MAKALA

Bilimleriň çesmesi hakynda

Geçirilen barlaglara görä, 4 — 6 ýaş çaga okamagy öwretmek üçin iň amatly döwürdir.

* * *

Köp halatda okyjynyň elindäki eseri soňuna çenli okap-okamajaklygy 18-nji sahypa çenli belli bolýar. Eger okyjy degişli sahypa ýetende, okaýan eseri ony gyzyklandyrýan bolsa, onda kitapsöýüjiniň ýazylanlaryň ählisi bilen tanyşman oňmajakdygy bolup biljek ýagdaýdyr.

* * *

Maglumatlara görä, häzirki wagtda satylýan kitaplaryň ýarysyny 45 ýaşdan ulular satyn alýarlar.

* * *

Satuwa goýberilen kitaplaryň 68 göterimi zenanlar tarapyndan satyn alynýar.

* * *

Kitap dükanynyň alyjysy kitabyň öňündäki daşlyga ortaça 8 sekunt garasa, yzyndaky daşlyga 15 sekunt göz aýlaýar.

* * *

Meşhur rus ýazyjysy M.Gorkiý kitabyň ähmiýeti dogrusynda şeýle belleýär: «Kitap — bilimleriň çeşmesi. Şonuň üçin kitaba hormat goýuň, sebäbi ol bizi ruhy taýdan güýçli, päk, paýhasly adamlar edip ýetişdirer».

* * *

Pallamak barada okaýan adamynyň özi-de adatça pallap başlaýar.

* * *

Kitap ynsan göwnüniň dünýäni synlaýan aýnasydyr.

 

Toplan Ejebaý HAJAMANOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

  • 86
  • 05.01.2019