MAKALA

Ruhy baýlygyň çeşmesi

Adamzadyň durmuşa akyl ýetirmegi bilen dünýäniň syrlaryny öwrenmek, olaryň täsinliklerini beýan etmek zerurlyklary ýüze çykypdyr. Hat-ýazuw habaryň, maglumatyň, aýdylýan pikiriň wagt giňişliginiň çägini ýeňip geçmek üçin kämil oýlanyp tapylan närsedir. Ýazuwyň emele gelmegi bilen bolsa, kitaplar ýazylyp ugrapdyr. Çünki ähli zatlaryň açylan hem açylmadyk syrlaryny kitap öz altyn sahaplarynda mäkäm saklaýar.

Elbetde, dünýäniň dürdäne pikirlerini özünde jemleýän kitaplar adamzadyň täleýinde aýratyn orna eýedir. Çünki adam akyl-paýhasyň, gözelligiň aşygy. Ösen jemgyýet gurluşynda kitapsyz ýaşamak, işlemek, hereket etmek alsa mümkinem däl. Döwletimiz tarapyndan şeýle gyzyldan gymmatly hazynanyň ýerlikli saklanmagy we halkyň hyzmatynda bolmagy üçin häzirki wagtda taýsyz tagallalar durmuşa geçirilýär.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Döwlet kitaphanasyna barmagy, onuň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşmagy taryhy waka bolupdy. Şeýle-de 9-njy noýabrda geçirilen  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hepdäniň bir gününi “Kitaphana güni” diýip yglan etmegi teklip etdipdi. Döwlet Baştutany tarapyndan döredilýän şeýle mümkinçilikden uly bagt ýokmyka diýýän. Diňe bir mümkinçilik bilen çäklenmän eýsem,  hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan nusgalyk kitaplaryny-da halkymyza yzygiderli ýetirmegi ýokardaky aýdanlarymyzyň doly manyda üstüni ýetirýär.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär we olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaýynyň bardygy aýdylýar. Ýakynda şol gaznanyň sanawlarynyň hataryna ýene-de bir ajaýyp kitabyň goşulmagy şanly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly köp tomluk kitabynyň 11-nji tomy çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň 11-nji jildinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, ýüzlenmeleri we gutlaglary öz beýanyny tapýar.

Neşir “Täzeçillik ýoly bilen — döwrüň belent maksatlaryna tarap” diýen sözbaşy bilen başlanyp, ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen milli, sebitleýin we pudaklaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna jikme-jik seljerme berilýär. Syn berilýän makalada döwlet gurluşynyň, jemgyýetçilik-syýasy we ruhy-medeni durmuşyň, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň we durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň, daşary syýasaty durmuşa geçirmegiň meseleleri hemmetaraplaýyn we içgin beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň saýlanan eserleriniň nobatdaky jildi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine çuňňur düşünmekde, ýurdumyzda bolup geçýän taryhy özgertmeleriň ägirt uludygyna akyl ýetirmekde örän uly nazary we amaly gymmatlyga eýedir.

Hawa, kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän ornuna ýokary baha bermek, raýatlary we harby gullukçylary bagtyýarlyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, kitaphanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzyň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Bagtyýar zamanamyzyň kämilliklere tarap gadam goýmagy, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan kemal tapýar. Goý, hemişe many dürlerini sahypalarynda saklaýan kitaplary we kitaphana işlerini rowaçlandyrmakda milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin! Kitap–kämilligiň açary hasaplanýar,  goý, hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyza peşgeş berýän nusgalyk kitaplarynyň höwriniň köp bolmagyny, döwet-galamynyň  ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

«Serhet abat – Döwlet abat».

  • 82
  • 23.12.2018