MAKALA

Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly geçýär

Çeper filmleriň bäşisi we animasiýa filmleriniň biri şu gün paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda açylan ýapon filmleriniň festiwalynyň maksatnamasyny düzdi. 

Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, talyp ýaşlar hem-de dostlukly ýurduň medeniýeti bilen gyzyklanýan we ýapon dilini öwrenýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. 

Festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara 2013 — 2017-nji ýyllar aralygynda ýapon kinematografiýaçylarynyň döreden filmleri görkeziler, şolar iňlis we rus dillerinde beýan ediler. 

Şolaryň hatarynda režissýor Ýudzo Asahariniň “Samuraý aşhanasy hakynda erteki” atly taryhy-çeper filmi, Tasuşi Omoriniň “Seto we Usumi” atly grafiki romanyň hem-de Naoki Miýaharanyň dostluk hem-de täsinliklere ynam barada gürrüň berýän “Popin Kýu” atly animasiýa filmi bar. “Meniň söýgümiň taryhy” atly komediýa hem-de “Saňa ýüzünji gezek aşyk bolýan” atly drama filmi, şeýle hem “Momoiro Clover Z” atly ýapon sazly toparyň kemala gelmegi hakynda gürrüň berýän film tomaşaçylara hödürlener. 

Medeni çäräniň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şunuň ýaly çäreler iki halkyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. 

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guran festiwaly “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda 14-nji noýabra çenli dowam eder.

  • 57
  • 12.11.2018