MAKALA

Mert ýigdekçe (tymsal)

Ir döwürde il içinde abraýly bir serkerde ýaşap geçipdir. Serkerde goşunynda gulluk edýän esgerlerde jogapkärçiligiň ýokary bolmagyny berk talap eder eken. Ol köp wagtyny goşundaky esgerleriň tertip-düzgünine üns bermäge sarp edipdir. Öýünde, maşgalasynyň arasynda welin az bolar eken. Her gezek öýüne gelende ogly bilen ikiçäk söhbet gurmagy hem serkerde özüniň borjy hasaplapdyr. Kakasynyň özüne uly adam ýaly üns bermegi, oglanjyga ýarapdyr. Serkerde ogly bilen uly adam ýaly salyhatly gürleşipdir. Aýratyn hem ogluna ejesine, öý-ojaga eserdeň gözegçi bolmalydygyny tabşyrypdyr. Hiç bir zada biparh garamaly däldigini, jogapkärçiliksiz hereketiň adamyň başyndan her hili musallatlary inderip biljekdigini ogluna atalyk borjy hökmünde düşündiripdir.

Og­lan­jyk ka­ka­synyň pent­le­ri­ne, öwüt-nesihatlaryna berk eýer­ýär eken. Şo­nuň üçin serker­dä­niň oglun­dan göw­ni bit­gin­li bo­lup­dyr. Bir ge­zek ol og­lu­ny ýa­ny bi­len es­ger­le­riň türgenleşik meý­da­ny­na alyp gaýdyp­dyr. Oňa at­-ýarag be­rip, tür­gen­le­şik geç­mek üçin nö­ker­ler bi­len ha­ta­ra dur­ma­gy aý­dyp­dyr. Ýaş ýi­git buý­ruk ber­le­nin­den go­şu­nyň es­ger­le­ri bi­len ny­za­ma du­rup­dyr. Es­ger­ler bi­len ny­zam tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni ge­çip baş­lap­dyr. Yzygi­der­li agyr tür­gen­le­şik­ler oňa ýe­ňil düş­män­dir. Ol git­di­gi­çe hor­la­nyp­dyr. Em­ma, mert og­lan­jyk ýa­dasa hem tür­gen­leş­me­si­ni bes et­män­dir. Og­lan­jy­gyň gün-­gün­den hor­lan­ýan­dy­gy­na ser­ker­dä­niň mas­lahat­çy­sy­nyň neb­si agyryp­dyr. Ol: «Eý, ser­ker­däm, og­lu­ňyz go­şu­nyň yzy­ny eýe­rer­den en­tek ýaş. Ony yzy­na, öýü­ňi­ze ug­rat­sa­ňyz has peý­da­ly iş et­di­gi­ňiz bo­lar­dy» di­ýip­dir. Go­ja es­ge­riň mas­la­ha­ty­ny diňlän ser­ker­de, og­lu­ny yzy­na, öýe ug­rat­ma­ly di­ýen ne­ti­jä ge­lip­dir. Gys­sag­ly ýa­ny­na ge­ti­ri­len og­lu­na: «Sen, ha­lys ýa­dap­syň. Sa­ňa es­ger­le­riň yzy­ny eýermek kyn düş­jek. Öýe gaýt­saň go­wy bo­lar. Bi­raz ekabyrlananyň­dan soň ýe­ne­-de go­şu­na alyp gaýda­ryn» di­ýip­dir.

Yzy­na do­lan­mak üçin däl-­de, haky­ky wa­tan­çy es­ger bolmak üçin go­şu­na ge­len og­lan­jyk: «Ka­ka, öý­den gaý­da­nym­da wa­tan­çy es­ger bol­ma­ga barýan» di­ýip gaýt­dym. In­di, yzy­ma bar­sam, il-­gün:«Wa­tan­çy es­ger bol­şuň­my şu?» di­ýip, üstümden gülerler. Men be­ren sö­zü­me jo­gap­kär­çi­lik­siz, ygrarsyz ýa­ly bo­lup gö­rü­ne­rin. Tä wa­tan­çy es­ger bo­lup ýe­tiş­ýän­çäm öýe do­lan­ma­ryn» di­ýip­dir. Oglun­da hakyky watansöýüji ýi­gi­de mah­sus ba­tyr­lygy, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy gö­ren ser­ker­de oňa guwa­nyp: «Sen sö­zü­ňi tut­duň, og­lum! Sen­de be­ren sö­zü­ňe jo­gap­kär­çi­lik uly. Ýur­dy bol­sa be­ren sö­züne, ed­ýän he­re­ke­ti­ne jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän ýi­gitler go­ra­ýan­dyr. Ataň sy­na­gyn­dan geç­diň og­lum!» di­ýip, per­zen­din­den ho­şal bo­lup­dyr.

 

  • 44
  • 17.12.2018