MAKALA

Gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylara gyzykly täze ýyl ertekisini sowgat etdi

Gyzjagazyň tokaýdaky öýünde horaz, owlajyk we it ýaşaýan eken. Olar agzybirje hem şadyýan ýaşapdyrlar. Bir gezek owlajyk tokaýda gezip ýörkä, jaňjagazyny ýitiripdir. Ony gözläp ýörkä-de, garganyň, möjegiň we tilkiniň gije öýe çozup, owlajyk bilen horazy ogurlamak üçin dil düwüşýändigini eşidäýýär...

  Gylyçmyrat Kakabaýewiň Gurjak teatrynyň sahnasynda goýlan ertekisi, ine, şeýle başlanýar. Gyzykly waka dessine çagalaryň ünsüni özüne çekdi, betbagtlyga uçran haýwanjyklara olaryň nebsi agyrýar. Alada galan owlajyk üstüne abanaýan howp barada dostlaryna gürrüň berýär. Dostlar aljyramaýarlar-da, çagyrylmadyk myhmanlara duzak gurýarlar. Onsoň ertekiniň iň gyzykly ýeri başlanýar, oňa çagalar gülüp hezil edinýärler. Gyzjagazyň öýüne giren talaňçylar el-aýagyny ýitirýärler. Tümlükde eýmenç jandarardyr süýşüp ýören zatlara göz düşenden olar basga düşýärler, mundan peýdalanan dostlar olary tanapa baglaýarlar. Bu ertekide dostluk, ugurtapyjylyk we batyrgaýlyk rüstem çykýar, çagalara kyn ýagdaýda ruhdan düşmezlik, erkiňi we häsiýetiňi taplamak ündelýär.

-Täze ýyla çagalar üçin döwrebap gyzykly erteki goýmagy höwes edýärdik,- diýip oýun goýujy režissýor Amangül Mämmetýazowa gürrüň berýär. – Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Sakarja geçi» ertekisi gözleýän ertekimiz boldy: onuň ýordumy gyzykly, gahrymanlary batyrgaý, päkgöwünli, ugurtapyjy we şadyýan, özüni gorap bilýärler.

Oýny sahnalaşdyrmak aňsat düşdi, agzybir işledik, bu hem, belki, tomaşaçylaryň göwnüni almagymyza sebäp bolan bolsa gerek. Guwanç Saparow bilen Serdar Öwezow şadyýan sazlary tapypdyrlar, saz ýaňlanandan ertekiniň gahrymanlary tans oýnaberýärler. Sahna bezegini ýerine ýetiren we egin-eşikler boýunça nakgaş Nataşa Kaýlyýewa eseriň dramaturgiýa özenini baýlaşdyrdy we her gahrymanyň häsiýetini aýratyn nygtady. Gahrymanlarynyň keşbine mähir çaýan ýaş artistleriň işi-de şowly çykdy. 

Türkmen çagalary üçin «Sakarja geçi» ertekisi sowgatlara baý Täze ýylyň ýatdan çykmajak peşgeşleriniň biri boldy.

  • 54
  • 24.12.2018