MAKALA

Gowusyndan gowusy näme?

Basym ene bolmaly suw guşy höwürtge gurmak üçin beýik ýeri saýlapdyr. Ol muny ähli zatdan goranmak üçin edipdir.

Haçan-da, jüýjeleri peýda bolanda welin, olar beýik ýerden ýykylyp gaçar gorkusy bolanlygy sebäpli, höwürtgesini aşak düşüripdir.

Jüýjeleriniň ulalyp, owadan ýelekleri peýda bolup başlanda olar rahat bolsunlar diýip, höwürtgesini has pese, elýeter ýere geçiripdir. Bu hem onuň goýberen iň uly ýalňyşlygy bolupdyr.

Her bir zatda hereket dogry pikir bilen amal edilmelidir. Aramlyk, ortalyk iliň halaýanydyr.

 

Hytaý dilinden terjime eden

Mähriban GELENOWA,

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

  • 40
  • 27.12.2018