MAKALA

Täze ýyl agşamsynyň täsinligi... (oýlanma)

Häzirki wagtda bellenilýän baýramçylyklar diýseň köp. Olary barmak basyp sanardan kän. Her baýramçylygyňam özboluşly öwüşgini bar. Ýöne «Täze ýyl» baýramçylygy hakynda söhbet açanyňda birneme göwnüň göterilýär, özüňi çaga ýaly duýýarsyň. Aýazbabany, Garpamygy we beýleki gahrymanlary, dürli yşklar bilen bezelen arçany göz öňüňe gelmegi jadylaýjy güýje eýe bolýar.

Aslynda täze ýylyň täsinligi, has takygy täze ýylyň jadysy nämede jemlenenkä?

Täze ýyl – islendik ýaşda her bir adam üçin täsin bir wagt. Bu baýramçylyga tutuş bir ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Hut şol gije ençeme täsinlikler bolup geçýär. Hat-da iň tankytçy adamlar hem täze ýylyň jadysyna ynanyp başlaýarlar.  Ýürekler söýgüden dolup, öýleri baýramçylyk şatlygy gurşap alýar.

Adatça täze ýyl her maşgalada belli bir däplere görä bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk maşgala baýramçylygy hasaplanylýar, şol sebäpli şol gije bir saçagyň başynda ähli maşgala agzalary ýygnanyşýarlar we olary jebisleşdirýänem şol bir täze ýyl baýramçylygynyň täsinligi diýip aýtsak ýalňyşmarys.

  Ine bu ýyl hem körpeje Amanyň kakasy Ata aga onuň işdäki nobaty täze ýyl agşamsyna gabat gelipdi. Ol işe gitmekçi bolup durka, ertir täze ýyl agşamsy diýilen güni, onuň 5 ýaşly oglunyň otagyndaky stoluň üstünde Aýazbaba ýazan hatyna gözi düşýär. Ol ýerde şeýle setirler bardy:

«Salam Aýazbaba. Ýagdaýlaryňyz nähili? Sag aman gezip ýörsüňizmi? Men her ýyl size hat ýazyşym ýaly, bu ýyl hem hat ýazmagy makul bildim. Siziň işiňiziň köplügini bilsem-de, muňa garamazdan size barýan ähli hatlary okaýandygyňyzy we sizden haýyş edilýän arzuwlaryň ählisini ýerine ýetirýändigiňizi men bilýärin.

Dostlarym sizden näme arzuw edip hat ýazyp ugratsaň, şol arzuwyň hem täze ýylda hasyl bolýar diýip aýdýarlar. Ynha Myrat dostum geçen ýyl sizden tigir haýyş edipdir. Oňa täze ýylda kakasy tigir alyp berdi. Beýleki bir dostum Merdan bolsa sizden uly ulag oýnawajyny haýyş edipdir, oňa bolsa daýysy täze ýylyna sowgat edipdir.

Ýöne Aýazbaba, meniň hem şu ýyl sizden ýekeje etjek arzuwym bar. Men Myradyňky ýaly tigirem sorajak däl, Merdanyňky ýaly oýnawajam. Men diňe şu ýyl täze ýyl baýramçylygynda biz maşgalamyz bilen bilelikde geçirmegimizi arzuw edýärin. Sebäp diýseň, kakam biziň maşgalamyz üçin zähmet çekýär. Ol geçen ýyl hem täze ýyl agşamsyny biz bilen bile garşylap bilmedi. Men oňa biziň bilen täze ýyl agşamsyny garşylap bilmeýänine gynanýan. Ýöne men oňa düşünýän, onuň işi şeýle. Ýene şu ýyl hem kakamyň aýtmagyna görä geçen ýylky ýaly bolsa gerek.

Aýazbaba! Men bütin bir ýyl edepli-tertipli boldum, sapaklarymy oňat bahalar bilen okadym. Eger siz meniň şu arzuwymy ýerine ýetirseňiz, men täze ýylda hasam gowy okap, edepli-tertipli boljakdygyma söz berýärin. Aýazbaba! Kakamjanyň şu ýyl biz bilen bileje ejemiň  hem-de meniň ýanymda bolmagyny, täze ýyl agşamsyny-da biziň ýanymyzda bolmagyny sizden haýyş edýärin. Meniň şu kiçijek arzuwymy ýerine ýetiräýiň-dä!” - diýen setirleri okan badyna kakasynyň gözünden balkyldap ýaşyň nädip çykandygyny özi hem duýman galdy. Kakasy derrew özüniň işdeş ýoldaşyna jaň edip, şu ýyl maşgalasynyň ýanynda täze ýyl agşamsyny geçirmelidiginiň nähili wajypdygyny düşündirip, şu ýyl nobatynda durup bermegini haýyş edipdir. Ata aganyň işdeş ýoldaşy hiç hili bökdençsiz onuň haýyşyny ýerine ýetirip, onuň deregine bu ýyl işläp biljekdigini aýdypdyr. Ata aga bolsa oguljygyny begendirmek üçin bazara gidip, dürli-dümen zatlary, hem-de ogly üçin iň gowy sowgatlary alyp täze ýyl agşamsyna taýýarlyk görüpdir. Ine-de şol garaşylýan täze ýyl agşamsy gelip ýetdi, aňyrdan gapy kakyldy.

«Kim bar?» diýip, körpeje ylgap gapyny açdy. Birdenem «Aýazbaba geldi» - diýip çaga begenjinden gygyran sesine, Amanyň ejesi hem ylgap geldi. Aýazbabanyň ýanynda elbet-de kakasyny gören Amanjyk guş bolup uçaýjak bolýady.

- Hany, kim ol Amanjyk, maňa hat ýazan diýip, Aýazbaba sorag berdi.

- Bu men Aýazbaba diýip oglanjyk jogap berdi.

- Ynha gördüňmi? Men seniň arzuwyňy eşdip, kakaňy şu täze ýyl agşamsyna getirdim. Men sözümde tapyldym. Indi bolsa seniň maňa beren sözüň ýadyňdamy?

- Elbetde Aýazbaba.

- Onda iň gowy bahalar bilen okap, edepli-tertipli bolup bütin bir ýyl kakaňy, ejeňi begendir Amanjan, bolýamy ?

- «Söz berýän Aýazbaba»-diýip, Aýazbabanyň elinden gysdy. Amanjygyň ýüzündäki ýylgyryş  entekler gitmedi.

Täze ýyl gijesi sagat 00:00 -da zaňly sesleriň astynda, arzuw etmek adaty bar.  Şol pursat her kim ýüreginde beslän iň gowy azuwlary birek-birege aýdylýar. Her dürli yşyklandyryjylary, baýramçylyk şowhunyny alamatlandyrýan zerli ýalpyldawuk sepýän nysaklary, ýanyp öwüşgin çaýyjy näriseleri herekete getirmäge çykylýar. Ulular baýramçylyk sowgatlary bilen birek–biregi gutlaýarlar, çagalar bolsa özleriniň Aýazbabadan garaşan sowgatlaryny arçanyň aşagyndan tapýarlar. Täze ýylyň täsin jadysy ýokary derejede. Şatlykly basyş mundan soň köp wagtlap dowam eder.

Biz dostlarymyz bilen täze ýyl agşamsynda adatça her ýyl ýerine ýetirýän däbimiz bar. Kagyzyň ýüzüne birnäçe arzuwlary ýazyp, gije ýatjak wagtyň ýassygyň aşagyna şol kagyza ýazylan arzuwlary goýup ýatmaly. Ertesi irden bolsa turan badyňa ilki çeken arzuwly kagyzlaryň içinde haýsysy bijäňden çyksa, şol arzuwyň täze ýylda hasyl bolýarmyşyn. Biz üns berdik, köplenç şol çykan arzuwly bije täze ýylda hasyl bolýar eken. Dostlarymyň biri «Täze ýylda men bagtymy tapýan» diýip ýazylan arzuwly kagyzy bijesinden çykypdy. Dogrudan hem şol ýigit täze ýylda öz bagtyny tapyp, durmuş toýuny gurupdy.

Meniň pikirimçe täze ýyl adamlaryň ýaş tapawudy bile ölçerilmeýär diýip hasap edýärin. Bu sebäbi bütin dünýä baýramy. Bu gijede daş töwerekdäki ähli zatlaryň durkunyň täzelenýän güýjüni duýmak bolýar. Ýyl çalyşýar, adamlaryň häsiýetleri üýtgeýär, düşünjeler hem garaýyşlar üýtgeýär. Hakykatdanam daş töwerekde hemme zat üýtgemäge başlaýar, dogrudanam biziň durmuşymyz has baý reňklere hem-de ýagty röwşenlere eýe bolýar. Biz şu pursatlary bütin bir ýyl üçin saklamaga çalyşmalydyrys.

Akmyrat AMANGELDIÝEW.

  • 178
  • 24.12.2018