MAKALA

Wagtyň manysy

Hepdäniň iş günleri iş sagadynda kimdir birine jaň aýlamakçy bolsam, dessine Hezreti Omar bilen bagly bir kyssa ýadyma düşýär. Bir gezek Hezreti Omar ýagty şemiň yşygyna bir zatlary ýazyp, hasaplap oturan ekeni. Şol wagt onuň ýanyna başga bir adam baryp, şahsy bir meselesini maslahatlaşmak üçin gelendigini  ýaňzydypdyr. Hezreti Omar ýanyp duran bir şemi öçüripdir-de, onuň ýanyndaky beýleki bir şemiýakypdyr.Gelen adam Omaryň bu hereketlerine geň galypdyr. «Bir şemi söndürip, beýlekisini ýakmagyň näme zerurlygy bar? Şemleriň ikisem otagy şol bir derejede ýagtylandyrýar»diýipdir. «Bu şem döwlete degişli. Men siz geleniňizde döwlete dahylly bir meseläniň hasap-hesibi bilen gümradym we bu şemiň yşygynda işleýärdim. Şahsy meselelerim üçin men, ine, bu şemimi – öz şemimi ýakýaryn. Döwlet emlägini şahsy meseläň üçin ulanmak bolmaz»diýip, Hezreti Omar bu hereketiniň düýp manysyny düşündiripdir. Bu kyssanyň ýadyma düşýänliginiň sebäbi, her gezek hepdäniň iş günleri iş sagadynda kimdir birine jaň aýlamakçy bolsam, «Onuň wagtyny alyp, wajyp işinden ünsüni bölýän bolaýmaýyn» ýa-da «men öz iş wagtymy şahsy işlerim üçin peýdalanandygym bolýarmyka?» diýen pikirleriň beýni-de ýyldyrym çaltlygynda öwrüm edýänligi. Göz öňüne getirip görüň, bir işe berlip, dünýäni unudan wagtyňyz telefonyňyza gelen jaň tisgindirmese-de, edip oturan işiňizden biraz ünsüňizi sowup biler.Gelen jaňy almasaňyz, berlen salamy almadyk ýaly özüňizi müýnli duýarsyňyz, her gelen jaňy aljak bolsaňyzam, onda bar wagtyňyz telefon arkaly gürrüňdeşlige gitmegi mümkin. Her näme-de bolsa bularyň arasyndaky bir sazlaşygy tapmak gerek. Häzirki zaman dünýäsi döwrebap bolmak üçin herbap bolmagy talap edýär. Herbap bolmak üçin bolsa, ilkinji nobatda, wagty rejeli ulanmagy başarmaly. Sebäbi, biziň öwrenmeli, görmeli, döretmeli zatlarymyz juda köp.

«Wagt gyzyldan gymmat» diýen söze ýyllarboýy gulagy gansa-da, wagtynyň köp bölegini yrýa edýän ýaş oglanlaryň biri: «Wagtymy manyly ötürmek üçin men näme etmeli? Nädenimde edýän işlerim netijeli bolar?»diýip, mugallymyndan sorapdyr. «Ömür öz wagtyňy nämä sarp etseň, ömrüňem manysy artar gider. Zerurlygy bolmadyk zatlar bilen gün geçirseň, ömrüňem zaýalanmak bilen bolar. Ömre many çaýýan iň esasy zat–saňa hiç hili ähmiýeti bolmadyk zatlary wagtynda bes etmegi başarmak» diýip, mugallymy jogap beripdir.

Bizi güýmeýän zatlar örän köp. Ýöne her gyzykly zat gerekli zat däl. Pederlerimiziň öwüt-pentlerinde hem muňa degişli müňlerçe mysal bar. Ine, iň bärkijesi şeýle: «Gybat süýji, samança ýok güýji». Diýmek, ol–bu gybata sarp edýän wagtymyzy peýdaly bir pişä bagyşlasak, ýa-da iň bolmanda daş-töweregi synlasak, ýa-da öz dünýämize çümüp, içinden göwher isleýän bolsaň, ýa dag köwmeli, ýa-daummanlaryň düýbüne çümmeli. «Tekiz ýerden göwher tapýan bolsaň, bil, ol kimdir biriniň gaçyran, ýitiren göwheridir» diýilýär. Özüňe täze bir dünýäni açmak ýa-da öz dünýäňden göwher çykarmak üçin biraz emgenmegimiz, pikir kölünde eglenmegimiz gerek. Ýagşy zada sarp edilen wagt hökman öz hasylyny berýär.

«Wagty altyna öwürmegi» ýa-da «Wagty pula öwürmegiň» ýollary hakda gyzyklanyp gördüňizmi? Bir hekaýata görä, danalaryň biri özüni idäp gelen ýaşlaryň birnäçesine wagty altyna öwürmegiň syryny öwredýän ekeni. Nähili syrdyr öýdýäňiz? Ine, şol syr: «Peýdaly zatlara sarp edilen wagt altyna öwrülýär». Täze bir zatlary öwrenmek ýa öwretmegem, birine kömek, ýagşylyk etmegem, hassanyň halyny soramaga gitmegem, mahlasy, halkymyzyň eý görýän sogaply amallaryna meşgullanmak, ýöne ilkinji nobatda öz etmeli işiňi ünsden düşürmän ýerine ýetirmeklik wagty öz-özünden altyna öwürýän gudratdyr. Dogry, bu işleri bitiren günüňiz lokga-lokga altyn bölekleri gütüläp öňüňize düşmez, ýöne uzak garaşdyrmaýan, ýakyn geljekde altyn bilen satyn alyp bolmajak üstünlikler, ýa-da altyndan has gymmat şowlulyklar, şatlykly pursatlar garaşanyňyzdan hem has köp peýda bolup başlar.

Wagt örän tiz ötýär. Ýigrimi ýyl mundan öňem bir gije-gündiz ýigrimi dört sagatdan ybaratdy, häzirem şeýle. Kyrk ýyl mundan öňem Ýeriň aýlanyşy şu tizlikde-di, häzirem şeýle. Sagatlar şol bir tizlik bilen hereket etse-de, wagtyň beýle tiz ötüşine haýran galýarsyň. Şu gidişine dowam etse, ýakyn geljekde köne kyssadyr rowaýatlarda ýaňzydylýan «O taýynyň bir güni Zeminiň müň ýylyna deňmişin» diýen düşünjeleriň toslama däl-de, bolup biläýjek bir zatdygyna ynamyň artýar. Käbir adamlar bolsa, wagtyň tiz geçişini suratlandyrmak üçin “Sagymdan soluma öwrülýänçäm ömür geçip giden ekeni” diýýär. Esasy zat, wagtyň nähili tizlik bilen geçýänliginde däl, şol wagty altyna öwrüp bilýänligimizde.

...Ine, hut şu wagtam saňa jaň etjek bolup durun. Elimde seniň telefon belgileriň ýazylan depderçe, serimde bolsa «Munuň wagtyny alýan bolaýmaýyn» diýip saňa jaň etmekden saklap duran oý-pikirlerim...

Rahmet GYLYJOW.

  • 101
  • 19.12.2018