MAKALA

Kitaphanalar – hazynalar ummany

Kitap okamak, okan kitaplaryň manysyny tirmek ynsana laýyk häsiýetdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip, ýöne ýere aýtmandyr. Kitap ynsan köňlüne ruhubelentlik çaýyp, ýaşaýşa bolan belent söýgüni oýarýar. Şu nukdaýnazardanam hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösmegine aýratyn üns berýär. Muňa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Döwlet kitaphanasynyň sergi zalyna aýlanyp görmegi we ol ýerdäki «Kitap – bilimiň çeşmesi», «Saglygym – baş baýlygym», şeýle-de «Medeni miras» bölümlerinde ýerleşdirilen kitaplar bilen ýakyndan tanyşmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň kitaphanalar ulgamyny ösdürmek, onuň işini has-da giňiltmek bilen birlikde, kitaphanalaryň kitap gorlaryny artdyrmak baradaky sargytlary biziň buýsançly başymyzy belende ýetirdi. Şu buýsançly wakadan ruhlanan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary hem ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şa gadymy düşen Döwlet kitaphanasynda medeni gezelençde bolup, onda ýerleşdirilen kitaplar bilen tanyşdylar.

Söze sarpaly halkymyz kitap bilen ýakyn hemra. Muny kitaphananyň elmydama köp adamly bolmagy-da subut edýär.

Hormatly Arkadagymyzyň ýokary çeperçilige, watansöýüjilige hem ynasanperwerlige ýugrulan kitaplary bolsa, ähli raýatlarymyz bilen birlikde Watanyň polat galasyna öwrülen harby gullukçylaryň hem ýan kitabydyr. «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplardaky watançylyk sargytlar harby gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmegimizde taýsyz gollanma bolup durýar.

Jemgyýetimiziň aň-düşünjesiniň barha özgerýän döwründe serhetçiler hem kitap okamak bilen dowamly meşgullanýarlar. Serhet birikmelerdedir serhet galalarda ýerleşdirilen kitaphanalarda serhetçileriň kitap okamaklary üçin zerur mümkinçilikleriň ählisi bar.

Biz hem harby gullukçylara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden alkyş aýdýarys!

 

Myratgeldi HALLYÝEW

  • 71
  • 17.11.2018