MAKALA

Bilim ulgamyndaky özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyna geçmek barada aýdanlary häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Sanly bilim ulgamy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki okuw we okuw sapaklaryny guramakda uly ähmiýeti bar.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde internet aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen göni aragatnaşykda teleköpri arkaly okuw usuly sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow özüniň «Çeper döredijilik psihologiýasy» atly kitaby esasynda gyzykly okuw sapagyny alyp  bardy. Okuw sapagyny diňlän mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary özlerini gyzyklandyrýan sowallara teleköpri arkaly degerli jogaplary aldylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda täsirli geçirilýän okuw sapaklary talyp ýaşlaryň hünär kämilliginde tejribe toplamaga uly ýardam edýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap bilim bermek üçin hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine bilim işgärleriniň we talyp ýaşlaryň alkyşlarynyň çägi ýok.

Maýa HALYKBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary

kafedrasynyň mugallymy.

  • 162
  • 30.12.2018