MAKALA

Meşhur türgenleriň aýdanlaryndan

Sport hemişe täze mümkinçilikleri açýar.

Aleksandr Powetkin

Ýatan adama görýän düýşünden başga zat nesip etmez.

Serena Uilýams

Meýdança çykanymda meniň üçin garşymda kimiň durandygynyň parhy ýok. Men diňe öz oýnumy oýnasym gelýär. Islendik garşydaşyma hormat goýýaryn, ýöne şol bir wagtda meniň islegim – ýeňiş gazanmak.

Mariýa Şarapowa

Eger sen beýlekilerden gowy netije görkezmek isleseň, onda olaryň ýerine ýetirmek islemeýän zatlaryny etmäge taýyn bol.

Mark Felps

Zähmet çekmek islemeseň, ol seniň ýeňilmäge taýýardygyňy aňladýar.

Mark Spits

Öz sport durmuşymda 9 müň gezek töweregi säwlik goýberdim, 300-den gowrak oýunda utuldym. 26 gezek maňa jemleýji urgy ynanylsa-da, ýalňyşan ýerim gaty kän boldy. Utulyş yzyna utulyş, ýöne men hut şonuň üçin üstünlige eýe boldum.

Maýkl Jordan

Öz-özüňi ýeňip bilmek – sportuň iň uly gymmatlygydyr.

Olga Korbut

Köp adamlar meniň ukybymy tebigatyň peşgeşi diýip pikir edýärler, emma olar ýalňyşýar. Hemmeleriň tanaýan Useýn Bolty bolmak üçin men uzak wagtlap we irginsiz türgenleşmeli boldum.

Useýn Bolt

Ýeňişe näçe kynçylyk bilen ýeten bolsaň, oňa eýe bolandygyň üçin şonça-da bagtlysyň.

Pele

Gowy hokkeýçi şaýbanyň bar ýerinde, beýik hokkeýçi onuň boljak ýerinde oýnar.

Ueýn Greski

Her futbol duşuşygynda özümi göýä finalda ýaly duýup oýnaýaryn.

Lionel Messi

 

Taýýarlan Aýna TAŇRYBERDIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby.

  • 72
  • 17.01.2019