MAKALA

Serhetçi harby talybyň üstünligi

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýar döwrümizde durmuşa geçirilýän umumadamzat ähmiýetli işler özüniň oňyn miwelerini berýär. Şol işleriň çäklerinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge bolan hyjuwlaryna itergi bolýar.

Berkarar ýurdumyzda edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanylan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri hem-de şol özgertmeleriň halkymyzyň durmuşyndaky möhüm ornuny wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygy hem-de işjeňligi bilen tapawutlanan ýaşlar, şeýle-de döredijilik topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri diýlip yglan edildi.

Ýakynda bolsa ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda olara degişli şahadatnamalaryň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Batyr Nobatowyň bolmagy bolsa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli şahsy düzümini begendirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara şeýle serpaýlaryň ýapylmagy olary döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaşlaryň ýurdumyzda, daşary ýurtlarda geçirilýän dürli görnüşli bäsleşiklere gatnaşyp, kämilleşmegine ähli mümkinçilikler bar. Ýaşlarymyz bolsa öz gezeginde şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ähli ugurlarda-da özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýurdumyzyň at-abraýyny arşa göterýärler.

Öz ukyp-başarnyklary bilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan bagtyýar ýaşlarymyza mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Baýraklaryňyz gutly bolsun, mähriban ýaşlar!

 

«Serhet abat — Döwlet abat»

  • 71
  • 18.11.2018