MAKALA

Bagt hakynda arzuwlar

Bagty nähili gazanmaly, oňa nädip ýetmeli? Men bu sowala «hawa» diýip jogap bererdim. Şu günki ýaly ýadymda. Zenanlarymyz barada mundan birnäçe ýyl öň bir makala ýazypdym. Şonda dünýäleri syrly gözellikden püre-pür gelin-gyzlarymyza ýüzlenip: «Biziň ykbal ýollarymyzam, ykballarymyzam, arzuw-hyýallarymyzam meňzeş. Biz hemişe bagtyň gözleginde, bagt bolsa hemişe biziň ýanymyzda. Golaýymyzdaky yssy mähir-muhabbeti bilen çoýup duran bagty duýman, onuň gözlegine çykýarys» diýen sözlerim şu pursat hakydamda ýaňlandy.

Bagta her kim dürlüçe düşünýär. Kim üçin bagt söýýän käri bolsa, kimler üçin ýylgyryp öýe giren ýanýoldaşyny mähir bilen garşylamakdyr. Ýa bolmasa, ähli maşgala agzalaryň bilen bereketli desterhanyň başynda jemlenip, mesawy gürrüň etmekdir. Bagt ähli pasyllaryň bize hödürlän gözelliklerine düşünip, olary duýup ýaşamakdyr. Bagt talyplyk duýgusyny duýup, bilime teşne bolup ýaşamakdyr. Seni duýgular ummanyna alyp gidýän söýüp okaýan kitaplaryňdyr. Bagt––bu gazanan üstünlikleriňden lezzet almak, söýmek we söýülmek.

Bagty kebelege meňzetmek mümkindir. Ony näçe kowalasaň, ol şonça hem senden daşlaşar. Haçan-da ünsüňi başga zada gönükdirseň, ol ýuwaşja uçup gelip egniňe gonar. Bagta näçe howluksakda tiz ýetip bolmaýar. Ol bize garaşylmadyk pursatda gelip biler.  Şol bagtly pursatlara ýetmek üçin nähili ýaşamaly, özüňi nähili alyp barmaly? Megerem, bagta eltýän ýollar şular bolsa gerek.

Ýakynlaryňyzy hormatlaň, tüýs ýürekden söýüň! Söýýän käriňize  yhlasly, wepaly boluň! Eger-de siz saýlap alan käriňize, hakykatdanam, wepaly boljak bolsaňyz, köp işläň! Şeýle etseňiz, özüňiz üçin hem, jemgyýet üçin hem peýdaly bolar. Adamlara goldaw hem kömek bermek bilen, siz olaryň özüňize bolan hormat-sarpasyny gazanarsyňyz. Netijede, durmuşyňyz manyly we lezzetli bolar. Ýagşylyk etmäge çalşyň! Edilen bir  kiçijik ýagşylyk ynsany bütinleý bagtly edýändir. Hemişe özüňizi gözegçilikde saklaň! Oýlanyň, her bir zatdan dogry netije çykarmaga çalşyň! Bu ynsanyň ruhuny has-da beýgeldýär. Beden taýdan gujurly ynsan özgä kömek etmäge ukyply bolýar. Eýsem, gujurlylygy nädip gazanmaly? Ir bilen arassa howada geziň, beden maşklaryny ýerine ýetiriň! Hiç haçan ruhdan düşmäň we umydyňyzy ýitirmäň. Bu size durmuşda duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Esasy zat, bagtly durmuş barada arzuw etmek bilen ýaşaň! Sebäbi arzuw etmezden, ony hakykata öwrüp bolmaýar. Bagtly bolmak hemişe öz elimizdedir!

Babajan GOÇMYRADOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

  • 113
  • 22.12.2018