MAKALA

Dünýäde täze ýylyň garşylanylyşy

Ine, ýyl ahyrlanyp, Täze ýyl baýramçylygy barha golaýlaýar. Bu baýramçylyk bütin dünýäde uly şowhun, şatlyk bilen bellenilip geçilýär. Bedew bady bilen öňe sary ilerleýän güneşli Diýarymyzda hem Täze ýyl baýramçylygy uludan baýram edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli dürli medeni çäreler geçirilýär.

Esasy baýramçylyk dabarasy Baş arçanyň töwereginde geçirilýär. 31-nji dekabr güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary onuň töweregine ýygnanýarlar. Meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Baýramçylyk dabarasy dürli öwüşgindäki feýerwerkler bilen utgaşyp gidýär.

Dünýäniň dürli ýurtlary Täze ýyl baýramçylygyny öz gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä garşylaýar. Gadymyýetden bäri halklaryň arasynda «Täze ýyly nähili garşylasaň, bütin ýyly şeýle geçirersiň» diýen ynanç hem bar.

Angliýada gadymy däbe görä, sagat 00:00-da öýüň arka gapysyny açýarlar. Şeýdip, köne ýyly geçirip goýberýärler. Öňki gapyny açyp, Täze ýyly garşylaýarlar.

Wengriýada Täze ýylyň birinji sekuntlarynda adamlar çaga tüýdüklerini we jürlewükleri çalýarlar. Olaryň öýdäki erbet ruhlary kowup, bagt we abadançylygy çagyrýandygyna ynanýarlar. Şeýle hem wengerler Täze ýyl naharlarynyň jadyly güýjüne ynanýarlar. Nohutdyr noýbanyň adam bedenindäki güýji saklaýandygyna, almanyň owadanlygy, söýgini eçilýändigine, balyň bolsa durmuşy süýjedýändigine ynanýarlar.

Germaniýada dürli ýaşdaky adamlar ýary gijede stoldur oturgyja münüp, bilelikde olaryň üstünden böküp düşýärler.

Rumyniýada durmuşa çykmadyk gyzlar guýynyň ýanyna gelip, şol ýerde şem ýakýarlar we guýynyň düýbüne seredýärler.

Gresiýada Täze ýyl keramatly Wasiliniň güni hasaplanylýar. Ol juda mähirliligi bilen tanalypdyr. Şol gün çagalar öz köwüşlerini pejiň gapdalynda goýýarlar hem-de keramatlynyň ony sowgatlar bilen doldurjakdygyna ynanýarlar.

Italiýada köne ýylyň soňky minutlarynda jaýlaryň äpişgelerinden döwlen gap-çanaklar, köne eşikler hatda mebeller hem zyňylýar. Olar şeýle halatda täze ýylda täze haryt satyn alynýandygyna ynanýarlar.

Ispaniýada Täze ýyl gijesinde üzüm iýmek däbi bar. Sagat 00:00 –a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. Bu bolsa 12 aýy alamatlandyrýar.

Şotlandiýada Täze ýyl özboluşly çäreler bilen garşylanýar. Şotlandlar gara ýag çeleklerini ýakyp, olary köçelerde tigirleýärler. Şeýdip, olar Täze ýyly şöhlelendirýärler.

Skandinawlar Täze ýylyň sekuntlarynda stoluň başyna jemlenip gygyrýarlar. Olar, şeýtmek bilen, maşgaladan şowsuzlygy kowýandyrys öýdýärler.

Hytaýda Täze ýyl baýramçylygy fonarlaryň baýramçylygy hasaplanýar. Täze ýyl gijesi köçelerde we meýdanlarda kiçijik fonarlar asylýar. Şol fonarlaryň şöhleleri erbet ruhlary kowýar diýip düşünýärler.

Wýetnamda Täze ýyl baýramçylygy «tet» diýlip atlandyrylýar. Bu maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Şol gün maşgala agzalarynyň arasyndaky öýke-kine ýatdan çykarylýar.

Ýaponiýada Täze ýyl iň bir uly baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar. Ýapon çagalary täze ýyly täze egin-eşikler bilen garşylaýar. Şeýle hem olar şol gije ýassygynyň aşagyna öz arzuwlary suratlandyrylyp çekilen suraty goýýarlar. Täze ýylyň ilkinji güni ýaponlar biri-birini gutlap, sowgat berýärler. Şol gije 108 gezek jaň kakylýar.

Kubada Täze ýylyň öň ýanynda öýdäki gap-çanaklary suw bilen doldurýarlar. Şol günüň ýary gijesinde bolsa äpişgeden gap-çanaklardaky suwy döküp başlaýarlar. Şeýtmek bilen, olar Täze ýylda suw ýaly arassa we dury ýol arzuw edýärler.

Nepalda Täze ýyly günüň dogmagy bilen garşylaýarlar. Täze ýyl gijesi bolsa nepallylar uly ot ýakyp, şol ýere gerek däl zatlaryny zyňýarlar. Ertesi gün bolsa boýag baýramçylygy başlanýar. Adamlar ýüzüni, elini reňkleýärler. Soňra aýdym aýdyp, tans edýärler.

Daýanç ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we

demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

  • 73
  • 25.12.2018