlileri Awiena we Trigetiý bilen bilelikde, hunlaryň serdary Atylla bilen duşuşyp, gepleşikleri geçirip, ondan ýurdy terk edip, Dunaýdan aňryk geçmegini haýyş edipdir. 512-nji ýyla degişli bolan beýleki bir taryhy çeşmede beýan edilişine görä, rim papasy Atylla bilen geçiren gepleşiklerinde rimli ýesirleriň belli bir mukdarda pul töläp boşadylmagy barada ylalaşypdyr. Atyllanyň Rimden yzyna dolanmagyna onuň geňeşdarlarynyň dünýäniň paýtagty hasaplanýan Rimi eýelese, öň bu paýtagty basyp alan gotlaryň hökümdary Alarihiň keç ýazgydy başyna düşjekdigi baradaky maslahatlary bolupdyr. Çünki gotlaryň hökümdary Alarih dünýäniň paýtagty Rimi basyp alandan soň aradan çykypdyr. Atyllanyň Italiýadan gitmeginiň hakyky sebäbi, şol wakalaryň gözli şaýady bolan Idasiýniň sene-ýazgylarynda ynandyryjylykly beýan edilipdir. Ýagny wizantiýaly imperator Markian tarapyndan Flawiý Aesiýniň baştutanlygynda iberilen goşun, hunlaryň goşmaça güýçleri ýolda düşlän wagtynda olaryň üstlerine çozup, Atyllanyň goşuny bilen olaryň arasyny kesýär. Şeýle hem Italiýanyň çygly deňiz howasy netijesinde, goşunyň arasynda gyrgynçylykly kesel döräp, goşuna howp salyp başlaýar. Taryhçylar hunlaryň Italiýadan gitmegine gyrgynçylykly keseliň aýgytlaýjy sebäp bolandygy baradaky pikir bilen doly ylalaşýarlar.

Atylla dünýeden ötenden bir asyr geçenden soňra, got taryhçysy Iordan öz taryhy ýazgylarynda skifiýadaky hemme taýpalaryň we dünýädäki ähli hunlaryň ýeke-täk serdary hem serkerdesi Atyllanyň geň galdyryjy şöhrat gazanandygyny belläpdir. Hunlaryň serdary baradaky ýatlamalar bütin Ýewropa halklarynyň halk döredijiliginde hem orun alypdyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda german eposlarynyň üsti bilen skandinawiýaly saglaryň halk döredijilik eserlerinde Atyllanyň ady bilen baglanyşykly eserler emele gelipdir. Atylla gaýduwsyz serkerdeleriň sanawynda ilkinji orunlaryň birini eýeläpdir.

 

Myrat Tuwakow,

TYAnyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

  • 36
  • 30.12.2019