MAKALA

Mertlik mertebesi (oýlanma)

Merdem ýigitler. Olar il-günüň guwanjy hem-de goragydyrlar. Iliň bagtam, baýlygam, şatlygam, gülküsem şolar. Her bir ýagdaýda-da olar halkyna ganatyny giňden gerýän bürgüt ýaly penadyrlar. Her bir ýagdaýda-da olar kesekiniň atan okuny geçirmeýän, düýbi berkden tutulan, ýykylmajak galadyrlar. Eger, haýsydyr bir ýurt «beýik hem agzybir döwlet» diýlip ykrar edilen bolsa, onda şol ýurduň gerçekleri arlydyr, namyslydyr, bir maksatlydyr, lebizlidir, ygrarlydyr, il-güni üçin janyny orta goýmakdan gaýtmaýan gaýduwsyzlardyr. Şeýle merdemi bar halkyň ýurdam parahat, ilem agzybir bolýar. Ol ilde, bir parasatly başa uýulýar. Ata-babalary nusgalyk ýoly ýörelge edilýär. Il-gününiň bagtyny, şatlygyny, gaýgysyny özüniňki hasaplaýan türkmen gerçekleriniň ýeke maksada gulluk etmek, Watan üçin, ar-namys üçin janyny orta goýmak häsiýeti ganynda bardyr. Şeýle ýörelgeli halkyň dönügem, Watan duzuna ikilik edýänem bolmaýar. Merdem gerçekler nusgalyk gaýduwsyzlardyr.

Türkmen ýigitleri dillerde senadyrlar. Taryhyň altyn sahypalarynda: «Eger, birinden heder etmeli bolsa, ýyldyrym ýaly atylyp gelýän atyň üstündäki silkme telpeklilerden heder etgin!» diýlen duşmany eýmendiren hakykatlaram türkmen gerçekleriniň adyna aýdylandyr. Olar güýçliniň ýanynda kiçelmezler, ejize ganymam bolmazlar. Olar hakykatyň çyn tarapdarydyrlar. Adalatyň tarapdary türkmen ýigitleri haýsydyr bir ters niýetliniň öz topragyndaky al-elwan güllerine-güläleklerine, dagyna-düzüne gyýa bakýanyny gören ýerinde, nagt gaýtawulyny bermegi başarýan merdemlerdendirler. Gerçek türkmen ýigitleri Watan serhedini gözleriniň göreji ýaly goraýarlar. Olar sabyrlydyrlar, kanagatlydyrlar, umman ýaly giňdirler, ýöne namysy welin tug edinýändirler. Olaryň özlerini tutuşlaram şir-peleňi ýatladýandyr.

Mert ýigitleriň il-gününi, Watanyny söýüşiniň üýtgeşik aýratynlyga eýe bolşy ýaly, gyz-gelinlere bolan söýgüsi-de üýtgeşikdir. Olar söýgülerinde-de mert, hiç kynçylykdan gaýtmaýan gaýduwsyz merdanalardyr. Söýgi aňyrsy görünmeýän derýa bolsa, olar harasatlaryň garşysyna döz gelip, ýarty ýolda galmaýan, kenara ýetmegi başarýan, ugurtapyjy, gaýduwsyz kürekçilerdir. Türkmen ýigidi söýgä oýun diýip düşünmän, eýsem söýgüniň dürli synaglaryndan geçmäge taýýar bolýar. Türkmen ýigidi söýende päk ýürekden, hilesiz hem aldawsyz söýýändir.

Hawa, türkmen gerçegini gözellere bolan päk söýgüsinden tanap bolýar. Türkmen gerçegini Watanyna, iline-gününe, aslyna, adatyna bolan imany söýgüsinden tanap bolýar. Türkmen gerçegini üýtgeşik duýga eýlenen merdem bakyşyndan tanap bolýar. Türkmen ýigidini diňe nusgalyk häsiýetleri öz içine alýan aýratynlyklary bilen tanap bolýar. Ol nusgalyk häsiýet Watana, il-güne, söýgüsine bolan wepadarlygy, ygrarlylygy we ruhubelentligidir.

 

Şähribossan Bäşimowa

  • 65
  • 02.12.2018