MAKALA

Söweşjeň ukyply galkynýan goşun, goraýar mukaddes Watanyň daşyn

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Söweşjeň ukyplylyk, öz hünäriňe ussatlyk, mertlik serhetçileriň mukaddes gulluklarynda üstünligiň girewidir» diýip belledi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ganatly jümlesi Watanymyzyň dost-doganlyk araçäginiň goragçylarynyň gulluklaryna jogapkärçiligini has-da artdyrdy. Çünki ýokary söweşjeň ukyba eýe bolmak, ele alan hünäriňi özleşdirip, käriň ussadyna öwrülmek, Watan goragynda mertlik görkezmek bizi üstünlige ýetirjek wajyp ýörelgelerdir. Şonuň üçin hem bu günki gün goşunda şahsy düzümiň arasynda söweşjeň häsiýetli türgenleşikler, okuw sapaklary hil taýdan döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu işler öz gezeginde oňyn netijesini hem berýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde söweşjeň taýýarlygyň derejesini ýokary götermek babatyndaky möhüm çäreler işjeň häsiýete eýe boldy. Ýagny, bu ýylda harby gullukçylar bilen söweşjeň tehnikalara erk etmek, gündizine we gijesine ok atmak, başa-baş söweş emellerini ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalaýyn okuw türgenleşikleridir okuw sapaklary geçirildi. Şeýle-de dost-doganlyk serhedimiziň goragçylary ýurdumyzy beýleki harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýurt möçberinde geçirilýän söweşjeň häsiýetli okuw türgenleşiklere hem işjeň gatnaşdylar we olarda Watany goramakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Bu günki gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň söweşjeň tehnikalara erk etmekde, uçary dolandyrmakda, nyşana ok atmakda görkezýän şahsy göreldesi ähli ýurt goragçylary üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tutuşlygyna watansöýüjilige ýugrulan gymmatly eserleri bolsa olaryň ýan kitaplaryna öwrüldi. Kitaplardaky geçmiş taryhymyzda pederlerimiziň Watany goramakdaky görkezen gahrymançylyklary hakynda berilýän baý maglumatlar her bir ýurt goragçysyna merdanalyk mekdebini — harby gullugyny geçmekde ugur görkeziji bolup durýar.

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň türgen serhetçileriniň arasynda geçirilen «E1 söweşiniň emeller toplumy» atly bäsleşik hem serhetçileriň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Bäsleşik güýçli, çalasyn, başarjaň, berk bedenli, gaýratly we gujurly türgen serhetçileri ýüze çykarmak, olaryň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşan türgen serkerdeler, borçnama boýunça harby gullukçylar hem-de esgerler toparlaýyn we ýekelikde söweş emellerinden görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Harby gullukçylaryň berk bedenliliginiň, söweşjeň ukyplylygynyň ussatlygyna özboluşly synag bolan bu bäsleşik «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda beden taýýarlygy boýunça ýeke-täk düzgünler» atly düzgünnama esasynda geçirildi. «E1 söweşiniň başlangyç emelleri», «E1 söweşiniň umumy emeller toplumy», «Ýörite emeller toplumy» bäsleşigiň şertleri boldy. El söweşiniň maşklary boýunça geçirilýän okuw sapaklar esasynda amallar ýaragly we ýaragsyz ýerine ýetirildi. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda dürli nyzam emellerini ýerine ýetirmek, gysga aralyga ylgamak, ýüzün ýatyp süýşeneklemek, nyşana pyçak zyňmak we başga-da birnäçe emellerden türgenlerimiz öz güýjüni synadylar.

Bu bäsleşik ezberleriň üstünligi bilen jemlendi. Bäsleşige adalatly baha beren eminler birinji orna podpolkownik Şamuhammet Meredowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň toparyny, ikinji orna podpolkownik Agajan Döwranowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň türgen serhetçilerinden düzülen topary, üçünji orna bolsa polkownik Jumageldi Begowyň ser­kerdelik edýän serhet birikmesiniň toparyny mynasyp gördüler. Şeýle-de maýor Maksat Garaýewiň, podpolkownik Aşyrmämmet Soltanowyň, podpolkownik Döwran Seýitnazarowyň serker­delik edýän serhet birikmeleriniň toparlaryna bolsa gowy çykyşlary üçin höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Ýaryşyň soňunda ýeňijilere berlen hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary olary ruhlandyrdy. Bäsleşige gatnaşan türgenler şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmeginiň özleriniň beden we söweşjeň taýýarlygyny has-da kämilleşdirmäge uly itergi berýändigini bellediler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýadawsyz tagallalary edýär. Harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, täze, döwrebap serhet birikmeleri, serhet galalary gurduryp berýär. Serhetçiler hakda bimöçber aladalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi mundan hem belent bolsun, durmuşa geçirýän işleri rowaçlyklara beslensin!

Merdan ANNASOPYÝEW.

 

  • 113
  • 15.01.2019