MAKALA

Şeýle bolsa, ylga!

Gadymy greklerde şeýle söz bar: «Eger güýçli bolasyň gelse — ylga, owadan bolasyň gelse — ylga, akylly bolasyň gelse — ylga». Bu aýtgyny isledigiňçe uzaltmak boljak: sagdyn bolasyň gelýärmi, erkli bolasyň gelýärmi, şähdaçyk bolasyň gelýärmi, nerwiňi rahat saklasyň gelýärmi, ýüregiň berkligini gazanmak isleýäňmi, ýaramaz endiklerden daşda bolasyň gelýärmi, agramyňy kadaly saklasyň gelýärmi, çydamly bolasyň gelýärmi, immunitetiňi berkidesiň gelýärmi... eger şeýle bolsa, ylga!

Süýji ukudan oýanyp, ýylyjak düşekdir ýumşajyk ýassygy ylgaw aýakgabyna çalyşmak birbada agyr düşmegi mümkin. Ukuda mahalyň ençeme kilometri geçmek hakda entek pikir etmegiň özi-de, belki, kyn düşer. Em­ma ilkinji ylgaw ädimlerini ädip başlamagyň özüniň ullakan ýeňişdigine göz ýetir we bedeniňe ylgamaga kömek et! Şu gün muny başarsaň, ertir bedeniň saňa ylgamaga kömek eder. Çünki ýekeje günki edilen ylgawyň bedeniň ýeňlemegine, işjeňligini ýokarlandyrmaga täsiri uludyr. Ruhy we maddy isleglerimizi kanagatlandyrmak üçin zähmet çekýäris. Em­ma ylgawyň bize berýän iň gymmat, bahasyna ýetip bolmajak peýdasy — saglyk. Özi-de munuň üçin çykdajy etmeli däl, ýa birine ýüz tutmaly däl, ykjam sport aýakgabydyr sport geýimi diýmeseň haýsydyr bir sport guralyny edinmegiň-de geregi ýok. Şu nukdaýnazardan hem ylgaw iň ygtybarly we elýeterli sport görnüşidir.

Daňdanky ylgawy amala aşyrmak üçin säher bilen, belki-de daňdanyň alagaraňkysynda turmak zerur. Muňa garamazdan, ylgamak üçin kemelýän birki sagat ukynyň hem uly bir ýitgi däldigini bellemek gerek. Çünki alymlaryň aýtmagyna görä, heniz daň atmanka süýji ukuda ýatandygymyza garamazdan, bedende oýanma hadysasy başlanýar. Mundan soňky ukynyň peýdasy bolsa ilkagşamky ukynyňkyça bolmaýandygy hem delillendirilendir. Sekiz sagat ukynyň zerurdygy barada aýdylýandygyna garamazdan, Napoleon kelläň ähli «penjirelerini» mäkäm ýapyp, üç sagat uklamagyň birahat, oýaly-ukuly alnan on sagat ukudan has peýdalydygyny aýdýar. Şu aýdylanlardan çen tutsak, daňdanky ukyny saglygymyza peýdaly bolan ylgawa çalşyrmak bilen ýitirýän zadymyz ýok. Onda-da kofe bilen gazanjak beýni işjeňligini ylgaw bilen iki esse gazanyp bolýarka.

Ylgawy amala aşyrmak üçin bel­li bir wagty saýlap oturmagyň hajaty ýok. Günüň islendik wagtynda hem onuň bilen meşgullanmak bolar. Uzakly güni işde geçirmek bilen gazanylan beýni ýadawlygynyň oňa hiç hili päsgelçilik bermeýändigini, gaýtam, beýni zähmeti netijesinde gazanylan nerw dartgynlygyny aradan aýyrmak üçin gijeki ylgawyň juda peýdalydygyny aýtmak gerek. Ol bedene asudalyk bermek bilen agşamky ukynyň hem rahat bolmagyna getirýär. Aýdylyşy ýaly: «Isleseň müňläp mümkinçilik, islemeseň bolsa şonça bahana bar».

Ylgaw mahalynda adam bedeniniň dofamin, endorfin ýaly rahatlandyryjy gormonlary öndürmegi ylgawyň ruhy saglyga ýetirýän oňaýly täsirini kepillendirýär. Dem alşa, gan aýlanyşa ýetirýän oňaýly täsiri bolsa ylgawyň ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygyna şaýatlyk edýär. Berilýän statistiki maglumatlara görä, ylgaw bilen meşgullanýanlarda ýürek-damar keselleri zerarly heläkçilige sezewar bolmak mümkinçiligi juda pesdir. Şeýle-de, bedendäki gerekmejek galyndylary işläp çykarmakda esasy agram böwreklere düşýär. Ylgaw bilen meşgullanmak bolsa bedendäki artykmaç galyndylary der arkaly çykarmak bilen böwrekleriň işini esli ýeňilleşdirýär. Madda çalşygynyň kadaly geçmegini hem kepillendirýär.

Beýleki sport görnüşlerinden ylga­wy aýyrsak, onda elektrik togy bilen hereket edýän enjamy elektrik togundan mahrum eden ýaly bolar. Futboly, woleýboly, basketboly, futzaly we başga-da ençeme görnüşleri ylgawsyz göz öňüne getirjek bolalyň! Ylgaw diňe bir sport görnüşi hökmünde däl, eýsem, saglygyň hem çeşmesidir.

Ir wagtlar bir adam lukmanyň ýanyna barypdyr-da, belli bir azar berýän ýeriniň ýokdugyny, emma özüniň ýarawsyzdygyny, ýadawlygyň, göwnüçökgünligiň, ysgynsyzlygyň aýrylyp gidibermeýändigini aýdypdyr. Özüni bejerip bermese ýaşaýşa höwesiniň gaçyp barýandygyny hem duýdurýar. Lukman onuň bu derdiniň çäresiniň bardygyny, emma bir ýagdaýda bejerip bilýändigini aýdypdyr. Ol hem keselli adamyň günde haýaljakdan ylgap başlamalydygyny, her gün geçýän aralygyny esli artdyrmagyny maslahat berýär. Şu aýdanlaryny edeninden soňra laýyk bir aýdan bejergä girişip boljakdygyny aýdýar. «Dertli» lukmanyň aýdyşy ýaly edýär. Ol günde säher bilen ylgap başlaýar. Gün geçdigiçe bolsa erk-ysgyna gelip, özüni gowy duýup başlandygyna göz ýetirýär. Netijede, bir aý geçeninden soňra lukmanyň ýanyna baryp oturmagyň zerurlygy bolmaýar. Çünki lukman eýýäm zerur «bejergini» amala aşyrypdy.

Ruhy dertleri dep etmekde esasy serişdäniň «aýagymyzyň astynda» durandygyny bilmegimiz gerek. Ylgaw çydamlylygyň, erkiň we ynamyň synagydyr diýsek ýalňyşmarys. Ýene bir zady unutmazlygymyz gerek, haçanda saglygymyzyň oňat, keýpimiziň gowy bolmagy bizi ylgaw meýdançasyna alyp barýar, emma saglygymyz ýaramaz, sussupes halda ylgaw meýdançasyna baryp bilsek, onda ylgawyň özi bizi saglyga we keýpiçaglyga alyp barar.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW,

Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

  • 71
  • 16.01.2019