MAKALA

Türgen zenanyň toparlaýyn üstünligi

 

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherinde zenanlaryň arasynda sportuň futzal görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Şol ýaryşda Ahal welaýatynyň «Ahal» toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Bagtygül Gurbanowa toparyň kapitany bolup çykyş etdi. «Ahal» topary bu ýaryşda Lebap welaýatynyň «Lebap» toparyny 3:1, Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz» toparyny  9:1, Aşgabat şäheriniň «Talyp sporty» toparyny we Mary welaýatynyň «Mary» toparyny 6:0, Balkan welaýatynyň «Balkan» toparyny 7:0 hasabynda utup, baýrakly birinji orny we kubogy eýeledi. 

«Ahal» toparynyň düzüminde çykyş eden oýunçylaryň aglabasy 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edipdiler we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen Taýlandda, Belarussiýada, Özbegistanda hem-de dünýäniň beýleki birnäçe döwletlerinde okuw-türgenleşiklerini alyp barypdylar. Şol türgenleşikler bolsa bu gün öz miwelerini hem berýär.

Serhetçi zenan türgenimizi topary bilen gazanan üstünligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, türkmen sportuny dünýä ýaýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 103
  • 07.12.2018