MAKALA

Kitap — ruhy baýlygyň gözbaşy

Dünýäniň dürdäne pikirlerini, täsinliklerini özünde jemleýän kitaplar adamzadyň ykbalynda mäkäm orun aldy. Ösen jemgyýet gurluşynda onsuz ýaşamak, işlemek, hereket etmek alsa mümkinem däl. Çünki ähli zatlaryň açylan hem açylmadyk syrlaryny kitap öz altyn sahaplarynda saklaýar. Şeýle gyzyldan gymmatly hazynanyň ýerlikli saklanmagy we halkyň hyzmatynda bolmagy üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uçursyz işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde gurlan täze, döwrebap kitaphanalar hem bu aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Jemgyýetiň sowatly, giň dünýägaraýyşly, bilimli, ylymly bolmagy üçin häzirki wagtda mähriban halkymyza döwrebap döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň iki ýüzden hem gowragy hyzmat edýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, ynsanperwer, halal, päk ahlakly, gaýduwsyz, merdana, edermen, türkmen aslyna wepaly bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilik berýär.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň paýtagtymyzda ýerleşýän  Döwlet medeniýet merkezine barmagy we Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşmagy taryhy waka öwrüldi. Tanyşlygynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet medeniýet merkezindäki kitap sergiler merkeziniň binasyna barmagy, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän kitaplaryň häzirki zaman jemgyýetinde medeni, edebi, aň-paýhas ösüşiniň esasy guraly hasaplamagy, halkymyz baradaky edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasy boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki kitaphanalary ösdürmek meselelerine uly üns berilýär. Netijede häzirki zaman elektron enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanalaryň okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmakda, wagtlaryny tygşytlamakda mümkinçilikleri uludyr. Bu bolsa adamlaryň, aýratynam, ösüp gelýän ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň, ylma bolan gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna uly täsir edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki kitaphanalaryň kitap gorlary yzygiderli baýlaşdyrylyp durulýar. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär we olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaýynyň bardygy aýdylýar.

Milli Liderimizi Döwlet kitaphanasynda kitaphananyň ýolbaşçysy sergi bölümleriniň işi bilen tanyşdyrdy. Kitaphanada ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan, halkymyz üçin ýol-ýörelge bolýan atalyk kitaplary ynsanyýetiň ruhy baýlygyna ýapylan peşgeş bolup, örboýuna galýar. Hormatly Prezidentimize okyjylary hasaba almak, okyjy dolanyşygyny işläp taýýarlamak, zerur maglumatlary elektron ulgamda gözlemek we welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynyň bir bitewi ulgama birikdirilen elektron kitaplaryny okamak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar, internet torlarynyň işjeňlik häsiýetiniň görkezilmegi, dünýä bilen aýakdaş gitmäge we ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga ýardam berýär.

Taryhyň çuň gatlarynda-da türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda aýdylýan öwüt-nesihatlar bilen hem terbiýeländiklerini, kitap üçin hany-manyny gaýgyrmandyklaryny ýazuw ýadygärliklerimiz aýdyňlygy bilen subut edýär. Köpugurly medeni merkezi bolan häzirki zaman kitaphanalarynda döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary geçirmek üçin şertleriň döredilmegi esasy şert bolmagynda galýandygy öz-özünden düşnükli. Hormatly Prezidentimiz Döwlet kitaphanasynda: «Biz kitaplaryň üsti bilen, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris» diýip, aýtdy we kitabyň çagalykdan edep-terbiýe bermekde ähmiýetiniň bardygyny belläp, hut şu nukdaýnazardan kitaphanalaryň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydygyny nygtady hem-de ol ýerde kitabyň gymmat bahaly dünýäsini suratlandyrmagy başaran meşhur ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasyny-da ýatlady.

Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanynda atasy Berdimuhamet aganyň «Akyl sandygyny» diňe bir özüniň däl, tutuş oba adamlarynyň arzylamagy ýöne ýerden däl. Bu halkymyzyň aňyrdan kitaphon halkdygyny we ata-babalarymyzyň «Kitap okan magnydan dok bolar» diýen ganatly setirleriniň müň-kerem mamladygyny äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Janly rowaýat», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly dürdäne eserleri biz — harby gullukçylar üçin nusgalyk gollanmalardyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem döwrebap kitaphanalar uly ähmiýete eýedir. Ata Watanymyzyň serhedini goraýan serhetçileriň dost-doganlyk serhedimizde sak durmagy, olaryň döwrebap harby tehnikalar, enjamlar, harby lybaslar bilen üpjün edilmegi, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýadawsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Serhet birikmeleriniň, serhet galalarynyň täze binalar toplumlarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertlerini gowulandyrýar.

Watanymyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek babatynda durmuşa geçirilýän şeýle özgertmeleriň çäklerinde serhetçileriň gullukdan boş wagtlaryny peýdaly, manyly geçirmekleri üçin serhet birikmelerde, serhet galalarda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän kitaphanalaryň hereket edýändigini bellemek gerek. Kitaphanalar esgerlerde mukaddes borjuna bolan söýginiň, olaryň kasama ygrarlylyk, watansöýüjilik duýgularynyň, ynsanperwerlik, terbiýeçilik düşünjeleriniň kämilleşmegine ýardam berýär. Şol kitaphanalaryň bolsa ýurdumyzyň «Galkynyş» kitap merkezine gerekli mukdarda sargyt edilip, täze çap edilýän kitaplar bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp durulýandygy bellärliklidir. Kitaphanalardaky ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň dürli mowzuklardaky eserleri bilen bir hatarda, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly we beýleki çuň manyly kitaplary serkerdeleriň, esgerleriň ýan kitabyna öwrüldi. Bulardan başga-da kitaphanalarda serhetçileriň öz göwün islän kitaplaryny okamaga, gazet-žurnallar arkaly ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşmaga şertler döredilendir. Goşunda her ýyl geçirilýän «Iň gowy kitaphana», «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly bäsleşikler bolsa, harby bölümlerde we serhet galalarda kitaphanalary, kitaplary aýawly saklamakda, olaryň işini kämilleşdirmekde, harby gullukçylaryň bilimini artdyrmakda, köp kitap okaýanlaryny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Golaýda hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde serhetçiler bilen ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Döwlet kitaphanalaryna gezelençler guraldy. Harby bölümlerde kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda duşuşyklar geçirilip, kitap sergileri gurnaldy. Gezelençlerde we duşuşyklarda bilim we kitaphana işgärleri kitabyň adam durmuşyndaky ähmiýeti, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphana işlerini ösdürmekde geçirilýän çäreler, hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyzyň beýleki tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň many-mazmuny dogrusynda gürrüň berdiler.

Hawa, kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän ornuna ýokary baha bermek, kitaphanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzda ileri tutulýan meseleleriň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kämilliklere tarap gadam goýmagy, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan kemal tapýar.

Kitap ruhy baýlygyň gözbaşy, kämilligiň açary hasaplanýar. Goý, hemişe many dürlerini sahypalarynda saklaýan kitaplary özünde jemleýän kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmakda milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Kamar SAPAROW

  • 65
  • 08.11.2018