MAKALA

Watansöýüji nesilleri ýetişdirmegiň aladasynda

Halkymyzda işläniňde döredijilikli işläp, ýaşanyňda medeniýetli ýaşamalydygy hakynda aýtgylar bar. Munuň aňyrsynda kesp edinen käriňe yhlasly ýapyşyp, zähmetiňi gaýgyrman, ýagşy işlere baş goşup, oňat netijeleri görkezmek, soňundan onuň datly eşretini görjekdigiň hakyndaky pikirler dur.                        

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän serhetçiler hem özlerine ynanylan wezipe-borçlaryny üstünliklere beslemäge çalyşýarlar. Gije-gündiz serhet tabşyryklarynda hüşgärligi elden bermän, Watan serhediniň asudalygyny mäkäm goraýarlar.

Gijeleriň ukysyna dözülip, edilen sakçylyk süýji düýşleriň lezzetine berlip ýatan millionlarça ykballaryň rahatlygyny üpjün edýär. Şeýle haýyrly işleri Watany goramak ýaly mukaddes borjuň üsti bilen amala aşyrýan ezber ýigitleriň watansöýüjilik duýgusyny has-da ýokarlandyrmak döwrümiziň iň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. Şu maksat bilen Watan goragçylaryny has-da ruhlandyrmak üçin serhet birikmelerdedir serhet galalarda aýdym-sazly medeni çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»  ýylymyzda hem serhetçiler bilen taryhy ýadygärliklere we beýleki medeni ojaklara gezelençler yzygiderli guraldy. Esgerler ol ýerdäki taryhçy hünärmenleriň berýän täsirli gürrüňlerini, gymmatly maglumatlaryny diňläp, serden geçilip goralan Watanyň ogullarydygyna tüýs ýürekden buýsanýarlar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine şu ýylyň başyndan bäri guralan gezelençler sbarmak büküp sanardan agdyklyk edýär. Ol gezelençleriň ählisi hem serhetçilere halkymyzyň döreden baý edebi mirasy bilen içgin tanyş bolmaga ýakyndan ýardamyny ýetirdi. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zatlarymyzyň biri, serkerdeler serhetçi esgerler bilen ýurdumyzyň teatrlarynda ýygy-ýygydan bolup, Watan mukaddesliginiň waspyny ýetirýän sahna oýunlaryna dykgatly tomaşa edýärler. Teatrlaryň sahnalarynda durmuş hakykatynyň çeper beýany, keşbi ýerine ýetiriji artistleriň ussatlygy bilen tomaşaçylara diýseň täsirli edilip hödürlenilýär. Hususanam, taryhy gahrymanlarymyzyň, Görogly begiň, Jelaleddin Meňburunyň, Keýmir Körüň... merdi-merdanalygynyň, il-ýurt azatlygy ugrunda görkezen edermenlikleriniň sahnada janlandyrylmagy ýurt goragçylarynyň aňyna ýiti täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda teatr işini belent derejelere çykarmaga berýän ýardamy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys. Çünki teatrlarda görkezilýän çykyşlara tomaşa etmäge ähli raýatlarymyz bilen birlikde, bize hem giň mümkinçilikler döredilen. Milli Liderimiziň jöwher paýhasynyň, ýiti zehin akabasynyň önümi bolan «Döwlet guşy» romany esasynda sahnalaşdyrylan spektakl bolsa biziň höwes bilen tomaşa edýän sahna eserimizdir. Goý, şeýle watansöýüjilik ähmiýeti bilen nesil terbiýesine uly täsirini ýetirýän teatrlaryň işleri uly üstünliklere beslenip, tomaşaçylara gapylary elmydama açyk bolsun!          

 Myratgeldi HALLYÝEW

  • 95
  • 27.11.2018