MAKALA

Aziýada ýewropaly tälimçiler

Gatnaşýan 24 ýygyndynyň 4-sine (Türkmenistan, Awstraliýa, Ýaponiýa, D. Koreýa) ýerli tälimçiler tälim berýär. Galan 20 toparyň tälimçisi başga ýurtlardan bolup, olaryň arasynda Italiýadan, Portugaliýadan, Belgiýadan hem-de Ispaniýadan 2 tälimçi bar. Gatnaşýan toparlaryň käbirlerine Marçello Lippi, Alberto Zakkeroni, Swen-Goran Eriksson, Paulo Bento, Karloş Kueiroş, Hektor Kuper, Huan Antonio Pizzi ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda işläp, uly-uly başarnyklar gazanan meşhurlar tälim berýär.

 

Toparlar we tälimçileri:

 

BAE–Alberto Zakkeroni (Italiýa),

Tailand–Milowan Raýewaç (Serbiýa)
Hindistan–Stefen Konstantin (Angliýa),

Bahreýn – Miroslaw Soukup (Çehiýa)
Awstraliýa – Grem Arnold (Awstraliýa),

Siriýa – Bernd Ştange (Germaniýa)
Palestina – Nureddin Ould Ali (Alžir),

Iordaniýa – Wital Borkelmans (Belgiýa)
Günorta Koreýa – Paulo Bento (Portugaliýa),

Hytaý – Marçello Lippi (Italiýa)
Gyrgyz Respublikasy – Aleksandr Krestinin (Russiýa),

Filippinler – Swen-Goran Eriksson (Şwe­siýa)
Eýran – Karloş Kueiroş (Portugaliýa),

Yrak – Sreçko Katanes (Sloweniýa)
Wýetnam – Park Han-seo (G. Koreýa),

Ýemen – Ýan Koçian (Slowakiýa)
Saud Arabystany – Huan Antonio Pizzi (Ispaniýa),

Katar – Feliks Sançes (Ispaniýa)
Liwan – Miodrag Radulowiç (Garadag),

Demirgazyk Koreýa – Kim Ýon-ýun (D. Koreýa)
Türkmenistan – Ýazguly Hojageldiýew (Türkmenistan),

Ýaponiýa — Hažime Moriýasu (Ýaponiýa)
Özbegistan – Hektor Kuper (Argentina),

Oman — Pim Werbeek (Gollandiýa)

 

Internet maglumaty esasynda taýýarlanylan.

  • 83
  • 08.01.2019