MAKALA

Sport ömrüňi uzaldýar

Gollandiýaly alymlar ynsan ömrüniň ortaça uzaklygyny kesgitläpdirler. Bu barada Tilburg uniwersitetiniň saýtynda habar berilýär.

         Olar Gollandiýada 30 ýylyň dowamynda ýaşan we ýaşy 90-dan geçen adamlaryň 75 müňüsi bilen tejribe geçirip, şeýle netijä gelipdirler.

         Bilermenler ýaşuly adamlaryň saglygyny seljerip, erkek kişileriň 114 ýaşa çenli, zenan maşgalalaryň 116 ýaşa çenli özlerini oňat duýup, garrylygy durnukly geçirip biljekdiklerini aýan edipdirler.

         Tejribä gatnaşan adamlaryň durmuşy öwrenilende olaryň hemmesiniň diýen ýaly hemişe hereketde bolandyklary, aglabasynyň bolsa ozal sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen meşgullanandygy aýan edilipdir.

Munuň özi her bir adamyň öz saglygy hakynda yzygiderli alada eden we sport bilen meşgullanan halatynda uzak we sagdyn ýaşap biljekdigi baradaky aýdylýan gürrüňleri ylmy taýdan subut edýär.

         Dünýäniň iň uzak ýaşly adamy fransiýaly zenen Žanna Kalman bolup, ol 122 ýyl 164 gün ýaşapdyr.

Taýýarlan Laçyn HUDAÝGULYÝEWA.

  • 66
  • 06.01.2019