MAKALA

Türkmenleriň ýenjiji ýaraglarynyň nusgawy görnüşleri

Türkmen halkyndan çykan hanlar, serkerdeler, begler we alp ýigitler, şonuň ýaly-da hatynlar taryhyň uzak asyrlarynyň dowamynda harby hünär ugrunda ägirt ussatlygy görkezip, dünýä halklaryna nusga bolup gelipdirler. Bu asylzadalar harby hünäre ezber eýe bolmaklyklary bilen, harby çaknyşyklarda döwletine şan getiren taryhyň beýik ýeňişlerini gazanypdyrlar, Ýewraziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň dürli künjeklerinde ululy-kiçili döwletlerini gurup bilipdirler. Olaryň öz döwrüniň diýseň kämil nusgawy ýaraglarynyň eýesi bolandyklaryna taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuw agtaryşlaryň netijesinde çykarylan tapyndylar hem şaýatlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda hem ildeşlerimiziň taryhy ýaraglary barada maglumat bar [1. 84-115s.s.]. Bu makalamyzda ildeşlerimiziň harby kär-mesleginde ulanan ýenjiji ýaraglary barada söhbet etmekçi.

Söweşler, harby çaknyşyklar amala aşyrylanda duşman esgerini ýakyn aralykdan urup seňseletmek ýa-da ýok etmek maksady bilen ulanylan harby gural-enjamlara ýenjiji ýaraglar ýa-da urulýan ýaraglar diýilýär [7. 4s.]. Kütek başy bolan ýenjiji ýaraglar ynsanoglunyň ulanan iň gadymy ýarag nusgalarydyr. Taryhyň has irki döwürlerinde ulanylan ýenjiji ýaraglar — ujy tommaryp duran agaç böleginden edilen ýa-da uzynyrak agaç sapyň deşilen daşyň içine geýdirilip berkidilmegi bilen ýasalan ýönekeý nusgalardan ybarat bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary bu ýaragy ilki aw haýwanlaryna garşy aw ýaragy hökmünde, şonuň ýaly-da, ýyrtyjy haýwanlara garşy goranmak maksady bilen ulanan bolsalar, soňraky zamanlarda garşydaş adam toparlaryna garşy uruş çaknyşyklarynda hem ulanyp başlapdyrlar. Munuň sebäbi, ýenjiji ýaraglaryň ulanmak üçin örän amatly ýönekeý ýarag bolanlygydyr. Taýak şekilli urulýan ýarag mallar bakylanda hem giňişleýin ulanylypdyr. Soňraky döwürlerde ýenjiji ýaraglar kämilleşdirilip berk özenli bürünçden, demirden ýasalyp başlanypdyr.

Ýenjiji ýarag, kesiji ýa-da çapyjy ýarag nusgalarynda bolşy ýaly, tygly we tygsyz taraplarynyň ýoklugy, belli bir tarapyny (mysal üçin, kesýän ýa-da çapýan tarapyny) ulanmaklygyň zerursyzdygy sebäpli, ýagny eliňe nähili alsaň şol hili garşydaşyň gabat gelen ýerine urmaga örän oňaýly bolanlygy bilen tapawutlanypdyr. «Däde Gorkut kitaby» atly oguznamanyň Drezden nusgasynyň 4-nji sahypasyndaky: «...Çalyp keser uz gylyjy muhannesler çalynja çalmasa ýeg, Çala bilen ýigide ok ile gylyçdan bir çomak ýeg, Gonugy gelmeýän gara öýler ýykylsa ýeg...» [9.9s.] görnüşli ýazgyda, kesiji ýarag bolan gylyjy we ýaýa salyp atyp uçurylyp goýberilmek bilen çümdürilmesi amala aşyrylýan oky ulanmaklygy çala bilýän, ýagny ezber ulanyp bilmeýän ýigit üçin ýenjiji ýaraglaryň biri bolan çomagyň beýleki ýaraglardan ulanyşdaky aňsatlygy anyk görkezilýär. Belki bu ýerde «ok» diýilmek bilen, adam penjesiniň daş ýüzüne deri bölegi bilen berkidilen gezligiň uzynlygyndaky we peýkam şeklindäki dürtülýän myh göz öňünde tutulan bolmagy-da mümkin.

Biziň ata-babalarymyzyň taryh menzilleri içinde ulanyp gelen ýenjiji ýaraglarynyň hatarynda şu aşakdaky ýarag nusgalaryny agzap geçmek bolar:

Çomak. Çomak ýenjiji ýaraglaryň meşhur görnüşidir. Çomaklar «jeň çomaklary» we «dabara çomaklary» diýlen iki görnüşde bolupdyr. Has gysga saply, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen hökümdarlyk çomagy bu agzalanlardan has tapawutlanypdyr we ýokary derejelilik, häkimlik nyşanlarynyň biri hökmünde ähmiýetliligi özünde saklapdyr. Çomak sapynyň ýokarky tommuk başy topuň (pökgüniň) sudurynda bolan urulyp ulanylýan ýaragdyr. «Jeň çomaklarynyň» togalanyp duran başynda «çümekler» diýlen çiş tikenler ýa-da çişi bolmadyk tokgaja çykyntgylar çykyp durupdyr, käbirinde hiç çykyntgysy bolmandyr. Çomaklaryň başlary has irki döwürlerde agaçdan ýa-da daşdan ýasalan bolsa, soňra olar demirden ýasalyp başlanypdyr. Tutuşlaýyn haşamly demir çomaklaryň başydyr sapynyň umumylykda demirden guýlan nusgalary-da bolupdyr. Dabara çomaklary demirden edilip, altyn çaýylyp ýa-da beýleki gymmat metallardan edilip, başy dürli zergärçilik daşlary bilen bezelipdir [7. 4s.]. Edebiýatlarda bu sowuk ýaraga şeýle kesgitleme berilýär: «Çomak demir topuzly taýak, bir jeň enjamy, bir hüjüm ýaragydyr» [12. 102s.]. Meşhur «Däde Gorkut kitabynyň» Drezden nusgasynyň 129-njy sahypasynda: «Gaba çomak astynda bogra daýym seniň üçin» [9.58s.] diýilmek bilen, çomagyň başynyň togalak-gaba bolýandygy ýazylýar. Ýene şol nusganyň 236-njy sahypasynda: «Dädem Gorkut himmet gylyjyny (Begiliň-K.B) biline baglady, çomagy omzuna atdy, ýaýy garysyna geçirdi» [9.101s.] diýlen ýazgy bar. «Gorkut ata» eposynda ýokarky setirler şeýle berlen: «Gorkut ata gylyjy ol ýigidiň (Bekeliň-K.B) biline baglady. Çomagy omzuna atdy, ýaýy garysyna ildirdi» [2.134s.].

(Dowamy bar)

 

Kakajan Baýaramow,

Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

  • 27
  • 05.01.2020