MAKALA

Serhetçiler üçin düşümli ýyl

Günler aýlara, aýlar ýyllara seplenip, wagt diýeniň salmyny bermän geçip dur. Ol geçdigiçe-de, döwürler özgerýär, ähli zadyň ümzügi kämillige sary.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumzda geçen döwrüň içinde hormatly Prezidentimiziň parasatly tutumlaryndan gözbaş alan ösüşler halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň at-abraýynyň artmagyny üpjün edýär. Gaty uzaklara salgylanmasak-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň yglan edilen wagty taryh üçin uzak möhlet däl. Şu geçen gysga döwürde halkymyz we ýurumyz baradaky aladalarynyň çäklerinde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin durmuşa geçiren harby özgertmeleri bimöçberdir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleri Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň durmuşynda tamamlanyp barýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem öz mynasyp beýanyny tapdy. Munuň şeýledigine bu taryhy ýylyň dowamynda serhet birikmeleriniň we serhet galasynyň täze açylan döwrebap binalar toplumlarynyň mysalynda hem aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

Watan öz gözbaşyny serhetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem Watanyň asudalygy Döwlet serhediniň berk goralmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Bu hakykatdanam durmuş tejribesinde ykrar edilen düşünje. Şonuň üçin hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurtbaştutanlygyna geçen ilkinji günlerinde: «Watan goragçysy hiç zatda kynçylyk çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy, ýaragy gurat bolmalydyr» diýip, döwrebap harby özgertmeleri kabul etdi. Ýurdymyzyň asudalykda gülläp-ösüşini, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny baş maksady saýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleri harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuşyna bagtyýarlyk, bol-elin ýaşaýyş süýjüligini, döwrebap şertlerde gulluk etmek bagtyny çaýmak bilen, ýyllarboýy ümzügini kämillige sary tutup gelýär.    

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem dowam edip gelýän bu taryhy işler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli şahsy düzüminiň göwün guşuny ganatlandyrdy, gulluklaryna jogapkärçiligini artdyrdy, ruhubelent gulluk etmäge çagyryş boldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhedine öwrülen mukaddes araçägimizi goramakda üstünliklere beslenen bu ýylda döwrüň iň kämil harby tehnikalary we enjamlary, uçarlary, dikuçarlary, serhet gorag gämileri we beýleki serişdeleri bilen goşunyň üpjünçiliginiň üsti ýetirildi.

Üstümizdäki ýylyň 24-nji fewralynda, şeýle hem 10-njy awgustynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň ak patasy bilen serhet birikmeleriniň täze binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulnylmaga berilmegi bu taryhy ýylyň altyn sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, taryha girdi. Bulardan başga-da öňki gurlup ulanylmaga berlen döwrebap serhet galalaryň dowamy bolan täze serhet galasynyň binalarynyň açylmagy ählimizi, şol sanda ilatly nokatlardan uzaklarda Watanymyzy goraýan serhetçileri çäksiz begendirdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde serhet birikmeleriniň hem-de serhet galasynyň gurlup, ulanylmaga berlen täze, döwrebap binalaryny synlanyňda «Biz durmuşa geçirýän harby özgertmelerimiziň çäklerinde serhetçiler hakdaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeris» diýen ajaýyp sözleriniň durmuş ýüzünde mynasyp beýanyny tapýandygyna magat göz ýetirýärsiň.

Gurluş aýratynlyklary, döwrebaplygy bilen gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan  täze binalarda serhetçiler we olaryň maşga alzalary üçin gulluk etmek, ýaşamak, medeniýetli dynç almak üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigi bellärliklidir. Serhet birikmeleriniň we serhet galasynyň täze binalarynda ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi we harby okuwlaryň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Täze aragatnaşyk serişdeleri we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen otaglary serhet goragyny üpjün etmekde uly ýardam edýär. Şeýle-de täze binalar toplumlarynyň düzüminde dürli çäreleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler döredilip, serhetçileriň hyzmatynda ähli amatlyklary bolan iş otaglary, kitaphanalary, gulluk we durmuş maksatly beýleki otaglary bar. Esgerler üçin gurlan gulluk-durmuş maksatly binalarda serhetçileriň ýaşamagy we dynç almagy, gullukdan boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin hemme wajyp mümkinçilikler döredilipdir. Bu bolsa serhetçileriň durmuş üpjünçiligi babatyndaky aladalaryň uludygyna, olary zerur zatlar bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleriň döwletimiz tarapyndan hemişe gözegçilikde saklanýandygyna şaýatlyk edýär.

Serhet birikmeleriň we serhet galasynyň esgerler naharhanasynda tagamly naharlary taýýarlamak, çörek bişirilýän peçlerde bolsa şahsy düzümi ýyljak çörek bilen gündelik üpjün etmek mümkinçilikleri bar. Şeýle-de bu desgalaryň düzümine halkara ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümleri girýär. Bu ýerlerde serhetçilere ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin zerur zatlar göz öňünde tutulandyr.

Adama ruhy iýmit bolup hyzmat edýän aýdym-saz, medeni-köpçülikleýin çärelerini geçirmek üçin hem serhet birikmelerde ýörite döwrebap medeniýet öýleri gurlan. Bu ýerler döwrebaplygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şonuň ýaly-da tamamlanyp barýan üstümizdäki ýylyň dowamynda serhetçiler üçin gurlan bu binalar toplumlaryndaky dürli ammarlar, awtoulaglar duralgalary we tehnikalara hyzmat ediş ýerleri, ýangyç guýujy nokatlary we beýleki desgalary harby gullukçylaryň döwrebap gullugynyň hem-de ýaşaýşynyň hyzmatyndadyr.

Bulardan başga-da toplumlara durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary girýär. Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan, goşunlaryň ähli kysymlaryny gurşap alan harby özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzir ýurdumyzda serhet galalaryň, serhet birikmeleriň täze binalarynyň gurulmagy bilen bir hatarda, harby gullukçylar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Bu serhet birikmelerde we serhet galasynda hem ýaşaýyş jaýlary gurlup, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Öýler mebeller, öňdebaryjy önüm öndürijileriň durmuş enjamlary bilen üpjün edildi. Çagalar üçin oýun meýdançasy göz öňünde tutuldy. Täze öýlere göçüp gelen serkerdeleriň  maşgala agzalary hormatly Prezidentimize serhetçiler barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden çäksiz alkyş aýdyp, şunuň ýaly hemmetaraplaýyn ägirt uly işleri, adam hakyndaky aladany döwlet wezipeleriniň ileri tutulýan derejesine ýetirilen Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň görkezijileriniň biri bolup durýandygyny buýsanmak bilen belleýärler.

Hawa, pederlerimiziň döş gerip, şirin janyndan eziz görüp goran, mukaddeslikleriň iň beýigi bolan eziz Watanymyzyň asudalygynyň dost-doganlyk serhedimiziň goragynyň berk bolmagy bilen aýrylmaz baglydygy hakynda başda-da nygtap geçipdik. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz hem öz çykyşlarynda döwletimiziň serhet gullugynyň ýurdumyzyň parahatçylygyny, gülläp ösüşini üpjün edýän esasy sütünleriň biridigi hakynda belleýär. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna gurduryp berýän täze serhet birikmedir galalary bolsa, Watanymyzyň eşretli durmuşynyň, parahat ýaşaýşynyň, ýagty ertirleriniň mäkäm binýady diýip düşünýäris. Hut şonuň üçin-de dost-doganlyk araçägimiziň goragyny kämil derejede üpjün etmek mümkinçiligini hormatly Belent Serkerdebaşymyz döredip berdi.

Biz geljekde hem döredilýän şeýle döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp, döwletimiziň dost-doganlyk serhedini berk gorarys.

Serhetçiler we olaryň maşgala agzalaryny çäksiz aladalary bilen gurşap alan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Kamar Saparow

  • 91
  • 14.12.2018