MAKALA

Täze ýyl täsinlikleri

* Ýewropa döwletlerinde Täze ýyl arçasyny bezemek Martin Lýuteriň ady bilen baglanyşdyrylýar. Sebäbi onuň teklibi boýunça tokaýda ilkinji arça bezelýär. Onuň depesine ýyldyz ýerleşdirmek bolsa kakasynyň kömegi bilen amala aşýar. Bu ýyldyz asuda asmany, ýagtylygy, agzybirligi alamatlandyrýar. 1840-njy ýylda bolsa öýde arça bezemek däbi ýüze çykýar. Öýlerde ajaýyp arçalary bezemek işi şol günlerden bäri dowam edip gelýär.

* 69 ýyl mundan ozal Norwegiýanyň paýtagty Oslonyň halky 2-nji dünýä söweşinde beren kömegi üçin minnetdarlyk hökmünde Londona täsin tokaý arçasyny sowgat edýär. Şol Täze ýyl arçasy häzirki wagtda hem Londonyň merkezi meýdançasyna bezeg berýär.

* Nýu-Ýorkyň Metropoliten muzeýindäki Täze ýyl arçasy 200-den gowrak dürli hili jäjegi ýygnap, arçany we onuň töweregini öz hyýaly esasyna sahnalaşdyran Lorrety Goward atly çagajykdan ýadygärlikdir. Ol çagajyk häzirki wagtda biziň aramyzda ýok. Emma onuň nebereleri XVIII asyrdan bäri bu arçany täze jäjekler bilen baýlaşdyrmagyny dowam etdirýärler.

* Gündogar Ýewropa döwletleriniň aglabasynda täze ýyl baýramçylyk däpleri 25-nji dekabrda 6-njy ýanwara çenli dowam edýär.

* Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabidäki «Emirates Palace» myhmanhanasynda dikilen arça dünýäniň iň gymmat bahaly Täze ýyl arçasy hasaplanýar. 13 metre barabar bolan bu arçanyň bahasy göni 11 million dollara barabardyr.

* Maldiw adalaryndaky «Anantara Kihavah Villas» kurortyndaky Täze ýyl arçasynyň bezegi ýerli biologlar tarapyndan döredilipdir. Bu baýramçylyk arçasy suwuň aşagynda ýerleşýän «Sea Restaurant» atly restoranda goýulypdyr. Arçanyň täsinligi, onuň diňe merjenlerden düzülenligidir.

* Geçen ýylda iň uly arça Kuala-Lumpur şäherinde bezeldi. Onuň beýikligi 112 metre deň boldy. Ýewropa döwletlerinde bolsa iň beýik arça Polşa döwletinde bezeldi. Köpleri haýran galdyran arçanyň beýikligi 72 metre barabar bolup, onda 2 milliona golaý çyrajyklar ýerleşdirilipdir. Ähli bezegleri bilen umumy agramy 180 tonna golaý bolan arçany bezemek üçin 350 adam bir aý töweregi iş edinipdir.

* Italiýanyň Murano adasy özüniň öndürýän aýna önümleri bilen dünýäde adygandyr. Bu ýerde müň ýyldan bäri aýna önümleri öndürilýär. 2006-njy ýylda aýna önümlerinden ýasalan Täze ýyl arçasy Murano adasyny has-da şöhratlandyrdy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanan

Toýguly TOÝJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň talyby.

  • 67
  • 28.12.2018