MAKALA

«Serhet abat — Döwlet abat» 15 ýaşady

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň üç aýda bir gezek çap edilýän «Serhet abat — Döwlet abat» atly harby-watançylyk, jemgyýetçilik-syýasy we edebi-çeper žurnalynyň döredilenine 15 ýyl boldy. Şu gysga döwrüň içinde çeperçilik hem-de many-mazmun taýdan kämilleşip, okyjylar köpçüliginiň, hususan-da Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan žurnalyň işgärlerini bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de olara jogapkärli işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

Mälim bolşy ýaly, «Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2003-nji ýylyň 28-nji noýabrynda esaslandyryldy. Redaksiýanyň arhiwinde saklanylýan žurnallaryň sahypalarynda gullugymyzyň durmuşyndan söhbet açýan makalalara göz gezdireniňde, ýyl geçdigiçe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz aladalary bilen amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda kämillikleriň gazanylandygynyň, serhetçileriň durmuşynda bolup geçýän gyzykly pursatlaryň şaýady bolýarsyň. Watanyň başlanýan ýeri bolan mukaddes serhet asudalygynyň goragçylarynyň, jogapkärli gulluklaryndan daşary wagt tapyp, döredijilik bilen meşgullanýandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Eseriň ady onuň daşky lybasy, many-mazmunynyň açary hasaplanýar. «Serhet abat — Döwlet abat» atly jümlede uly many jemlenen. Şeýle mukaddes ada eýe bolan žurnal döredilen gününden bäri öz öňünde goýlan wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelmäge çalyşýar. Muny 15 ýylyk menzili arka atan «Serhet abat — Döwlet abadyň» bu günki günde ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň arasynda mynasyp orny eýelemegi başarandygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ine, bu günki günde bolsa, «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň www.serhetabat-dovletabat.gov.tm ady bilen aýratyn web-saýty hem döredildi.

Biz hem sözümiziň ahyrynda ýene bir ýola «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalyny döredilen güni bilen tüýs ýüregimizden gutlap, onuň işgärlerine döredijilik işlerinde mundan beýläk hem uly-uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Gadamyň batly, geljegiň mundan hem nurana bolsun, «Serhet abat — Döwlet abat!»

 

Maksatmyrat ATABALOW.

  • 96
  • 28.11.2018