MAKALA

Tennisiň ussatlary

Tennis boýunça erkekleriň arasynda Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçirilen «Brisbane» halkara ýaryşynda ýaponiýaly Kei Nişikori ýeňiş gazandy. Ol finalda Daniil Medwedewden 2:1 (6:4, 3:6, 6:2) hasabynda üstün çykdy. Bu onuň ATP-niň ýaryşlaryndaky 12-nji çempionlygy bolup, ol Brisbende ilkinji gezek kubogy eýeledi.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň finalynda-da çehiýaly Karolina Plişkowa bilen ukrainaly Lesia Surenko duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda 3 tapgyryň netijesinde Plişkowa garşydaşyna 2:1 (4:6, 7:5, 6:2) hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi. Plişkowada edil Nişikori ýaly özüniň sport ýolundaky 12-nji kubogyny asmana göterdi.

Internet maglumaty esasynda taýýarlandy.

  • 71
  • 13.01.2019