MAKALA

Dünýäniň täsin kitaphanalary

Kitaphanalar diňe bir gerekli kitabyň okalýan ýeri bolmak bilen çäklenmeýär. Bu kitap okamagyň höwesi bilen ýaşaýan millionlarça adamyň täze bilimler, täze duýgular bilen gabatlaşýan, islendik kitabyň iň gowy dosta öwrülýän ýeridir.

 

Sandro Piýeny adyndaky kitaphana

Daşyndan seredeniňde, Italiýa uçýan tarelka gonan ýaly. Aslynda bu Italiýanyň Perujia şäherinde 2004-nji ýylda gurlan Sandro Piýeny adyndaky jemagat kitaphanasydyr. Bu kitaphananyň binasy uçýan tarelkanyň şekilinde bolup, diwarlary gülgüne reňkli dury aýnalydyr. Kitaphana müňlerçe okyja gije-gündiziň dowamynda hyzmat edýär.

 

Luýi Nýuseriň kitaphanasy

Bu adaty bolmadyk heýkel — Luýi Nýuseriň kitaphanasy. Baş kitaphana 2002- nji ýylda binagärler Iwo Baýar we Fransis Şapýu tarapyndan gurlupdyr. Gurlan badyna bu kitaphana Fransiýanyň Nissa şäheriniň nyşanyna öwrülipdir, şonuň bilen birlikde hem «dünýäde iň özboluşly» diýen ada eýe bolupdyr. Bu heýkeliň anyk ady «Gutudaky pikir ýöretme» bolup, daşyndan adamyň kellesiniň gutynyň içindäki görnüşini göz öňüňde janlandyrýar. Binagärler, bir tarapdan, adam elmydama täze çözgütleri tapmagyň ugrunda bolmaly, beýleki tarapdan bolsa, «Biz mydama kellämizi akylly pikirlerden dolduryp durmaly» diýen maksady öňe sürüpdirler. Luýi Nýuseriň kitaply başynda diňe ýolbaşçy düzüm işleýär. Kitaplar we okalga zallary bolsa binanyň golaýynda ýerleşýär.

 

Delft tehniki uniwersitetiniň kitaphanasy

Niderlandiýanyň Delft uniwersiteti Ýewropanyň iň iri tehniki uniwersiteti hasaplanylýar. 1997-nji ýylda Delftde «Kitaphana-ýerzemin» atlandyrylan täze bina gurulýar. Daş-töwerek bilen goşulyşyp gidýän baýryň ýüzünde görünmez ýaly edilip gurlan bu binanyň üçegi talyplaryň dynç almagy üçin hyzmat edýär. Gyşyna bolsa ýaşyl üçek talyplaryň sankili typýan ýerine öwrülýär. Bu kitaphananyň aýratynlygy diňe bir onuň bezeginde däldir. Onuň içinde uniwersitetiň çaphanasy, sahaplanýan bölüm we kitap dükany hem ýerleşýär. Kitaphananyň daşky görnüşi ýerasty gaçybatalgany şekillendirýär.

Taýýarlanan Maýa APBAÝEWA,

žurnalist.

  • 56
  • 14.01.2019