MAKALA

Aknabat (hekaýa)

    Ymgyr çölüň jümmüşinde oýy penalap oturan obanyň çetinden giren “Ýagy gelýär”habary syrgyndan-syrgyna, öýden-öýe aýlanşyna Tagan çallaryň hem bosagasyna ýyldyrym çaltlygynda ýetip geldi. Dertsiz başlaryna inen derdiň daldasyny agtaryp, zähmetden özgesine düşünmedik adamlaram habaryň yzyndan sozanguýruk bolup gapa döküldiler. Tagan baýyň Buharadan gelerine barmak büküp garaşýan  Aknabat aljyrady. Şeýle çylşyrymly halatlarda hemişe halkyň öňüne düşen Taganyň öýde bolmazlygy oýuň halkyna-da, Aknabada-da kelebiň ujuny ýitirtdi. Onuň çog gyzyl keteni esgi gelşik berip duran ýüzi howsaladan ak tam bolup, owadanlygy, syraty hakynda dile düşen keşbi howsaladan titredi. Gapydan uzaklara ýazylyp giden ýoldan ýoldaşy atyny dabyrdadyp geläýjek ýaly gorky gatyşykly mähirli bakyşlary bilen alaňlaryň üstünden nämälimliklere sary uzalyp giden ýola gaýta-gaýta seretdi. Hakykatyň göwnüniň isleginden daşdygyny aňyp hem ýüregini bire baglap, aljyramakdan ala basga düşen adamlara ilkinji gezek ýanýoldaşynyň ornunda çykalga tapmaga synandy. Şeýlelikde aýal-ebtat, çaga-çuga, garry-gurty we olaryň ýany bilen eli ýaraga ýaran erkek göbeklileriň ählisi ýagynyň çaklamadyk tarapyna – hemişe şemal küpürsäp durany üçin aýak yzlary tiz öçürjek ilerki ýoldan Gündogara sürmegi öwretdi. Ýagynyň öňünde durjak gelin öz ýanyna welin hiç kesi islemedi. Bu teklip gelinden çykanam bolsa oýuň erkek göbeklileri  öz janlarynyň goragyny ýekeje gelne tabşyryp gitmegi gaty namys bildiler. Emma elmydama iliniň öňünde sözlän ýeke oýnam sözem ýerde galmadyk Tagan baýyň tarypy uzakdan-uzaga düşen gelniniň hut öz ýanýoldaşy ýaly birsözli çözgüdi olary alaçsyz düşmeli menzilerine düşürdi. Sähel wagtyň içinde yzanda-çuwanlykdan soň gum-gukluga bürenen oýda birlän-ikilän selkildäp ýören güjükdir, towuklardan başga janly zat galmadyk ýaly boldy. Aknabadyň bar umyt baglaýanam adamsynyň özüne ok üzmegi öwredip, sowgat eden ýeke nil tüpeňi bilen ýatakda bassyrmanyň aşagynda sarçlykdan ýaňa gözleri uçganaklap duran Ýelganatydy. Bedewiň ýagşy ýamany hemmeden öň duýýar diýleni çyn boldy. Ýagynyň garaşylşyndanam öň ýetip gelýänini gelinden birinji hokranyp ugran Ýelganat bildi. Serinde aýlan çykalgasyny ölçerip döken Aknabat bütin günäsiz adamlaryň kysmatynyň özüne,  öz ykbalynyň dowamynyň  bolsa ulanjak pirimine we Ýelganatyň badyna baglydygynyna juda gowy düşündi. Her etmeli, hesip etmeli paý-u-pyýada giden ýaragly-ýaragsyz halk allaworadan çykýança ýagyny güýmemilidi. Eger obada janly-jemende görünmese gidilen ýoly ýagynyň sarç bedewleri dem salymda düýrüp aljakdy. Şonuň üçin hem alagykylyk bolup, durşy bilen haýbata öwrülip gelen atlylara galpyldydan hem dogumdan ýüregi tirsildäp duran gelin bassyrmanyň aşagyndan şuwlap çykan ilkinji oky bilen özüniň bardygyny duýdurdy. Ýelganatyň bassyrmanyň aşagyna takyr ýere urulýan dynuwsyz toýnaklary indi bu ýerde näçe atyň we näçe atlynyň bardygyny ýagynyň talaňçylaryny oýa batyrdy. Oýuň ýaraga ýaranlary bassyrmany özlerine pena edinendir diýip pikir eden ýagynyň hem hüjümi şol uzyn bassyrma tarap gönükdirilendi. Ýelganatyň takyr ýere urulyp “güpürdik-güpürdik” ýaňlanýan toýnak seslerinden adam köpdügini çakladyp, käwagtam gelniň ýekenil tüpeňden gönderýän oklaryndan näme üçin olaryň oky örän seýrek ulanýandyklarynyň syry ýüreklerini byjyklap duran ýagy hernäçe haýbatly gelse-de bassyrmaň içindäki syrly ahwaldan habar tapmady. Ýelganatda örän ykjam oturan Aknabat öz tanyş bassyrmasy bolany üçin her gezegem atylýan oklardan we gazaply gözlerden örän eserdeňlik we çeýelik bilen sowulyp geçmegi aňryýany bilen başarýardy. Syratyna syratlylyk, hereketine çeýelik oňa Alla tarapyn bagyşlanan we tarypyny uzaklara  ýaňlandyran bir geň ahwaldy.

       Tohtabaý çalyň ýekeje ogly Tagany ýüpsüz kökerenem onuň şeýle gaýtalanmaz gözelligi we paýhasly batyrlygy bolupdy. Heniz  gyz wagtlary Tohtabaý çal bilen gatnaşykda bolan kakasy bir gezek uzak argyşdan gelýän dostuny ogly Tagan bilen bile myhman alyp hezzetläpdi. Süýt ýaly aý-aýdyň gije nähilidir bir säwlik bilen gelen myhmanlary hezzetlemek üçin başagaý bolnup ýörlüşine Aknabat dagynyň oturan öýüniň tüýnügine duýdansyz ot düşdi. Daşarda öz atyna güýmenip duran Tagan  ýangynyň ysyny alşyna onuň nireden çykýanyny aňan dessine howlukmaçlyk bilen  öýe garşy ylgasa-da içerden atylyp çykan gara özünden öňürtdi-de ylgawynyň badyna gara öýüň depesinde gögerdi. Çalasynlyk bilen ýangyny öçürip aşak syrlyp düşüp gelýäniň Aý yşgyna owsun atyp duran goşa örüm saçy, çekilen ýaý deýin syrdam syraty ýigidiň agzyny uçukladypdy. Onuň ynsdygyny-jynsdygyny bilmän aňalan ýigit  diňe garanyň üst-başyny düzedişdirip durşuna “Myhman atyňyza iým isleseňiz getireýin!” diýen näzikden dogumly sesinden onuň Aknabatdygyny tanap galdy. Özüni ençeme oglanyň öňüne düşen dogumly gerçeklerden hasaplap, kakasynyň yzynda niçeme ýurtlary söken hem bolsa ol edil gyz maşgala beýdäýer öýtmändi. Dogrusy ol öň Aknabadyň çaksyz owadanlygy, hatda onuň syratynyň näzikliginiň dile düşendigini bilýärdi. Emma heniz yşga ulaşmadyk başy oňa bu öwgülere gabak galdyrtmasa-da hut häzir gören geň ahwaly ýüzünem oňly görüp ýetişmedik gyzynyň yzynda janserek edip goýaýdy. Oglunyň köňlündäki üýtgeşikligi syzan ata-da ençeme perzentleriniň bagyr awusyndan soň uzak küýsegläp ýeten oglunyň sähetli günleriň birinde arzuwyny hasyl eýläp dosty bilen dostlugyny doganlyga öwürdi-de, Tagan üçin diken ak öýüne Aknabady gelin edip düşürdi. Ýanýoldaşynyň gerçekligini, gaýynlarynyň hamraklygyny hyzmatlary bilen arzylan gelin hem maşgala ýag bilen ýüpek ýaly garylyp gitdi. Oýuň halkyna Tohtabaý çallaryň gelniniň owadanlygy we täsin syraty ençe wagtlyk gepbaşy boldy. Ýöne bu gepbaşy hakykatdan daşda däldi, çünki öýe Aknabat dälde hut asmanyň Güneşi giren ýalydy. Bir gün aladaňdanlar oýanan Tagan süýji ukuda ýatan gelniniň biliniň aşagyndan öýüň içinde ýumak ýalyjak togalanyp ýören pişijigiň arkaýyn geçip bilşini görüp özem bu syrata haýran boldy. Içindenem “Bu gözellligi ýaradan diňe Ýaradan bolup biler” diýip pikir öwürdi. Durmuşdan hem, gelnindemen göwni dok Taganyň durmuşda ýekeje derdi ol hem perzende ýüzi düşmezligidi. Eje-kakasam agtyk görmän dünýäden gidipdi, ysnyşylan günler bolsa barha galňaýardy. Gelnini hem alyp ýykylmadyk öwliýasy, görünmedik tebibi bu jelegaýlarda galmady diýerlikdi. Diňe bu jelegaýlar däl, eýsem täjigi, özbegi, owgany goýman at toýnaklarynyň üstünde akja bäbejik üçin sökülen menzillerem ömre barabardy. Dert ýüregini iýse-de çaksyz owadan gelniniň saralşyna dözmedik Tagan bir gün Buhara gidişine kyrk düýäni şaha-şaha nabatdan ýükläp geldi-de oýuň orruk ortasyndaky guýa agdaryp goýberdi. Haýran galmakdan ünjüli gözlerini tegeläp duran gelninede “Senden zürýat galmasa-da at bir galsyn Nabadym” diýdi. Şondan soň oýuň ähli öýünde lakyrdan taňkalarda nabatly çaý gaýnady. Kem-kemdenem guýa “Aknabat guýy” soňra bolsa tutuş oýa “Aknabadyň oýy” diýip başladylar. Dogrudan hem ýüreklerde dert bolsa-da at galdy. Bu-da Taganyňam Aknabadyň hem ýüregine az-kem tesselli boldy.

     Indem suwunyň süýjüligi uzaklara rowaýat bolup ýaýran, Aknabat üçin ähli zatdan hem mukaddes bolup galan bu oý ýagy toýnaklarynyň astynda daldasyz bende deý gum-guklyk bolup iňläp ýatyrdy. Bu ahwal bolsa öň hem ýüregi dagly gelne juda ýokuş degýärdi. Üstesinede il bir ýerde, özi munda, ýary welin baryndan bihabar ýoldady. Iň ýaman ýeri hem kysmatyň kimi nirelerden çykarjagy belli däl. Serinde şu zatlary aýlaýşyna gazapdan titreýän gelin “Indi-hä gidenleriň yzyny ýel ýitirip, özleri allaworadan çykan bolsa gerek” diýen uçurlary Ýelganata  jüp gamçyny urup bassyrmanyň gapysyndan zarply çykyşyna ümdüzine tutdury. Bedew bilen bile biten deý ykjam ornaşan göwräniň başynda parlap barýan keteni  esgini gören ýagy diňe şundan soň onuň aýal maşgaladygyny bilip galdy. Haýran galmakdanam gözlerine ynanman bassyrmanyň aşagyny gaýta-gaýta barladylar.  Ol  ýerde hiç kimiň ýokdugyny görüp hem murtlaryna haýbat berip gelişlerine bir gelniň özlerini ýeňip, indem kowsa ýetdirmez bolup ummadan çykyp gidişine namysdan bir ölüp bilmediler. Bar gaharlarynam çözlüp ýetişmedik öýlere, üýşürilen otdyr, tamdyrtowulara ot berip, jansyz seňselän ýalyp bolup ýatan oýuň ümsümliginden çykardylar. Emma namysyň gyjalaty munuň bilen hem barybir ýüreklerinden çykmady. Aknabat bolsa ganym gözüni güýlüşdirşine goltugynda duran şakäseleriň birini basyrmadan çykan ýerinde, beýlekisinem yzlary ýel öçürýän çägesöw, mekany Gündogardan çykýan ýoluň başlangyjynda syndyryp gitdi. Hiç kimiň aňyna duýulmadyk bu ýagdaý Tagana öz giden ugurlary barada gizlin yşaratdy. Ýagynyň ýangynyny ýolda eşden Tagan  şakäsäniň pytrap ýatan çäçlerinden Aknabadyň menzilini tiz duýdy, süýjülikde çaý süzen şakäseleriniň döwülen hem bolsa bile ýaşalan günlerinde döwülmedik ýürekler Gündogaryň asuda giňişliginde ýaňadan sataşdylar. Muny hut öz gözleri bilen görenler bar. Emma olaryň soňy ykbaly welin syra öwrülip ýyllaryň tozanynda hut şol galagoply menzillerde ýele öçen yzlar kimin nämälimlige siňip gitdi. Panynyň panylygyny ýeňip olardan bize galan ýeke-täk hakykat bolsa “Aknabat oýda” galan, henizlerem suwundan şaha nabadyň süýjüligi ýitmedik şol ýeketäk guýy boldy...

 

Aknur ROZYÝEWA.

  • 83
  • 20.12.2018