MAKALA

Gije-gündiz sak durup biz gullukda, Täze ýyly garşylalyň saglykda!

Täze ýyl adatça hiç bir ynsanyň deňinden biparh geçip bilmeýän maşgala baýramçylygy hasaplansa-da, ony dürli kärlerde zähmet çekýän millionlarça adamlar bilen bir hatarda, jogapkärli wezipe hem gulluk borçlaryna laýyklykda serhetçilerimiziň ençemesiniň ýurdumyzyň dost-doganlyk serhediniň asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň goragynda öz gulluk ýerlerinde garşy almaly bolýandygyny megerem, bilýän bolsak gerek. Täze 2019-njy ýyly hem Watanymyzyň serhediniň goragynda garşylajak serkerdelerimiziň, harby talypdyr esgerlerimiziň baýramçylyk şatlygyny okyjylarymyza ýetirmek bilen, biz olaryň ählisine Täze ýyl gijesi alyp barjak jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuwlaýarys.

Bigam MÄMMETNAZAROW,

leýtenant.

— Men ýurdumyzyň iň gündogar nokadynda ýerleşýän serhet galalarynyň birinde gulluk edýärin. Täze ýyl şatlygy ähli ýerde-de ajaýypdyr welin, ony ýurdumyzyň iň gündogar çetinde garşylamagyň şatlyg-a juda üýtgeşik. Sebäbi Täze ýyl hut biziň serhet galamyzdan ätläp, ata Watanymyza gadam goýýarda, bütin ýurdumyzy toý-şatlyga besleýär.

Serhet galamyzyň Täze ýyl şatlygy bilen dem alýan keşbini ýüregimizde göterip, tabşyryga barşymyza iň gowy günleri bilen bize sary gelýän ajaýyp ýylyň asudalygyny goramak üçin hüşgärligiň mukaddes borjumyzdygyna düşünýäris. Çünki Watanyň serhetden başlanyşy ýaly, ýyllaryň goýnunyň rahatlygam hut mukaddes araçäklerimiziň asudalygyndan gözbaş alýar. Diýmek, biziň bu ýerde serhedimiziň goragy ugrunda alyp barýan gullugymyz millionlarça watandaşlarymyzyň we öz ojaklarymyzyň töründe şatlyk-gülki bilen göge göterilýän Täze ýyl şatlygynyň özüdir. Ýyldan-ýyla aşyp gelýän şeýle bagtyýarlygyň dowamat-dowam bolmagy üçin biz, serhetçiler öz gullugymyza has-da jogapkärçilikli çemeleşip, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, mähriban halkymyza, ata Watanymyza wepaly gulluk ederis!

Nazar BEKMYRADOW,

lukmançylyk gullugynyň

podpolkownigi.

— Bilşimiz ýaly, adamzat saglygyny goramak ähli döwürler üçin hem iň möhüm meseleleriň biri bolup galýar. Hut şonuň üçin-de Täze ýyly işde garşylamak bijämizi biz hemişe-de ak ýürekden kabul edýäris.

Täze ýyly maşgala baýramçylygy hökmünde öz çagalaryň arasynda garşylasaň has göwne jaýdyr welin, ýöne käriň lukman bolsa, käte nobatçylygyň däl gezegem iş ýeriňde bolmaly halatam bolaýýar.

Bir gezegem Täze ýyl saçagynyň başynda ajaýyp senäni garşylamagyma sanalgyja minutlar galanda gaýragoýulmasyz hassanyň geleni üçin tiz gelmelidigimi aýtdylar. Bu habara Täze ýyly kakalary bilen garşylamakçy çagalarymyň birbada ýüzleri sallansa-da, her hal kärime düşüş maşgalamyň olara eden hoşamaýlyklary we duýdansyz gapydan giren Aýazbaba dadyma ýetişäýdi. Her gezek Täze ýyl diýilse perişde deý gapydan girip gelen şol Aýazbabany ýatlap, şindilerem oňa tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýagşylyga ýaran, bedew bady bilen günsaýyn özgerýän parahat ýurdumyzda Täze ýyly iş ornunda garşylaýan müňlerçe ynsanlaryň hem törüne Aýazbabalar toý şatlygyny, bagt buşlugyny alyp gelsin!

Merdan

ORAZBERDIÝEW,

kapitan.

— Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çäksiz tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen Halkara howa menzilinde Täze ýyly garşylamak gyzykly hemem tolgundyryjy. Şeýle kaşaň, halkara derejeli howa menziliniň gujagyndaky adamlary sag aman ugradyp, sag aman garşylamakda öz goşandyň bardygyny duýmak ýakymly.

Täze ýyly öz maşgalaň arasynda bellemek gowy diýilýär. Dogrudyr, inkär etmeýärin. Goý, Täze ýyl maşgalaň bilen, dost-ýaryň bilen ýa-da iş, gulluk ornuňda işdeş, gullukdaş ýoldaşlaryň bilen garşylansyn, tapawudy ýok. Iň esasy zat, Täze ýyl her bir maşgala ojagyna rysgal-döwlet, agzybirlik, saglyk hem-de bagt getirsin! Ata Watanymyzda Kerim şahyryň aýdyşy ýaly:

Täze ýylda hemmämize,

Täze bagt hemra bolsun!

Saçagymyz deňiz bolsa,

Zähmetimiz derýa bolsun!

Batyr NOBATOW,

harby talyp.

— Mugallymlarymyzyň ýa-da serkerdelerimiziň hem belleýşi ýaly, talyplyk döwrüňde döwrüň sesine ses goşup, toý-baýramlary garşylamak tolgundyryjy. Ine, häzir men ýene-de institutymyzda nobatçylykda durun. Emma göwnüme bolmasa dek düýn ýaly bolup dur, ejeme gabasakgal Aýazbabanyň ýazda nirä gidýäni barada sowal yzyna sowal berip ýörenim. Heniz dördünji synpda okaýarkam Täze ýyl gijesi öýümize gelen Aýazbabadyr öýdýänimiň agalarymyň biridigini bilip, haýran galan bolsam, bu gün bolsa 4-nji ýylyň harby talyby hökmünde wagtyň şeýle ýyndamdygyna haýran galýaryn.

Bagtyýar Watanymyzyň goýnunda mugallymlarymyzdyr serkerdelerimiz tarapyndan öwredilýän bilimleri kämil derejede özleşdirip, öz kärine ökde serkerdeler bolup ýetişmek üçin biz irginsiz okarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, «Güýçli döwletde ylym iň esasy orny eýeleýär. Diýmek biz ylym-bilimiň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris.»

Myrat MYRADOW,

kapitan-leýtenant.

— Siz deňzi synlap gördüňizmi, onda-da gije?! Gije Aý yşgyna gözýetim bile birleşip gidýän mawy deňziň üstüne asmandan dökülen ýaly ýyldyzlaryň ýaldyraşyp durşunyň özi ömre barabar pursatlar ahyryn. Deňizçi serhetçi hökmünde şeýle ajaýyp gijeleriň ençemesine şaýat bolanam bolsam, Täze ýyly şeýle gözellikler içre garşylamak bagtynyň özi gullugyňa-da, ýüregiňe-de ylham berýär. Deňiz serhediniň asudalygyna gözegçilik edip barşyňa eýýäm her ojagyň törüne tarap alňasap barýan Täze ýylyň ähli adamzat bilen baş jemlikde, süýjülikde seniňem öýüň törüne barýandygy bolsa, her bir Watan goragçysyny guwandyrýan bolsa gerek.

Aýazbabanyň elinden kakasynyň ýollan sowgatlaryny alan perzentlerimiň bolsa, Täze ýyl gijesinde düýşlerinde deňiz asudalygy ugrunda gulluk alyp barýan kakalaryny görjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn. Eýsem, bagt üçin şundan uly näme gerek?!

Agamyrat ABDYÝEW,

kapitan.

— Mukaddes serhedimiziň goragy diňe gury ýerde ýa-da suwda däl, eýsem, asman giňişliginde hem üpjün edilýär. Saýlap alan hünärim sebäpli ykbal meni ençeme gezek mawy gökde perwaz etdirip, dost-doganlyk serhedimiziň goragyna mynasyp goşant goşduranam bolsa, Täze ýylda gulluk alyp barmagyň orny başga. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Täze ýyl baýramçylygynyň şatlygyna çümen Watanymyzda eýýäm hoşlaşyp barýan ýylyň içinde bitirilen işleriň ölçegine goýlan gymmat ähli halkymyz bilen bir hatarda, seniň hem buýsanjyňy, gullugyňa bolan jogapkärçiligiňi artdyrýar. Täze ýylda asman laçynyna atlanyp, ähli adamlara şahyryň dilinde ýaňlanan:

Täze ýyl şeýle bir lukman ýyl bolsun –

Nesilsiz ojaklar bolsun nesilli.

Önelgesiz enäň, perzentsiz ataň,

Çökgün göwünlerne insin teselli – diýen iň ajaýyp dilegleri begenç hem buýsanç bilen paýlasyň gelýär. Çünki aýdyşlaryna görä, Täze ýylda edilen gowy dilegler ýerde galmaýarmyşyn.

 

Mekan MYRADOW,

esger.

— Her ynsanyň iň söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýyly ýatlanymda geçen ýylky täze ýyl gijesi ýadyma düşüp, ýylgyranymy duýman galýaryn. Ýylgyrmazça boldumy eýsem! Gullukdaş ýoldaşlarymyz we serkerdelerimiz bolup agzybirlikde Täze ýyly garşylamaga birnäçe minut galanda serhet galamyzda kakylan «Tebil» yşaraty zerarly, çalasynlyk bilen habar gelip gowşan ýere gitmeli bolupdy. Öz gullugyna hüşgär serkerdelerimdir gullukdaşlarym bilen ol ýere sähel salymda barsak, aýajygy sime çolaşan keýijegiň durandygyny gördük. Ählimizi alada goýanyna utanýan ýaly gaçmaga synanyşyp başarmadyk keýijegiň aýagynyň zeperleneni üçin ony serhet galamyza alyp gaýtmaly bolduk. Şeýdip, Täze ýyly garagolja keýijek zerarly serhet tabşyrygynda garşylamaly bolduk. Bu ýylky Täze ýyl iki ýyl harby gulluk möhletimiň iň soňky Täze ýyly bolsa-da, Watanyma gullugyma ömürlik dowam berjek ýyl bolar. Çünki men harby gullugymy tamamlap, serhetçi serkerde bolmak isleýärin. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çäksiz tagallalary bilen gurlan Serhet institutynda bu ugra höwesli ýaşlaryň ýokary derejede bilimdir terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Bize diňe şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanaýmak galýar. Täze ýyl bolsa ýurt goragyny ykbalyna öwürjek esgeriň arzuwlaryny elbetde, hasyl etse gerek.

Aknur ROZYÝEWA.

  • 151
  • 30.12.2018