MAKALA

Köýtendag täsinlikleri

Şu ýyl 23-nji noýabrynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni ýene-de bir möhüm meselä, ýagny ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda ösdürmegiň işlenip taýýarlanylýan maksatnamasyna sanly syýahatçylygy girizmek meselesine çekdi. Bu mejlisde milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki zaman syýahatçylyk ulgamlarynyň döredilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, ýurdumyza innowasiýa tehnologiýalaryny giňden çekmegiň we ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň bütin dünýäde iň girdejili ugurlaryň biridigini belläp, ýurdumyzyň täsin ýadygärlikler we medeni desgalar, beýik şahsyýetler bilen bir hatarda, syýahatçylary çekmek üçin saglygy dikeldiş mümkinçiliklerine-de eýedigine we şol mümkinçilikleriň doly möçberde peýdalanmalydygyny hem aýtdy.

Hakykatdan-da, biziň güneşe baý, täsin tebigatly ülkämizde dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekip biljek, olary galdyrjak ýerler näçe diýseň bar. Ýurdumyzyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen biz dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen köp taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýduk. Şonuň üçin biziň ýurdumyz bilen gyzyklanma dünýä döwletleriniň arasynda barha artýar. Ylaýta-da syýahatçylyk ugry biziň ýurdumyzda soňky döwürde ösýär we kuwwatlanýar, öz gerimini barha giňeldýär.

Diýarymyzyň gündogar künjegini Köýtendag ýassanyp ýatyr. Köýtendagyň eteginde Garlyk şäherçesiniň gurulmagy şanly wakalaryň biri boldy. Bu ýerdäki senagat kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň we jahankeşdeleriň ýaşamagy üçin ähli şertleri göz öňünde tutulyp gurlan şäherçe göýä, gökden ýere gelip gonan ak guwlaryň toparyna meňzeýär. Giň we göni köçeleriň ugrunda gurlan ýaşaýyş jaýlary, medeni ojaklar, suw çüwdürimleri dag tebigatynyň gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp görnüşi emele getirýär. Bu künjege demir ýol ulagy bilen gelip Kelif şäherçesinde düşeniňden soňra seni gol bulap garşy alýan Garlyk şäherçesi Köýtendag bilen tanyşlygyň başyny başlaýar. Eýýäm müňlerçe syýahatçylary garşy alyp, olaryň kalbynda Köýtendag täsinlikleri barada hiç wagt ýatdan çykmajak täsinlikleri galdyran bu künjegiň uly syýahatçylyk geljegi bar.

Hormatly Prezidentimiz 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda bu ýere gelende dinozawrlaryň aýak yzlary galan dag ýapgydy, «Kyrk gyz» jülgesi we beýleki birnäçe tebigat täsinlikleri synlamak bilen, «Bu ýerdäki dag düzlüklerinde mundan birnäçe million ýyl öň ýaşap geçen dinozaworlaryň yzlary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr, bu yzlary synlanyňda, müňýyllyklara uzap gidýän taryh göz öňünde janlanyp, geçmişe syýahat eden ýaly bolýarsyň» diýip belledi. Milli Liderimiz dinozaworlaryň yzlary saklanyp galan bu täsin tebigatly ýerleri bütin adamzadyň umumy medeni gymmatlygyna öwürmek, bu ýerleri we goraghananyň beýleki tebigy ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça ähli zerur işleri geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygynda guralan halkara ylmy ekspedisiýa we maslahat «Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri» diýip atlandyryldy. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan gelen alymlar birnäçe günläp, Köýtendagyň täsinliklerini we wakalaryny öwrendiler. Olar bilen bilelikde işlän türkmen alymlary olara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermek bilen, geçirilýän her bir seljermäniň, ölçegiň takyk bolmagyny gazandylar. Netijede, bu ýerdäki dag täsinlikleri, tebigat we haýwanat dünýäsi barada örän köp maglumatlar we ylmy seljermeler toplandy. Hatda Köýtendagyň derelerine çenli ähli gyzykly maglumatlar alymlaryň nazaryndan sypmady. Her günki ýerine ýetirilen işler barada alymlar agşam özara pikir alyşmak bilen umumy netijelere geldiler. Halkara ekspedisiýanyň işine bagyşlanyp, Türkmenabat şäherinde bolan jemleýji maslahatda bolsa olar Köýtendagyň täsinlikleriniň, tebigatynyň gaýtalanmajak seýrek häsiýete eýedigini nygtamak bilen, ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmagy teklip etdiler. Ondan bäri geçen alty ýyldan gowrak wagtyň içinde bu ýerde ýene-de birnäçe seljerme işleri geçirilip, Köýtendagyň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada, Gaýnarbaba çeşmesiniň suwunyň düzümi, gowaklardaky minerallaşan dag jynslary barada örän köp sanly maglumatlar toplanyldy.

1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredilen Köýtendag döwlet goraghanasy bu sebitde diňe bir gorag işlerini alyp barman, eýsem, dag jynslaryny, tebigatyny, gowaklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy esasda öwrenmek işlerini-de alyp barýar.

27 müň 139 gektar meýdany tutýan bu goraghanada ýurdumyzyň iň beýik nokady – Aýrybaba belentligi deňiz derejesinden 3137,2 metr beýiklikde ýerleşýär. Hojaýpil obasyndaky «Dinozawrlaryň ýapgydy» diýilýän täsin paleontologik ýadygärlik bolsa aýratyn gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň 1990-njy ýylyň 3-nji awgustynda kabul eden Karary esasynda bolsa bu täsin paleontalogik ýadygärlik döwlet tarapyndan goralyp saklanylýar.

Professor W.I.Sedleskiniň çaklamasyna görä, bu sudurlarda, takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ösümlik iýiji we ýyrtyjy dinozawrlaryň aýak yzlarynyň alamatlary bar. Yzlaryň daş keşbi üç barmagyň anyk bildirýän oýuk sudurydyr. Dinozawrlaryň ädiminiň uzynlygy 1,5 metr töweregi bar. Iri dinozawrlaryň boýy 8 – 12 metre, göwresiniň uzynlygy 5 metre, agramy bolsa 5-den 19 tonna çenli bolandyr diýip çaklanylýar. Bu ýerde dinozawrlaryň 800-e ýakyn aýak yzlarynyň bardygyny anyklanyldy.

Hojagaýnar ýa-da Gaýnarbaba çeşmesi tebigatyň täsin we ajaýyp ýadygärligidir. Ol Köýtendagyň günbatar ýapgydyndan öz gözbaşyny alýar. Daşyň aşagynda çogup çykýan kükürtli-wodorodly suw köp dertleriň dermany, onuň suwy şorrak, özi hem mydama 22 derejede saklanýar. Çeşmäniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan molýuskalar, sülükler, balyklar we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Alymlar bu çeşmäni «gadymy haýwanlaryň janly muzeýi» diýip atlandyrýarlar. Ol ýerde Aksuw we  Garasuw atly iki çeşme akýar.

Garasuw çeşmesiniň ugrunda kiçiräk köl emele gelipdir. Bu kölüň suwy örän dury bolup, düýbündäki daşjagazlary we içindäki ýüzüp ýören balyklary görüp bolýar. Oba adamlary bu köli keramatly hasaplaýarlar we onuň balyklaryna degmeýärler.

Aksuw çeşmesi özüniň bejeriji, derman suwy bilen tapawutlanýar. Suwuň ysy ýakymsyzdyr, ýöne adam üçin örän peýdalydyr. Ol aşgazan, içege, deri kesellerini we tendäki ýaralary bejermäge kömek edýär. Köýtendagda ululy-kiçili gowaklaryň 60-a golaýy bar. Şol gowaklaryň bäş sanysy özleriniň gözelligi, uzynlygy, täsinligi bilen beýleki gowaklardan tapawutlanýar. Olar «Garlyk gowaklary» ady bilen ylymda giňden mälimdir. Haşymoýuk, Gap-gotan, Daşýürek, Gülşirin we Aralyk gowaklary Köýtendag etrabynyň Garlyk obasyndan  5-7 kilometr gündogarda, deňiz derejesinden 750-900 metr belentde ýerleşýär.

Gowaklaryň şeýle täsin dünýäsi, onuň özüne mahsus howasy adamlary asyrlarboýy özüne çekip gelipdir. ABŞ-da, Abhaziýada speleosyýahatçylyk, ýagny gowaklara syýahatçylyk örän ýokary derejede guralandyr. Biziň güneşli ýurdumyzda hem  speleosyýahatçylygy gurnamagy ýola goýmaga mümkinçilikler bar.

Gözel Köýtendag häzirki wagtda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň köp gelýän hem-de uly gyzyklanma bildirýän täsin ýerleriniň birine öwrülýär.

 

Hudaýberen ABRAÝEW,

«Türkmenistan» .

  • 239
  • 27.12.2018