MAKALA

Okamagyň peýdasy

Okamagyň nähili peýdasy bar? Onuň peýdasy barada aýdýan adamlar nämä esaslanýarkalar?

            Kitap okamagyň peýdasy örän uludyr. Dogry saýlanan gowy kitaplary okamak adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär, akyl-paýhasyny artdyrýar, ýatkeşligini ýiteldýär. Bulardan başga-da, ol adamyň söz baýlygyny artdyrýar, pikiriňi takyk aňlatmak üçin aňda dürs we anyk oýlanmalaryň emele gelmegine ýardam edýär. Munuň şeýledigine her kim öz şahsy tejribesinde göz ýetirip biler. Onuň üçin edebi eserleriň haýsydyr birini üns bilen okaýmaly. Ozal söz baýlygy pes bolan adam hem özüniň söz baýlygynyň artýandygyna göz ýetirer.

            Çeper eserleri okanymyzda, biz hemişe awtoryň näme diýjek bolýandygy hakynda pikirlenýäris. Bu bolsa aňyň çalt hereket etmegine getirýär. Kitaby awtoryň aýtjak bolýan zadyna düşünip, okasaň, ol saňa ähli adamlara düşünmegi öwredýär. Adamlara düşünmek bolsa üstünlikleriň we kämillikleriň çelgisidir.

Kitap okamagyň ýene bir peýdaly tarapy, ol hem adamyň logiki pikirlenmesini kämilleşdirýänligidir. Siz detektiw žanryna degişli haýsydyr bir kitaby okap görüň. Kitaby ünsli okap bolanyňyzdan soňra, siziň islendik ýagdaýda çalt çözgüt tapjakdygyňyza, paýhasyňyz ýitleşjekdigine, synçylygyňyzyň kämilleşjekdigine we okamagyň peýdalylygyna düşünjekdigiňize ynanýaryn. Haýsydyr bir eseri okap bolanymyzdan soň, biz aňymyzda şol eser barada seljerme geçirýäris. Ol ýa beýleki gahrymanyň näme üçin şeýle hereket edendigi, onuň ýerine özümiziň nähili hereket etjekdigimiz, nähili duýgulary başdan geçirjekdigimiz, şeýle ýagdaýda biziň tanyşlarymyzdan haýsydyr biriniň özüni nähili alyp barjakdygy baradadaky soraglara jogap gözleýäris. Eseriň gahrymanlaryny öz durmuşymyzdaky adamlar bilen deňeşdirýäris. Şeýlelikde, biz adamyň psihologiýasyna akyl ýetirip başlaýarys. Kitap okamak adamynyň ahlak medeniýetine we ruhy kämilligine hem oňyn täsir edýär.

Nähili eserleri okamak peýdaly? Ilki bilen, kitap gyzykly bolmaly. Adamda onuň birinji sahypasyny okanyndan soň, ony ýene-de kitap tekjesine goýmak islegi döremeli däldir. Ikinjiden, onuň baý dili bolmaly. Üçünjiden, kitap çuňňur, ähmiýetli many-mazmuna eýe bolmaly.

Kitap okamagy özüne maksat edinen adam, ilki bilen, öz ýurdunyň nusgawy edebiýatyny okamalydyr. Ata Watanyň milli edebiýatyny bilmek, ony öwrenmek her bir adam üçin zerurdyr. Ýene bir üns bermeli zat, ol hem edebiýatyň taryhyny bilmekdir. Dünýä taryhyna giren söýgi, ykbal kesgitleýji çözgütler, meşhur adamlaryň durmuş ýoly–bularyň hemmesi diňe bir maglumat çeşmeleri bolman, eýsem, örän gyzykly wakalardyr. Meşhur awtorlaryň poeziýasyny okamak örän peýdalydyr. Elbetde, hünäriňi kämilleşdirmek, bilimiňi artdyrmak üçin ýörite kitaplary okamak hem wajypdyr. Şeýle edebiýatlaryň haýsysyny okamalydygyňyz welin, siziň öz öwrenýän ugruňyza ýa-da käriňize baglydyr.

Sähra JUMAÝEWA.

  • 65
  • 23.12.2018