MAKALA

Mukaddes borja çagyryş

Her kimde bu ýagdaý başgaçarak bolup geçýän bolmagy-da ähtimal, ýöne meniň harby gulluga çagyrylyşym üýtgeşik, täsirli bolupdy. Deň-duşlarymyz bilen okan ýyllarymyzda öz degişli harby wekilligimize barmalydygymyz duýduryldy. Biz oglanlar bolup bellenen gün aýdylan harby wekilligiň öňündäki meýdançada jemlenişdik. Oglanlaryň ählisi bir zat hakynda mesawy gürrüň edýärdiler. Näme hakda? Elbetde, Watan öňündäki mukaddes borjy berjaý etmek, ene topragymyzy, mähriban halkymyzy janyň-teniň bilen gije-gündiz goramak hakdady. Her kim öz ýanyndan bir zatlaryň meýlini çyzýardylar, harby gullukda hüşgär hem sak durup goramaly ýeriniň öňünden arzuwyny edýärdiler, göz öňüne getirmäge çalyşýardylar.  Harby gulluga çagyrylmak bilen bize pederlerimiziň bagry badaşan ýerlerini, ata-eneňi, aga-iniňi, dosty-ýaryňy, mähriban halkyňy soňky deme çen sak durup goramak ynanylýardy. Onsoň sen özüňi neneň bagtly saýmarsyň, onsoň sen neneň «men bagtyýar zamananyň esgeri» diýip, joşmarsyň! Şeýle ýatdan çykmajak pursatlar biziň durmuşymyzda-da bolupdy, özüniň süýji arzuwlary bilen Watana, il-ulusa wepaly gulluk etmäge çagyrypdy.

Hawa, şu günler hem Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permany bilen ýylda iki gezek – ýaz we güýz möwsüminde on sekiz ýaşyny dolduran raýatlar harby gulluga çagyrylýar. Şu ýyl harby gulluga çagyryşyň güýzki möwsümini ýokary derejede geçirmäge uly üns berlip, welaýat, etrap we şäher harby wekilliklerinde hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri geçirildi. Şonuň bilen birlikde, harby bölümlerde hem harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň esgerlerini kabul etmek üçin ykjam taýýarlyk görüldi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlarynyň, ýagny geljekki ýurt goragçylarynyň harby wekilliklerden harby bölümlere ugradylyşy we olaryň harby bölümlerde duz-çörek bilen kabul edilişi döwrebap dabaralaryň sazlaşygyna utgaşyp gidýär. Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde hem giň gerime eýe bolýar. Ýagny harby gulluga gelen ýaş ýetginjekler harby bölüme gelen ilkinji günlerinden olar bilen ýörite geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, geljekki ýurt goragçylaryny dabaraly ýagdaýda garşy almak, olary harby bölümiň taryhy bilen tanyşdyrmak we beýleki ähli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Bu bolsa iki ýyl harby gulluk borjuny dost-doganlyk serhedimiziň goragynda berjaý etjek ýigitleriň watançylyk ruhuny belende göterýär, olarda ýurt goragyna bolan hyjuwy has-da artdyrýar.  

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir. Bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär» diýip belledi. Bu günki nobatdaky harby gulluga çagyrylan ýurt goragçylary bu jümleleri özlerine ýol-ýörelge edinýärler. Şonuň üçin hem olara mukaddes Watanyň öňündäki gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe üstünlikler ýar bolsun! Şeýle ajaýyp zamanada bahasyna ýetip bolmajak harby özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredýän mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdýarys! Goý, hemişe berkarar Watanymyzyň goýnunda asudalygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdymy joş ursun!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 60
  • 08.11.2018