MAKALA

Şährihaýbardaky täze barlaglar

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ajaýyp binalary, köşk-eýwanlary gurup, maddy we ruhy gymmatlyklaryň nusgalaryny döredip, gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýradypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni-mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmek, dikeltmek, olary gorap saklamak hem-de geljekki nesillere wagyz etmek ugrunda döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Öz geçmişiňe göz ýetirip, Watanyňa buýsanmak, şöhratly pederleriň Watan öňündäki bitiren beýik işlerine guwanmak, taryhyň yzlaryny çalyp, öz eždatlaryň şejere daragtyny öwrenmek, olar baradaky maglumatlary özüňden soňky nesillere ýetirmek höwesi bilen ýaşamak diňe watanperwer ynsanyň tebigatyna mahsus» diýip nygtamak bilen bizi müňýyllyklara uzaýan baý taryhymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, asyrlar boýy ençeme wakalaryň şaýady bolup oturan, gadymy taryhy galalar arheologlary gyzyk-landyrýar. Geçmişde türkmen topragynda bina edilen galalaryň uly toplumy ýerleşýän gadymy Nusaýyň, Merwiň, Maşady-Misseriýanyň, Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri alymlar tarapyndan ylmy nukdaýnazardan öwrenilipdir.

Şeýle gymmatly ýadygärlikleriň biri-de, Gökdepe şäherinden 10 kilometr demirgazykda, «Gökdepe» daýhan birleşiginiň obasynyň demirgazyk çetinde ýerleşýän Şährihaýbar ýady-gärligidir. Onuň bir tarapynda jaýlar hatar gurap gidýär, başga bir tarapynda bolsa uzap ýatan ekin meýdanlary ummasyz Garaguma gol berýär.

Şährihaýbar ýadygärligini has çuňňur öwrenmek, ýagny bu ýerde ýaşaýşyň başlanan, dowam eden we tamamlanan döwürlerini anyklamak, onuň goranyş desgalaryny, binagärligini, senetçiligini hem-de hünärmentçiligini giňişleýin öwrenmek esasynda arheologiýa barlaglary geçirilip, bu ýeriň oturymly ilatynyň senetçiligine we hünärmentçiligine degişli gymmatly maglumatlar toplanyldy. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan arheologik tapyndylaryň arasynda keramiki gapaklar, şemdanlar, küýzegärçilikde ulanylýan tagan aýaklary, çüýşe önümleri, metaldan ýasalan gurallar, demir çüýler, inçe bokurdakly we jüründikli küýzeler, golçalar, şakäseler, toýundan ýasalan haýwan şekilleri, atyň şekil bölegi, gymmat baha daş, ikbaş daşy, dürli monjuklar ýaly täsin tapyndylar bar. Tapyndylaryň agramly bölegi keramika önümlerinden ýasalypdyr. Şährihaýbarda nakgaşçylyk sungaty ösen derejelere ýetipdir. Keramika önümleriniň we gap-gaçlaryň köpüsiniň dürli reňkler bilen syrçalanandygy muňa şaýatlyk edýär. Ol wagtlar reňk aýratynlygy özüniň täsinligi bilen tapawutlanypdyr. Gap-gaçlaryň düşegi açyk asman reňkinden başlap, goýy ýaşyla çenli dürli görnüşde reňklenipdir. Şeýle hem keramika bölekleriniň arasynda mele, açyk goňur reňklileri hem gabat gelýär. Tapylan käbir şakäselerde gara reňk bilen çekilen gülleriň bolmagy-da haýran galdyrýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan geçen ýylyň güýzünde bu ýerde başlanan gazuw-agtaryş barlag işleriniň ilkinji günlerinde ýadygärligiň düzüm bölekleriniň ölçegleri alyndy we ölçeg meýilnamasy çyzyldy. Şäheriň tutýan meýdany 9 gektara golaý bolup, depe onuň merkezinde ýerleşýär. Gala diwarlary depäniň ähli tarapyny gurşap alypdyr. Gala töwerek gurluşly görünse-de, ol köpburçluk görnüşinde gurlupdyr. Şährihaýbarda alnyp barlan barlaglaryň dowamynda gelnen netijelere görä, ýadygärligiň diwarlary pagsa kerpiçden bina edilipdir. Diwarlaryň gurluş aýratynlygy biri-birinden tapawutly örülipdir. Diwar üçin sarp edilen kerpiçler diwaryň galyňlygyna görä guýlupdyr. Ýüze çykarylan diwarlaryň käbir ýerlerinde ýüzi dürli reňkler bilen syrçalanan keramiki gap-gaçlara we küýze böleklerine, şeýle-de diwara berkidilen küýzeleriň birnäçesine gabat gelmek bolýar. Şol döwürler Şährihaýbarda keramika önümlerine ünsüň güýçlenendigini — suw, ýag, süýt, bugdaý, däne, tüwi ýaly ençeme önümleri küýzelere salyp ulanandyklaryny aýtmak bolýar. Şeýle hem barlaglaryň dowamynda küýzegärçilik ojagynda giňden ulanylýan tagan aýaklary köp mukdarda duş geldi.

Mundan başga-da, bu ýerden keramiki turbadan ýasalan lagym suw geçirijiniň ýüze çykarylmagy bellärliklidir. Ol özüniň gurluş täsinligi bilen tapawutlanýar. Onuň gurluş täsinligi — turbalar biri-biriniň içine jebis geýdirilipdir. Keramiki turba pahsa diwaryň içinden käbir ýerleri aýlawly edilip, bir otagdan beýleki ýanaşyk otaglara geçirilipdir. Munuň ýaly lagym suw turbalaryň ýüze çykarylmagy ol wagtlar Şährihaýbarda ösen medeniýetli ilatyň ýaşandygynyň subutnamasydyr. Şährihaýbarda keramikadan ýasalan önümleriň agdyklyk etmegi küýzegärçiligiň ösen derejelere ýetendigini aýan edýär.

Gazuw barlagyň dowamynda ol ýerden toýundan ýasalan at şekiliniň naşyja bölegi ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan at şekiliniň uzyn aýaklary, syrdam boýny mese-mälim görnüp dur. Toýundan ýasalan atyň daş keşbi ýaşyl reňk bilen syrçalanypdyr. Megerem, ol wagtlar nakgaşlar tarapyndan atyň reňkiniň ýaşyl edilmegi tebigatyň ýaşyl ýaýlasynda sonarlap ýören atyň keşbini janlandyrmak islegi bilen bagly bolmagy mümkin. Bedew at bilen bagly gymmatly tapyndylar orta asyr Şähryslam taryhy ýadygärliginden hem ýüze çykaryldy. Ol ýerden demirden ýasalan at nalynyň hem-de ýüzi syrçalanan at şekiliniň keramika bölegi ýüze çykaryldy. Bu bolsa türkmen topragynda seýisçilik sungatynyň gadymylygyndan habar berýär.

Mundan başga-da, Şährihaýbardan birmeňzeş ululykda daşdan ýasalan ikbaşlar ýüze çykaryldy. Ol bolsa Şährihaýbarda daşlaryň dürli görnüşlerini ussatlyk bilen işlän ussalaryň bolandygyny aňladýar. Daşlaryň ýüzüni ýylmamak, deşmek, oýmak, nagyşlamak, çyzyklamak ýaly täsin usullar bilen işlenendigini bu ýerden ýüze çykarylan gymmatly tapyndylarda hem görmek bolýar. Şährihaýbarda şunuň ýaly daşdan ýasalan ýönekeý gurallaryň duş gelmegi dokmaçylygyň ösendigine we ýüň ýüplükleri egrip işländiklerine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem barlaglaryň dowamynda toýundan ýasalan näbelli, kiçijik haýwan şekiljikleri ýüze çykaryldy. Haýwan şekiljikleri ýaşyl hem-de gök reňk bilen syrçalanyp ýasalypdyr. Gazuw-agtaryş barlagynyň dowamynda, ussanyň işläp bejeren ýasy görnüşli, uçlanyp ýasalan näbelli, metal önümi hem ýüze çykaryldy.

Şährihaýbarda zergärçilik işi bilen meşgul bolan senetçileriň ýaşandygyny mälim edýän tapyndylar hem bar. Barlagyň dowamynda gyz-gelinler üçin gymmat bahaly daşlardan timarlanyp ýasalan owadan reňkli dürli monjuk daşlary ýüze çykaryldy. Monjuk daşlary dürli ölçegde ýasalyp, esasan, ak, gyzyl, ýaşyl, sary, gök, gara ýaly reňkli daşlar peýdalanylypdyr. Ýüze çykarylan daşlaryň içinde gök reňkli monjuk daşy özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz taryhymedeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, dikeltmek we wagyz etmek boýunça milli hünärmenlerimizi taýýarlamakda, ýagny talyp ýaşlary ylma ugrukdyrmakda, olaryň öz ugurlaryndan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakda ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy edaralaryň sazlaşykly işlemelidigini nygtaýar. Şährihaýbar ýadygärliginde alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerine institutyň ylmy işgärleri bilen bir hatarda ylmy edaramyzda önümçilik tejribeligini geçýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa hünäri boýunça bilim alýan talyplary hem gatnaşdylar. Gazuw-agtaryş barlagynyň dowamynda talyplar ýadygärligiň meýilnamasyny we açylan binalaryň çyzgysyny ölçeg kagyzyna çyzmagy öwrendiler. Talyplar gazuw işlerini geçirmegiň düzgünleri we usulyýeti boýunça nazaryýetde alan bilimlerini çuňdan özleşdirip berkitdiler.

Şährihaýbarda geçirilen gazuw-agtaryş barlagynyň dowamynda tapylan keramika önümleri hem belli bir taryhy döwre, ýagny ösen orta asyrlara degişli bolup, esasan, IX — XIII asyrlar bilen senelenýär. Orta asyr taryhçylarynyň we geograflarynyň eserlerinde birnäçe gezek ýatlanylýan Şährihaýbar ýadygärliginde ýaşaýşyň haçan başlandygyny we haýsy döwürlerde dowam edendigini geljekde geçiriljek gazuw işleriniň netijesi takyk kesgitlär. Bu ýerde alnyp barylýan arheologiýa barlaglary orta asyrlaryň şäher gurluşyny, maddy medeniýetini, halkara kerwen ýollaryny we söwda gatnaşyklaryny çuňňur öwrenmäge ýardam berýär.

Perman Halmyradow,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.

  • 35
  • 15.01.2020