MAKALA

Ykballara berlen paý

«Ykbal baglap kesp etdigmiz merdanalyk mekdebidir,

Munda eziz Watanmyza halal gulluk etmelidir»

  

Şahyr müň kerem mamla. Ýurt goramak bagtyna eýe bolandygyňa ýürekden buýsanyp kasam etmek, iňňän uly mertebe. Kasam, seniň halkyň öňünde Watany mertlerçe gorajakdygyňa beren sözüňdir. Biziň türkmenlerimizde ähtiňden dänmeklik gaty aýyp görülýändir. Merdanalygyň kämil mekdebini bize miras galdyran ata-babalarymyz kasamy wepa hem ygrar hökmünde kabul edipdirler. Şondan soň bolsa olar Watan mukaddesligini belent derejä çykaryp, ony gözleriniň göreji ýaly gorapdyrlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu nusgalyk ýörelge mynasyp dowam etdirilýär. Kasam kabul ediş dabarasy, kasam kabul eden pursaty esgeriň ömrüniň ýatdan çykmajak günüdir.

Şu günler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň netijesinde maddy-enjamlaýyn binýady günsaýyn pugtalanýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde harby gulluga gelen ýaş esgerleriň kasam kabul ediş dabaralary toý-şatlygy beslenip geçirilýär. Dabarlara hormatly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Täsirli geçirilen kasam kabul ediş dabaralarynda her bir ýaş esger ata Watanymyzy gözleriniň görejine deýin gorajakdyklaryna kasam etdiler. Tejribeli serkerdeler, hormatly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz bolsa öz çykyşlarynda esgerlere pederlerimiziň watansöýüjilik ýollaryna ygrarly bolmaklaryny, Döwlet serhedimiziň goragynda hüşgär durup, mähriban halkymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ynamyny ödäp, ak ýürekden gulluk etmeklerini sargyt etdiler.

Kasam kabul ediş dabaralarynyň soňy Watan mukaddesliginiň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen dabaralandy .

Myratgeldi HALLYÝEW

  • 152
  • 07.12.2018