MAKALA

Sportuň görnüşlerine görä surat almak

Sportuň köp görnüşleri togtamaýan hereketden durýar. Şonuň üçin sport ýaryşlaryny surata düşürmekde ussatlyk gerek.

Alan suratyňyzyň oňat bolmagy üçin oňaýly ýer saýlamak derwaýys. Özüňiz pikir edip görüň, nirede ýaryşyň has çekeleşikli geçjek nokady?! Surata düşürýän türgeniň yzyndaky görnüşe-de üns bermeli. Yzdaky görnüşiň ala-mula bolup durmagyna ýol bermeli däl. Oýunçynyň arkasyndaky münberde tomaşaçy az bolsa-da, fotosuratçynyň azaby ýerine düşmez. Oýunçynyň arkasyndaky görnüşde mahabatlaryň görünmeginiň-de suratyňyzy bezemejekdigini bilip goýuň!

Sportuň ähli bökülýän ýeri bar bolan görnüşlerinde aşakdan almaga ýykgyn ediň. Bu oýunçynyň nähili belentlige bökenini, aýagyny ýerden üzen pursadyny görkezmäge mümkinçilik berýär we suratyň täsirini artdyrýar. Ýöne böküşli sport oýunlaryndan: lyžada typmak, buz üstünde typmak, dagda taýmak görnüşlerinde has ýokardan almak täsirliligi artdyrýar. Ol sport oýunçysynyň nähili ezberlik bilen çykyş edýändigini açyp görkezýär.

Motor, tigir sürmekdäki ýaryş, ralli ýaryşlarynda aylawly ýerlerden, öwrüm bar bolan ýerlerden surata almak maslahat berilýär. Bu ýaryşyň kynçylyklardan ybaratdygyny, türgeniň şol päsgelçilikleri ýeňip geçýändigini aňlatmak üçin möhümdir. Şeýle-de, türgeniň suratyň ortarasynda bolmagyny gazanmaga çalşyň.

Hokkeýde, futbolda eliň fotoapparatly iki ýana ylgap ýadap ýörmegiň zerurlygy ýok. Iň gowusy, amatly bir ýer saýlap, şol ýerden oýnuň geçýän ýerine syn edip, oňat pursatlary duşdan geçirmejek bolmaly.

Ýöne bu aýdylanlaryň hemmesi-de şertli ýagdaý bolup, iň esasy zady hem unutmaly däl. Ol hem siziň oýnuň geçýän ýerine has golaýlygyňyza-da köp zat baglydyr. Şeýle hem oýunçynyň ýüzüniň kadra düşmegini gazanjak bolmaly. Özem ol kadrdan biraz daşrakda bolsa gowy.

Kämil fotoapparat hem sport fotožurnalistiniň üstünliginiň biridir. Sebäbi örän tiz hereket bilen geçýän pursatlary doňdurmak üçin kämilden kämil, tiz hereketi çaltlyk bilen tutup bilýän fotoapparatyň bolmagy möhüm zat. Käte sport fotožurnalisti oýnuň iň ähmiýetli ýerini görmegi başarýar, mysal üçin, futbolda oýunçynyň derwezä top geçirýän pursadyny görmegi başarýar. Elindäki taýýarlap oturan fotoapparatynyň «doňdurmak» düwmesini bassada, sähelçe eglenen sekundy bilen gören pursadyny sypdyryp, ýerine başga bir suraty alanlygy üçin ahmyr bilen başyny ýaýkamaly bolýan gezekleri seýrek duşanok.

Sport oýunlaryny surata düşürýän fotožurnalistiň ýanynda jübüli fotožiletiniň bolmagy-da artykmaçlyk etmeýär. Ol fotoapparata degişli ownukly-irili enjamlary we gerek-ýarak zatlaryňy salmak üçin amatlydyr.

Şol bir sport ýaryşyndan alnandygyna garamazdan, suratlaryň meňzeş bolmagy hökmany däl. Surat almakda täze-täze usullary gözlemeli. Mundan birnäçe ýyl öň «Sports Illustrated» žurnalynda işleýän amerikaly žurnalistlere futbol ýaryşyndan işleýän žurnaly üçin surat almak tabşyrylanda, täze usuly ulanyp görmegi ýüregine düwüpdirler. Munuň üçin olar ýoň bolan dik duran adamyň göz deňinden surat almak endigini başga usul bilen çalşyp görüpdirler. Olar ýerde ýatyp, aşagrakdan surata alypdyrlar. Şeýdende, sport fotožurnalistleri fotoapparatyna has giň ölçegiň sygýandygyna göz ýetiripdirler. Şeýdip surata almagyň oňaýly ýollarynyň ýene biri ýüze çykypdyr. Häzir futbolda, sportuň başga görnüşlerinde-de hemmeler şu usulda surata düşürmekden peýdalanýarlar. Şonuň üçin surata düşüreniňizde hemişe täzeçillige ýykgyn ediň!

Şamuhammet NEPESOW,

TMSSI-nyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň sport

žurnalistikasy hünäri boýunça mugallymy.

  • 70
  • 09.01.2019