MAKALA

Kitaplarda durmuş hakykaty

Biz ynsan köňüllerine ruhubelentlik çaýýan kitaplara «Durmuş» diýsegem bolýar. Çünki durmuşy wakalaryň çeper beýany kitaplarda jemlenen. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, döredijilikde hem bize nusga bolýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem eserleriniň ählisi durmuş hakykatyny sahypalarynda jem eýläp, okyjyny özüne tiz imrindirýär. Milli Liderimiziň beýleki ajaýyp eserleri bilen bir hatarda, «Döwlet guşy» romany hem şeýle ajaýyp eserleriň biridir.

Arkadag Prezidentimiz kitaba örän uly sarpa goýýar. Şonuň bilen birlikde kitaba mukaddeslik hökmünde garap, onuň derejesini belende çykarmagy sargyt edýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut şu taryhy ýylymyzyň ady bilen adybir «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji we ikinji kitaplary geçmiş-taryhymyzy içgin öwrenmekde gymmatly gollanmalar boldy. Kitaplarda taryhy wakalaryň çeper beýan edilişi, berilýän maglumatlaryň takyklygy, olaryň kämil eserlerdigini aýan edýär. Öňler taryhymyz bilen bagly makalalary ýa-da bolmasa ylmy işleri ýazmaly bolanlarynda ýazyjylarymyz hem alymlarymyz gadymdan galan gollanmalary kän agtarmaly bolýardylar. Indi onuň aladasyny edip oturasy iş ýok. Taryha degişli islendik sowallaryň syrly jogaplary şu kitaplarda bar.

Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüş-özgerişleriň mertebeli menzilleriniň belent münberini nazarlaýan döwründe, ýurdumyzda kitaphanalar we kitaphana ulgamy babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýat merkezleriniň ählisinde gurlup, ulanylmaga berlen kitaphanalar döwrümiziň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Olar häzirki wagtda işjeň hereket edip, okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär. Ylmy we taryhy, çeper kitaplaryň goruny özünde jemleýän kitaphanalarda ýurdumyzyň islendik ulgamynda zähmet çekýän raýatlarymyz ýygy-ýygydan bolup, kitap okap, aň-bilimlerini we dünýägaraýyşlaryny yzygider kämilleşdirýärler. Şu nukdaýnazardanam hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň ösmegine aýratyn üns berýär. Muňa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi zalyna aýlanyp görmegi we ol ýerdäki «Kitap bilimleriň çeşmesidir», «Saglygym — baş baýlygym», şeýle-de «Medeni miras» bölümlerinde ýerleşdirilen kitaplar bilen ýakyndan tanyşmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaphanalar ulgamyny ösdürmek, onuň işini has-da giňeltmek bilen birlikde, kitaphanalaryň kitap gorlaryny artdyrmak baradaky sargytlary biziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz kitabyň nesil terbiýesinde uly orun tutýandygyny bellemek bilen, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilige ruhlandyryjy kitaplaryň üsti bilen ilhalar oglan-gyzlary ösdürip ýetişdirendigini aýtdy.

Halkymyzda kitaba aýratyn gadyr goýulýar. Muny hormatly Prezidentimiz ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda beýan edilýän wakanyň, ýagny Welmyrat aganyň maşgalanyň bar daýanjy bolan ýeke-täk guba düýesini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular kitabyna çalşandygy bilen tekrarlady.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek barada edýän şeýle ajaýyp işlerinden ruhlanan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary hem golaýda Döwlet kitaphanasynda medeni gezelençde bolup, kitaphananyň aýratynlyklary we onda ýerleşdirilen kitaplar bilen tanyş boldular.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dörediji milli Liderimiziň ýiti zehininden syzylyp çykýan gymmatly eserler raýatlarymyzyň söýüp okaýan eserlerine öwrülýär. Hormatly Arkadagymyzyň ýokary çeperçilige, watansöýüjilige hem-de ynsanperwerlige ýugrulan kitaplary ähli raýatlarymyz bilen birlikde, Watanyň polat galasyna öwrülen biz harby gullukçylaryň hem ýan kitabymyzdyr. Has takygy «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplardaky watançylyk sargytlar harby gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmegimizde esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda serhetçiler harby gullugy ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, okamak endigini hem özlerine ýaran edinýärler. Serhet birikmelerdedir serhet galalarda ýerleşdirilen kitaphanalarda serhetçileriň kitap okamaklary üçin zerur mümkinçilikleriň ählisi bar. Olara bu ýerde özlerine gerek bolan kitaplary tapmak birjikde kyn düşenok. Sebäbi harby bölümlerdäki kitaphanalar kitaplaryň dürli görnüşleri bilen ýeterlik derejede üpjün edilen» diýip, bu ýere gelen serhetçiler uly buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Hawa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nazaryndan hiç bir zat sowa geçmeýär. Ösüşiň kämil ýoluna düşen kitaphana ulgamy hem Arkadag Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen belent derejä çykýar. Kitaphanalara kitap okamaga gelýän raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin kitaphon halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary egsilmezdir.

Myratgeldi HALLYÝEW

  • 75
  • 27.11.2018